Google kompaniýasy neýroulgam tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen Gmail-iň funksionalynyň giňelendigini mälim etdi. Bu barada PhoneArena habar berýär.
Polish diýlip atlandyrylan täze funksiýada ulanyjylar öz elektron hatlarynyň hilini ýokarlandyryp bilerler. Ol hem web-wersiýada, hem ykjam Android we iOS gurluşlarynda elýeterlidir.
Polish funksiýasy üç stilistik mümkinçiligi öz içine alýar: Formalize, Elaborate we Shorten. Olar teksti dürli formatlarda döretmäge kömek edýär. Bu funksiýany ulanmak üçin hatyň garalamasyny açyp, “Maňa ýazmaga kömek et” nyşanjygyny saýlamak ýeterlik.
Häzirki wagtda täzelik Gemini Business we Enterprise, Gemini Education we Education Premium goşundylary bolan Google Workspace-iň eýelerine, şeýle-de Google One AI Premium ulanyjylaryna elýeterlidir.
Polish funksiýasy öňünden gurnalan görnüşde işjeňleşdirilen bolup, ony öçürmek mümkin däl.
Çesme.tmcars