Karaleva_
26.08.2024 20:34
Anjelina Joli Tom Ford Beauty-nyň täze ýüzi boldy diýip, brendiň metbugat relizine salgylanyp, WWD habar berýär.

Ilkinji önüm Tom Ford Runway Lip Color dodak boýagy bolup, onuň kampaniýasyna 49 ýaşly aktrisa gatnaşdy. Bu önüm sentýabr aýynda satuwa çykarylar.
Tom Ford-yň baş müdiri Giýom Jeseliň aýtmagyna görä, Joliniň saýlanmagy onuň dünýä derejesinde tanalmagy we dürli nesiller üçin özüne çekijiligi bilen baglanyşykly.
Meşhur fotoduet Mert Alas bilen Markus Piggot tarapyndan düşürilen mahabat kampaniýasynda Joli "ajaýyp" diýip atlandyran Scarlet Rouge reňk öwüşginini görkezýär.
Täze Tom Ford Runway Lip Color hatary 18 sany reňk öwüşginini öz içine alar, şolardan 10-usy firma, 8-isi täze reňk. Şeýle-de, dodak üçin Runway Lip Pencils galamlary täzelener.
Sentýabr aýynda mahabat kampaniýasynyň täze suratlary, oktýabr aýynda bolsa Joliniň gatnaşmagynda doly derejeli mahabat wideosy çykar.
Bu Anjelina Joliniň kosmetika brendiniň ýüzi hökmünde ilkinji tejribesi däl. Ol 2006-2008-nji ýyllarda Shiseido-ny, 2017-nji ýylda Guerlain-i hödürledi, 2011-nji ýylda bolsa Louis Vuitton bilen 10 mln dollarlyk şertnama baglaşdy

Tmcars
15
81
Tayler
27 Awgust 2024
@sazsoft, bardy, özem owadanja gyzdy
sazsoft
27 Awgust 2024
@Tayler, Ýadyma düşenok. Ýöne şu wagt postda suraty görüp, biygtyýar şol aýdym ýadyma düşdi 😐
Tayler
27 Awgust 2024
@sazsoft, "Gabanjaň" diýibem aýdymy bardymy şo bagşyň?
sazsoft
27 Awgust 2024
@Karaleva_, Aýbölek Mämmetgulyýewa öýdýän. Ady Aýbölek anyk, familiýasy ýadymda däl kän
sazsoft
26 Awgust 2024
«Item senden owadan, maýmynam senden mylaýym» ...
1089
26 Awgust 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.