Karaleva_
27.05.2024 00:06
Golliwudly ýaş aktýor Timoti Şalameniň mumdan heýkeli hanym Týusso muzeýiniň kolleksiýasynyň üstüni ýetirer. Heýkel 22-nji maýda hödürlendi.

Şalameniň mumdan ýasalan heýkeline 2021-nji ýylyň “Dýuna” filminiň Londondaky premýerasyndan Alexander McQueen-iň kostýumy geýdirilen. Bu moda öýüniň aýakgapy obrazyň üstüni ýetirýär – egin-eşigi aktýoryň özi üpjün etdi.
Heýkeliň döredilmegine dokuz aý sarp edildi, hudožnikler onuň çekgeleriniň we gür, buýra saçynyň jikme-jik işlenmegine aýratyn üns berdiler.

“Timoti Şalame – hereketine syn etmek ýakymly bolan örän zehinli aktýor. Ýöne ony mumda ebedileşdirmek diňe şunuň bilen baglanyşykly däl. Biz ol Z nesli üçin meşhurlygyň täze ýüzüni janlandyrýar diýip hasaplaýarys. Şalame 2024-nji ýylda Golliwudyň öňdebaryjy erkek adamynyň nähili bolmalydygy baradaky stereotiplere çagyryş edýär” – diýip, Londonda hanym Týusso studiýasynyň ýolbaşçysy Jo Kinsi aýtdy.
23
123
olia
27 May 2024
Shalameny gowy goryanemde Golliwudyn onde baryjy erkek adamy sho bolsa onda yene 10-15 yyldan Golliwudda erkek galarmyka😅
stella_🖤
27 May 2024
Gutly bolsyn derejäň🥳🥳🥳
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
kellan agyryany çyn bolsa derman iyip goraymeli ekeniñ .😒
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
@Karaleva_, yone sorag jogap alyşmak erbet zatmy didim bilsemem soramak ayyp zatmy ya mn beren soragmy ozine kicilik bilen bolyanmy.
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
eyyy men sana sorag berdim heykeltaraşlyk barada name erbet zat sorapdyrynmy ozum bilyen dp sorag berip bolmayamy düsünjañ nahilai.
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
mn ozim bilyan yone size sorag berdim bilermikaniz dp
PILOT👮‍♂️✈🛩
27 May 2024
ilkinji gezek heykeltaraşlyk we nakgaşlyk haysy yurtlarda dorap başlapdyr?
Tayler
27 May 2024
@Karaleva_, kökejik dereje gutlyş
senorita
27 May 2024
@Karaleva_, Gutlaýan 👏🏻 indiki derejelerede ýetmek nesip etsin 🌷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.