Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin ulanyjynyň kompýuterdäki ähli hereketlerini yzarlamaga we ýazga almaga mümkinçilik berýän täze Recall funksiýasyny hödürledi. Bu barada 3Dnews habar berýär.
Recall kompýuteri “fotografiki ýatly” gurluşa öwrüp, ulanyjynyň eýýäm işleşen maglumatlaryny, faýllaryny we mazmunlaryny çalt tapmaga mümkinçilik berýär.
Funksiýa adam üçin mahsus bolan özboluşly assosiasiýany we gatnaşyklary döretmek üçin ulanyjynyň soraglaryna tebigy dilde düşünmäge mümkinçilik berýän emeli aňdan peýdalanýar.
Recall diňe neýron prosessor (NPU) bilen enjamlaşdyrylan öndürijilikli prosessora esaslanýan döwrebap kompýuterlerde işleýär. Şeýle-de, onuň işlemegi üçin 50 GB boş ýer bilen azyndan 250 GB göwrümli SSD gerek. 256 Gbaýt diskli kompýuterde Recall-yň maglumatlary ýazmagy üçin başdan 25 Gbaýt bölünip berler, bu hem maglumatlary üç aýyň dowamynda saklamaga mümkinçilik berer. Ulanyjy kompýuteriň sazlamalarynda maglumatlary saklamak üçin elýeterli ýeriň göwrümini giňeldip biler. Berlen ýer dolan ýagdaýynda köne maglumatlar awtomatiki usulda bozular.
Microsoft Recall tarapyndan indekslenen maglumatlaryň gizlin boljakdygyna we gurluşda ýerli derejede saklanjakdygyna wada berýär. Ulanyjy indeksirlemegi togtadyp, maglumatlary bozup ýa-da funksiýany doly öçürip biler.