Karaleva_
24.05.2024 16:22
Apple-iň iPad Pro reklamasy sosial medianyň üns merkezine öwrüldi. Kupertinoly kompaniýanyň dürli döredijilik gurallaryny press bilen döwýän wideosy diňe bir sungat adamlarynyň tankytlaryny çekmän, eýsem bäsdeş kompaniýalaryň degsinmegine sebäp boldy. Ozal Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy, indi bolsa Hytaý Xiaomi-si öz wideo wersiýasyny çykardy diýip, IXBT ýazýar.
Xiaomi-niň täze reklamasynda press ilki şol bir predmetlere gönükdirilýär, ýöne olary ýok etmegiň ýerine saklanýar we ekranda “Ci” we “Vi” harplarynyň yşyklanmagy bilen “Cinematic Vision” ýazgysy peýda bolýar.
Şeýlelikde, Xiaomi diňe bir Apple reklamasyndan öňe geçmek bilen çäklenmän, ýakyn wagtda Xiaomi 14 Civi smartfonynyň çykjakdygyny mälim etdi.
Täze önümiň, Hytaýyň daşynda çykaryljak Civi lineýkasynyň ilkinji modeli bolmagyna, garaşylýar. Smartfon 1.5K durulykdaky 6.55 dýuýmlyk AMOLED displeýi we 120 Gs täzeleniş tizligi, Snapdragon 8s Gen 3, 50 megapikselli esasy kamera we 67 Wt zarýady goldaýan 4700 mA/s akkumulýator kuwwatlylygy bilen üpjün ediler.
37
38