Bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolan Salwador wulkanlarynyň ýaşyl energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Üç ýylyň dowamynda ýurt 474 bitkoin gazandy, bu bolsa 31,8 million dollara barabardyr diýip, Interesting Engineering-e salgylanýan “Haýtek” ýazýar.
Bitkoin gazanmak üçin Tekapa stratowulkanyndaky geotermal elektrik stansiýasynyň öndürýän 102 MWt-yndan 1,5 MWt-y ulanylýar. Energiýa kriptowalýuta gazanmak üçin döredilen 300 prosessory işledýär.
Hökümetiň 2021-nji ýylda bitkoini kanunlaşdyrmak baraky kararyna garaýyşlaryň dürli-dürli bolandygyny bellemelidiris. HPG ýurduň ykdysadyýetine bolup biljek töwekgelçilikler barada alada bildirdi we daşky gurşawy goraýjylar, bitkoini gazanmak we amallary goldamak parnik gazlarynyň ep-esli zyňylmagyna sebäp bolýan energiýa islegiň aşa artjakdygyny bellediler. Geotermal energiýanyň ulanylmagy Salwadoryň bu howatyrlanmalara beren jogaby ýaly bolup görünýär.
Gyzykly tarapy, bu ýurt ýaşaýjylaryň kriptowalýuta gazanjak şäheri bolan Bitkoin-Citi-ni gurmagy meýilleşdirýär. Salwadoryň 20 stratowulkany täze şäherçäni zerur energiýa bilen ýeterlik üpjün edip biler.