Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek “Kaýros” romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada abraýly baýragyň resmi web sahypasynda yglan edildi diýip, The Guardian ýazýar.
Erpenbek bu baýragy alan germaniýaly ilkinji ýazyjy boldy. Ýazyjy 50 müň funt sterling baýragy eseriň terjimeçisi Maýkl Hofman bilen paýlaşar.
“Kaýros” kitabynda wakalar GDR-iň synmagynyň we Berlin diwarynyň ýykylmagynyň fonunda bolup geçýär. Bu roman alty kitapdan ybarat gysga sanawynyň içinden saýlandy we erkinlik, wepalylyk, söýgi, hökmürowanlyk ýaly temalaryň üstünde geçýän çylşyrymly gözlegler üçin ýokary baha mynasyp boldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy Londondaky Teýt Häzirkizaman galereýasynda geçirildi we oňa Italiýanyň Valentino modalar öýi hemaýatkärlik etdi.
2023-nji ýylda bolgar kyssaçysy we şahyry Georgiý Gospodinow “Wagt gaçybatalgasy” (“Времеубежище”) romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp bolupdy. Kitapda hilegär Gaustin tarapyndan döredilen klinika hakda gürrüň berilýär. Onuň her gatynda mebelleriň, eşikleriň, hoşboý yslaryň we döwrüň beýleki nyşanlarynyň kömegi bilen kesgitli bir onýyllygyň duýgulary döredilýär.