Türkmenistanda Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bu resminamanyň esasy wezipeleri ýurdumyzda kosmos pudagy babatynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etmekden we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, “TürkmenÄlem520E” Milli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ösdürmek üçin hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmegi dowam etmelidigini aýdyp, döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy