Karaleva_
24.08.2024 18:09
Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasy Botswanadaky Karowe käninde 2492 karat agramly almaz tapdy. Bu soňky 120 ýylda tapylan iň uly we häzire çenli tapylan ikinji iň uly almaz diýip, Bloomberg habar berýär.

Bu almaz ululygy boýunça diňe Cullinan almazyndan (“Afrikanyň ýyldyzy” hökmünde hem belli) yza galýar. Onuň agramy 3106 karata deň. Almaz 1905-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Günorta Afrikadaky “Premýer” şahtasynda tapyldy we tapylmadyk örän uly oktaedr kristalyň bir bölegi bolmagy ahmal. Daş magdanyň eýesi Tomas Kullinanyň hormatyna atlandyryldy.
Karowe käni özüniň uly almazlary bilen bellidir. 2015-nji ýylda Lucara bu ýerde 1109 karat agramly Lesedi La Rona almazyny tapdy. Soň ol 53 mln dollara satyldy. Karowe şahtalarynda rekord 63 mln dollara satylan 813 karat agramly almaz hem tapyldy. Bu daşlaryň ikisi-de IIa görnüşe degişli – bu iň arassa almazlar.

Tmcars
14
117
Tayler
24 Awgust 2024
@diamond-y ýatlatdy
ideallider
24 Awgust 2024
@zumerret_, aha duýýan😄
ideallider
24 Awgust 2024
@garlawac, öwrenşikli. Ýokla hemmezat gowluk. Kowusnamada barmy, üçlikler: üç kişiden gaty görülmez, çagadan, hassadan we gyzdan. Şolsrbäpli, gyzlar göwnüme degipbiler öýdemok🙂 Tüweleme teswir ýazmagy hem uzaldypsyňyz. Indi hemmeýazýan teswirlerim sygýar.
ideallider
24 Awgust 2024
@zumerret_, başda adymy, nikimi ogurlanlar köp, nejislik edipbaşladymweli ýom-ýok boldylar. Bolmasa senem şeýt😄
maral
24 Awgust 2024
@ideallider, ýok menä tanamok, ýöne şu ýerde käte görýädim. Niki ýadymda galypdyr
ideallider
24 Awgust 2024
@maral, ýok nikine mynasypdy, gazajyk gyz bolmaly. Ýiti aňy, zehini bar. Ýöne tanyşy bolmasaň bolmasa, gowam bolsaň erbedem bolsaň ýüzüňi alýar.
ideallider
24 Awgust 2024
@garlawac, sorasak "Ýanym bilen äkidip bilmerin, äkidemdede peýdasy ýok, ýöne neslime goýaryn" jogaplary. Soň biz "Müň nesile geçip ahyrzaman gelende, iň soňky nesliň kime goýar" diýsek jogaplary ýok. Düşünýän, ýöne başgada meňkiýaly pikirli barmyka diýip gyzyklanyp soradym👍
maral
24 Awgust 2024
@ideallider, onýaly gymmat nik goýsañ ogurlarlara🤭
ideallider
24 Awgust 2024
@maral, soňam şoň nikini ogurlanlar🙁
maral
24 Awgust 2024
@Karaleva_, hawa, daşyndan tanaýadym menä :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.