Karaleva_
26.08.2024 20:34
Anjelina Joli Tom Ford Beauty-nyň täze ýüzi boldy diýip, brendiň metbugat relizine salgylanyp, WWD habar berýär.
Ilkinji önüm Tom Ford Runway Lip Color dodak boýagy bolup, onuň kampaniýasyna 49 ýaşly aktrisa gatnaşdy. Bu önüm sentýabr aýynda satuwa çykarylar.
Tom Ford-yň baş müdiri Giýom Jeseliň aýtmagyna görä, Joliniň saýlanmagy onuň dünýä derejesinde tanalmagy we dürli nesiller üçin özüne çekijiligi bilen baglanyşykly.
Meşhur fotoduet Mert Alas bilen Markus Piggot tarapyndan düşürilen mahabat kampaniýasynda Joli "ajaýyp" diýip atlandyran Scarlet Rouge reňk öwüşginini görkezýär.
Täze Tom Ford Runway Lip Color hatary 18 sany reňk öwüşginini öz içine alar, şolardan 10-usy firma, 8-isi täze reňk. Şeýle-de, dodak üçin Runway Lip Pencils galamlary täzelener.
Sentýabr aýynda mahabat kampaniýasynyň täze suratlary, oktýabr aýynda bolsa Joliniň gatnaşmagynda doly derejeli mahabat wideosy çykar.
Bu Anjelina Joliniň kosmetika brendiniň ýüzi hökmünde ilkinji tejribesi däl. Ol 2006-2008-nji ýyllarda Shiseido-ny, 2017-nji ýylda Guerlain-i hödürledi, 2011-nji ýylda bolsa Louis Vuitton bilen 10 mln dollarlyk şertnama baglaşdy
Tmcars
15
81
Karaleva_
22.08.2024 23:59
Her ýyl geçirilýän iPhone Photography Awards (IPPAWARDS) bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşige iPhone smartfonlary bilen düşürilen suratlar gatnaşýar.

Şu ýyl Gran-prini okeanariumdaky bir oglanjygyň gara-ak suraty aldy. Suraty ABŞ-dan fotograf Erin Bruks iPhone 15 Pro Max-da düşürdi.
“Ýylyň fotosuratçysy” baş nominasiýasyndan başga-da, bäsleşik annotasiýa, haýwanlar, binagärlik, çagalar, şäher peýzažy, peýzaž, durmuş ýörelgesi, tebigat, adamlar, portret, seriallar, natýurmort, syýahat ýaly kategoriýalarda geçirildi.
Ähli kategoriýalarda ýeňijileriň işi iPhone Photography Awards saýtynda hödürlendi
Tmcars
15
27