Beýik Britaniýanyň 74 ýaşly patyşasy Karl III-niň baýlygy 12,7 mln dollar artyp, 774 mln dollardan (610 mln funt sterling) gowrak boldy. Bu barada “The Sunday Times-yň” 2024-nji ýyl üçin ýurduň iň baý adamlarynyň sanawyna salgylanyp, RBK ýazýar. Häzir britaniýaly monarh Birleşen Korollykda baýlygy boýunça 258-nji orny eýeleýär.
“The Times-yň” 2022-nji ýyldaky sanawyna görä, Ýelizaweta II-niň baýlygy şol ýylyň sentýabr aýynda aradan çykmazdan öň 468 mln funt sterlinge barabardy. Patyşanyň baýlygy onuň merhum ejesi şa aýaly Ýelizaweta II-niň kapitalyndan heniz 2023-nji ýylda geçdi. Patyşanyň iň gymmatly aktiwleri onuň mülkleri, Sandringem köşgi we Balmoral galasydyr.
Şeýle-de, Karl III Ýelizaweta II aradan çykandan soň, takmynan, 151 mln dollar bahaly maýa goýum portfelini miras aldy. Patyşa Karl we şa maşgalasy her ýyl ýurduň hökümeti tarapyndan tölenýän we şa maşgalasynyň çykdajylaryny maliýeleşdirmäge kömek edýän “özygtyýarly granty” hem alýarlar.
“Times” patyşa Karlyň umumy baýlygyny asyrlaryň dowamynda alan gymmat bahaly zatlarynyň, sungat eserleriniň kolleksiýalarynyň we sowgatlaryň bahalarynyň näbelliligi sebäpli bahalandyrmagyň kyndygyny belleýär.