Arizonadan (ABŞ) Howe Industries kompaniýasy impulsly plazma raketasyny döretmegiň üstünde işleýär. NASA-da aýtmaklaryna görä, ol Marsa uçuş wagtyny iki aýa çenli gysgaldyp biler.
Täze tehnologiýa aşa gysylan ýadro ýangyjyna esaslanýar we 5000 sekunt udel impulsly 100 000 Nýuton öndürmäge ukyply, bu häzirki zaman raketa hereketlendirijilerinden 10 esse ýokarydygyny aňladýar.
Marsdan başga-da, şeýle raketa, meselem, asteroidleriň guşagyna barmak ýaly, beýleki kosmos missiýalarynda hem ulanylyp bilner. Mundan başga-da, täze tehnologiýa kosmiki radiasiýadan goragly has agyr ýyldyzara uçýan kosmiki apparatlar üçin amatlydyr.
Häzirki wagtda NASA we SpaceX adamlary hem-de ýükleri Aýa we Marsa tygşytly daşamak üçin täze kosmos gämisini taslamagyň üstünde işleýärler. Hususan-da, Ilon Maskyň kompaniýasy planetalarara uçuşlar üçin niýetlenen, aşa agyr kosmos gämisi bolan Starship-iň uçuş synaglaryny geçirýär.