Karaleva_
24.05.2024 08:05
Beýik Britaniýanyň 74 ýaşly patyşasy Karl III-niň baýlygy 12,7 mln dollar artyp, 774 mln dollardan (610 mln funt sterling) gowrak boldy. Bu barada “The Sunday Times-yň” 2024-nji ýyl üçin ýurduň iň baý adamlarynyň sanawyna salgylanyp, RBK ýazýar. Häzir britaniýaly monarh Birleşen Korollykda baýlygy boýunça 258-nji orny eýeleýär.  

“The Times-yň” 2022-nji ýyldaky sanawyna görä, Ýelizaweta II-niň baýlygy şol ýylyň sentýabr aýynda aradan çykmazdan öň 468 mln funt sterlinge barabardy. Patyşanyň baýlygy onuň merhum ejesi şa aýaly Ýelizaweta II-niň kapitalyndan heniz 2023-nji ýylda geçdi. Patyşanyň iň gymmatly aktiwleri onuň mülkleri, Sandringem köşgi we Balmoral galasydyr. 
Şeýle-de, Karl III Ýelizaweta II aradan çykandan soň, takmynan, 151 mln dollar bahaly maýa goýum portfelini miras aldy. Patyşa Karl we şa maşgalasy her ýyl ýurduň hökümeti tarapyndan tölenýän we şa maşgalasynyň çykdajylaryny maliýeleşdirmäge kömek edýän “özygtyýarly granty” hem alýarlar.
“Times” patyşa Karlyň umumy baýlygyny asyrlaryň dowamynda alan gymmat bahaly zatlarynyň, sungat eserleriniň kolleksiýalarynyň we sowgatlaryň bahalarynyň näbelliligi sebäpli bahalandyrmagyň kyndygyny belleýär.
38
84
Karaleva_
24.05.2024 00:17
Apple Hytaýda iPhone, iPad, Apple Watch we beýleki önümleriniň görlüp-eşidilmedik baha arzanlaşygyny habar berdi. Arzanlaşyk 320 dollara ýetýär, bu kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky taryhynda iň uly arzanlaşygydyr, diýip IXBT ýazýar.

Analitikler bu ädimi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda iPhone satuwynyň ýyllyk hasabynyň 7% azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Netijede, iberilýän harytlaryň  göwrümi boýunça Apple birinji orundan dördünji orna düşýär.
iPhone 15 we iPhone 15 Plus-yň başlangyç bahasy 200 dollar arzanladyldy, iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max modelleriniň bahasy bolsa, 260 dollardan 320 dollara çenli arzanladyldy. Bahalaryň arzanlamagy Apple Watch Series 9, iPad, MacBook Air, AirPods we beýleki önümlere-de täsir etdi.
Hünärmenler, bu çäräniň wagtlaýyndygyny we Apple-iň Hytaý bazaryndaky uzak möhletli meselelerini çözüp bilmejekdigini bellediler. Kompaniýa ýitgini yzyna gaýtarmak üçin generatiw AI (emeli aň) pudagyndaky bäsdeşleriniň yzyndan ýetmelidir.
Arzanlaşyk Hytaýda her ýyl 1-nji iýundan 18-nji iýuna çenli geçirilýän 618 Shopping Festival söwda festiwalyna gabat getirildi.
39
40
Karaleva_
23.05.2024 06:01
Prodýuser Jerri Brukhaimer “Karib deňziniň garakçylary” filminiň äleminde iki täze filmiň işini tassyklady.



Entertainment Weekly bilen bolan interwýusynda, ol birinji taslamanyň franşizanyň rebuty (täzeden açylyşy) boljakdygyny aýtdy. Ssenarini “Ölüler erteki gürrüň bermeýär” (“Мертвецы не рассказывают сказки”) bölüminiň sýužetiniň üstünde işlän Jeff Natanson ýazýar.
Ikinji film, Margo Robbiniň studiýasynyň üstünde işleýän spin-offy (şahasy) bolar. Ssenariý, “Ýyrtyjy guşlar” (“Хищные птицы”) işi bilen tanalýan Kristina Hodson tarapyndan ýazylar.
"Iki filmiň hem teatrlara çykjakdygyna we Disney-iň Margo bilen film düşürmek isleýändigini inkär etmejekdigine umyt edýäris"-diýip prodýuser goşdy.
Ozal aktrisa, “Karib deňziniň garakçylarynyň” üstünde işlemek barada gürrüň edýärdi, ýöne soň taslama doňdurylypdy. Sýužet, zenan keşplerine gönükdirilmelidi, ýöne Robbiniň aýtmagyna görä, Disney bu pikiri goldamady.
Täze filmleriň sýužetleri we Jonni Deppiň Jek Worobeýiň roluna gaýdyp geljegi we gelmejegi barada entek hiç zat belli däl.
Öň Brukhaimer Entertainment Tonight bilen gürrüňinde, kapitan Jek Worobeýiň gaýdyp gelmek meselesini Jonni Depp bilen ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu mesele Deppiň diňe özüne bagly bolsa, ol franşiza gaýdyp gelerdi. Munuň kime baglydygyny prodýuser takyklamady.
44
113
Karaleva_
23.05.2024 00:11
Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin ulanyjynyň kompýuterdäki ähli hereketlerini yzarlamaga we ýazga almaga mümkinçilik berýän täze Recall funksiýasyny hödürledi. Bu barada 3Dnews habar berýär.

Recall kompýuteri “fotografiki ýatly” gurluşa öwrüp, ulanyjynyň eýýäm işleşen maglumatlaryny, faýllaryny we mazmunlaryny çalt tapmaga mümkinçilik berýär.
Funksiýa adam üçin mahsus bolan özboluşly assosiasiýany we gatnaşyklary döretmek üçin ulanyjynyň soraglaryna tebigy dilde düşünmäge mümkinçilik berýän emeli aňdan peýdalanýar.
Recall diňe neýron prosessor (NPU) bilen enjamlaşdyrylan öndürijilikli prosessora esaslanýan döwrebap kompýuterlerde işleýär. Şeýle-de, onuň işlemegi üçin 50 GB boş ýer bilen azyndan 250 GB göwrümli SSD gerek. 256 Gbaýt diskli kompýuterde Recall-yň maglumatlary ýazmagy üçin başdan 25 Gbaýt bölünip berler, bu hem maglumatlary üç aýyň dowamynda saklamaga mümkinçilik berer. Ulanyjy kompýuteriň sazlamalarynda maglumatlary saklamak üçin elýeterli ýeriň göwrümini giňeldip biler. Berlen ýer dolan ýagdaýynda köne maglumatlar awtomatiki usulda bozular.
Microsoft Recall tarapyndan indekslenen maglumatlaryň gizlin boljakdygyna we gurluşda ýerli derejede saklanjakdygyna wada berýär. Ulanyjy indeksirlemegi togtadyp, maglumatlary bozup ýa-da funksiýany doly öçürip biler.
41
57
Karaleva_
22.05.2024 23:57
Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek “Kaýros” romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada abraýly baýragyň resmi web sahypasynda yglan edildi diýip, The Guardian ýazýar.

Erpenbek bu baýragy alan germaniýaly ilkinji ýazyjy boldy. Ýazyjy 50 müň funt sterling baýragy eseriň terjimeçisi Maýkl Hofman bilen paýlaşar.
“Kaýros” kitabynda wakalar GDR-iň synmagynyň we Berlin diwarynyň ýykylmagynyň fonunda bolup geçýär. Bu roman alty kitapdan ybarat gysga sanawynyň içinden saýlandy we erkinlik, wepalylyk, söýgi, hökmürowanlyk ýaly temalaryň üstünde geçýän çylşyrymly gözlegler üçin ýokary baha mynasyp boldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy Londondaky Teýt Häzirkizaman galereýasynda geçirildi we oňa Italiýanyň Valentino modalar öýi hemaýatkärlik etdi.
2023-nji ýylda bolgar kyssaçysy we şahyry Georgiý Gospodinow “Wagt gaçybatalgasy” (“Времеубежище”) romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp bolupdy. Kitapda hilegär Gaustin tarapyndan döredilen klinika hakda gürrüň berilýär. Onuň her gatynda mebelleriň, eşikleriň, hoşboý yslaryň we döwrüň beýleki nyşanlarynyň kömegi bilen kesgitli bir onýyllygyň duýgulary döredilýär.
42
45
Karaleva_
22.05.2024 19:58
Badyna goşular bat.
Aylar doğar alnynda.
Telpegini göğe at .
Kakaň bolsa ýanynda.


Söyle sözün yagsysyn.
Diygin konul nagsysyn.
Dinlet soyyan bagşysyn.
Kakaň bolsa ýanynda


Dur dökülsün dilinden.
Alkys algyn ilinden.
Ogsap goygun elinden.
Kakaň bolsa ýanynda



Akjagul Allaberdiyewa .
41
40
Karaleva_
22.05.2024 11:14
Dýuk uniwersitetinde (ABŞ) AIW sanjymynyň prototipi işlenip düzüldi we adamlarda geçirilen deslapky synaglarda geljegi uly netijeleri görkezdi. Cell žurnalynda neşir edilen makalada beýan edilen bu derman eýýäm birnäçe hepdäniň içinde AIW-e garşy antibedenleriň öndürilmegini stimulirläp biler.

Sanjym wirusyň gabygynyň, hatda mutasiýa wagtynda hem üýtgemän galýan bölegini nyşana alýar. Bu sanjymlara jogap hökmünde öndürilen antibedenlere AIW-iň dürli ştammlaryny netijeli zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Kliniki synagyň birinji tapgyryna 20 sany sagdyn, AIW görkezijisi otrisatel bolan meýletinçi gatnaşdy. 15 adam sanjymyň meýilleşdirilen dört dozasynyň ikisini, 5 adam bolsa üç dozany aldy.
Netijeler, iki inýeksiýadan soň dessine, sanjymyň immuniteti 95-100% ýokarlandyrandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, täsiri giň spektrli antibedenler öndürildi we immun öýjükleri bolsa yzygiderli üýtgeýän wirusa uýgunlaşmaga mümkinçilik berýän mundan beýläk-de ösmek ukybyny saklady.

"Waksinamyz birnäçe hepdäniň içinde zyýansyzlandyryjy antibedenleri öndürýär" - diýip, gözlegiň awtory, hirurgiýa kafedrasynyň dosenti Wilton Uilýams aýtdy.

Gözlegçiler has ygtybarly sanjym döretmek we wirus gabygynyň has köp sebitini öz içine almak üçin gözlegleri mundan beýlek-de dowam etmegiň zerurdygyny bellediler. Üstünlikli AIW sanjymy birnäçe bölekden ybarat bolup, olaryň hersi wirusyň bir bölegini nyşana alar diýlip garaşylýar.
36
66
Karaleva_
22.05.2024 06:38
Bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolan Salwador wulkanlarynyň ýaşyl energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Üç ýylyň dowamynda ýurt 474 bitkoin gazandy, bu bolsa 31,8 million dollara barabardyr diýip, Interesting Engineering-e salgylanýan “Haýtek” ýazýar.

Bitkoin gazanmak üçin Tekapa stratowulkanyndaky geotermal elektrik stansiýasynyň öndürýän 102 MWt-yndan 1,5 MWt-y ulanylýar. Energiýa kriptowalýuta gazanmak üçin döredilen 300 prosessory işledýär.
Hökümetiň 2021-nji ýylda bitkoini kanunlaşdyrmak baraky kararyna garaýyşlaryň dürli-dürli bolandygyny bellemelidiris. HPG ýurduň ykdysadyýetine bolup biljek töwekgelçilikler barada alada bildirdi we daşky gurşawy goraýjylar, bitkoini gazanmak we amallary goldamak parnik gazlarynyň ep-esli zyňylmagyna sebäp bolýan energiýa islegiň aşa artjakdygyny bellediler. Geotermal energiýanyň ulanylmagy Salwadoryň bu howatyrlanmalara beren jogaby ýaly bolup görünýär.
Gyzykly tarapy, bu ýurt ýaşaýjylaryň kriptowalýuta gazanjak şäheri bolan Bitkoin-Citi-ni gurmagy meýilleşdirýär. Salwadoryň 20 stratowulkany täze şäherçäni zerur energiýa bilen ýeterlik üpjün edip biler.
37
43
Karaleva_
21.05.2024 21:58
Fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe haýyr-sahawat auksionynda (bäsleşikli söwda) ady rowaýata öwrülen braziliýaly futbolçy Peläniň portretini satyn aldy. Ol kartina üçin 520 müň ýewro töledi diýip, RMC Sport habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, Mbappe auksion öýüne "PSŽ-den" topardaşy bilen barypdyr. Portretiň başlangyç bahasy bary-ýogy 5 müň ýewro bolupdyr, emma söwdalaşygyň barşynda alty sany gatnaşyjynyň arasynda söwda barha gyzypdyr.
Portretiň bahasy 300 müň ýewro baranda, söwdalaşykda diňe Mbappe bilen "PSŽ-niň" goragçysy Aşraf Hakimi galypdyr. Netijede Mbappe topardaşyndan has ýokary bahany hödürläp, 520 müň ýewro kartinany satyn alypdyr.
Umuman, auksionyň barşynda jemi 2,7 mln ýewro toplanypdyr.
40
90
Karaleva_
21.05.2024 18:36
Apple kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon boljak täze iPhone-ny çykarmaga taýynlanýar. iPhone 17 Slim diýlip atlandyrylýan bu modeliň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 17 bilen birlikde hödürlenmegine garaşylýar diýip, habarly çeşmelere salgylanýan The Information neşiri ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýa, iPhone 14 Plus-yň we 15 Plus-yň satuwynyň pesdigi bilen baglanyşykly iPhone-yň Plus wersiýasyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. Modellere, hatda iPhone 12 mini-den we 13 mini-den hem az isleg bildirildi.
Çeşmeleriň çaklamaklaryna görä, täze iPhone 17 Slim, iPad Pro M4-de ulanylýana meňzeş täze OLED ekrany alar. Bu bolsa onuň bahasynyň başlangyç nyrhy 1200 dollar bolan Pro Max modelinden hem has ýokary bolmagyna getirer.
Maglumatlara görä, iPhone 17 setiri aşakdaky modellerden ybarat bolar:

iPhone 17

iPhone 17 Pro

iPhone 17 Pro Max

iPhone 17 Slim (adynyň üýtgedilmegi mümkin)

Şeýle hem, Apple -iň 2025-nji ýylyň ýazynda iPhone SE býujet smartfonyny hödürlemegi meýilleşdirýändigi bellendi. Smartfonyň dizaýnynyň esasy iPhone 14-e meňzeş bolmagyna garaşylýar.
39
46