5-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň iň meşhur opera kompozitorlaryndan biri bolan Jakomo Puççinniniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.
Konsert programmasy Puççinniniň “Toska”, “Madam Batterflaý” we “Turandot” ýaly meşhur opera eserlerini öz içine alýar. Tomaşaçylar italiýaly tenor Matteo Lippi, türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetiriljek Puççinniniň opera dünýäsi bilen tanşarlar.
Çäre Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalyp, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
Konserte giriş mugt. Wagty: 19:00.
Matteo Lippi Toti dal Monte (Trewizo, 2013) adyndaky halkara wokal bäsleşiginiň ýeňijisi. Ol Mario del Monako (Trewizo) adyndaky Komunale we Pergolezi (Jezi) we Akwila (Fermo) adyndaky Komunale teatrlarynda çykyş edipdir. Wenesiýadaky “La Feniçe”, Neapoldaky San Karlo, Norwegiýanyň milli operasy (Oslo), Niderland milli operasy (Amsterdam), Patyşalyk Daniýa operasy (Kopengagen) teatrlarynda we Moskwanyň Uly teatrynda solist hökmünde çykyş edipdir.