Ýer togalagynyň iň garry ýaşaýjysy diýlip ykrar edilen Mariýa Branýas Morera Ispaniýada 117 ýaşynda aradan çykdy. Moreranyň maşgalasy onuň ýogalandygyny X sosial ulgamynda habar berdi diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.
Ol ömrüniň soňky 20 ýylyny garrylar öýünde ýaşamak bilen, ukudaka aradan çykdy.
“Wagty geldi. Aglamaň, men gözýaşy halamok. Öňi bilen aýtjak zadym, meniň üçin gyýylmaň " – diýip, ol özmeziniň öň ýany sargady.
Morera 1907-nji ýylyň 4-nji martynda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde dünýä indi, ýöne 1915-nji ýylda maşgalasy bilen Kataloniýa göçdi we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşady. Ol uzak ömründe ispan dümewiniň epidemiýasyny we Ispaniýadaky raýat urşuny gördi. 1976-njy ýylda Mariýa Branýas dul galyp, çagalaryndan birini hem ýitirdi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýynda uzak ýaşly zenan Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň garry adamy hökmünde girizildi. Ondan öň rekord eýesi 118 ýaşynda aradan çykan fransuz monah zenany Lýusil Randondy.
Morera ýogalandan soň, Ýer ýüzündäki iň garry adam tituly şu ýyl 116 ýaşyny dolduran ýapon zenany Tomiko Itooka berildi.
Tmcars