Karaleva_
01.06.2024 17:08
Jon Lennonyň we Jorj Harrisonyň “Help!” we “Rubber Soul” (ikisi hem 1965) albomlaryny ýazanlarynda oýnan akustiki gitarasy Julien’s Auctions auksionynda 2,85 million dollara satyldy.

Lennonyň 12 kirişli Framus Hootenanny gitarasy Beatles-iň iň gymmat saz guralyna we auksionda satylan iň gymmat bäşinji gitara öwrüldi. Telefon arkaly auksiona gatnaşan alyjy adynyň aýdylmazlygyny isledi.
Germaniýanyň “Framus” kompaniýasy tarapyndan 1960-njy ýyllaryň başynda ýasalan gitara The Beatles-iň “It Is Only Love”, “I Have Just Seen a Face”, “Girl” aýdymlarynda we “Help!” filminde peýda boldy.
Julien’s Auctions auksionynyň müdiri Darren Julian gitarany "hakyky hazyna" diýip atlandyrdy we ony "Rembrandt ýa-da Pikassonyň ýitiren eserine" deňedi. Onuň aýtmagyna görä, bu gural tapylmazdan we auksiona çykarylmazdan ozal Beýik Britaniýadaky bir jaýyň üçeginde takmynan 50 ýyl ýatypdyr.
Bu gitara Lennona The Beatles bilen hyzmatdaşlyk eden Piter & Gordon pop-duetiniň agzasy Gordon Uoller tarapyndan berildi. Gitaranyň asyl gaby hem tapyldy we Julianyň aýtmagyna görä, ol "tas zibile taşlanypdy".
Gitaranyň hakykylygyny The Beatles taryhçylary Endy Babýuk we Denny Bennet tassykladylar.

Tmcars
23
73
Karaleva_
01.06.2024 11:25
Parižde Eýfel diňi üçin giriş petekleriniň bahasy 17-nji iýundan 20% ýokarlanar. Bu abatlaýyş işleri üçin çykdajylar we syýahatçylyk akymynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, CNN Travel habar berýär. 

“Syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan Eýfel diňi abatlaýyş işleri üçin çykdajylaryň we koronawirus pandemiýasy hem-de onuň esasynda gelýän myhmanlaryň sanynyň azalmagy sebäpli maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak üçin 17-nji iýundan petekleriň bahasyny 20% ýokarlandyrýar” – diýip, neşir ýazýar.

Şeýlelikde, ulular üçin liftde diňiň ýokarsyna gezelençli petegiň bahasy öňki 29,4 ýewronyň deregine 35,3 ýewro bolar. 12 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar üçin şol bir petek 17,7 ýewro, 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 8,9 ýewro bolar.
Giriş tölegleriniň ýokarlanmagy Eýfel diňiniň abatlaýyş işleri, aýratynam, desgany boýamak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga kömek eder. Reňk çalma işiniň 2027-nji ýyla çenli dowam etmegine garaşylýar, şeýle-de liftleri abatlamak işleri-de meýilleşdirilýär, bu bolsa wagtal-wagtal olaryň ýapylmagyna getirer.
Sociéte d'Exploitation de la Tour Eiffel (SETE) kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Eýfel diňine bir ýyl ozalky tas 6,2 million adam bilen deňeşdirilende, 1,6 milliondan az adam baryp gördi. 2021-nji ýylda görmäge gelen myhmanlaryň sany 2,1 milliondan az boldy.
Kompaniýa gelim-gidimiň az bolan ýyllarynda ekspluatasiýa çykdajylarynyň desganyň umumy dolanyşygyndan, takmynan, üç esse ýokary bolandygyny belleýär.
17
40
Karaleva_
31.05.2024 21:31
Disneý studiýasy “Moana 2” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy. Hekaýanyň dowamynda gorkusyz şa gyzy Moana (Aulii Krawalo) Polineziýa adalaryna täze syýahata çykar.

Treýlerde reňkli peýzažlar, hereketli sahnalar we Dueýn Jonsonyň ýene bir gezek ses beren ýarymhudaýy Maui ýaly söýgüli gahrymanlaryň gaýdyp gelşi görkezilýär.
Sýužete görä, Moana ata-babalaryndan täze başdan geçirmeleriň başlangyjy boljak syrly habary alar.
“Moana 2” multfilminiň premýerasy 2024-nji ýylyň 27-nji noýabryna meýilleşdirilýär.
Animasion lentadan başga-da, Disneý Dueýn Jonsonyň baş keşbi janlandyran ilkinji “Moananyň” remeýkiniň üstünde işleýär.
2016-njy ýylyň asyl nusgasynyň 480 million dollar gazanyp, iki Oskara dalaşgär bolandygyny bellemelidiris.
15
35
Karaleva_
31.05.2024 10:42
Apple Hytaýda smartfonlaryna we beýleki önümlerine görlüp-eşidilmedik arzanladyş yglan edenden soň, iPhone satuwynyň rekord ösüşini hasaba aldy. Soňky maglumatlara görä, Hytaýda iPhone satuwy 52% ýokarlandy diýip, IXBT ýazýar.

Hytaý Apple üçin möhüm bazarlaryň biri hasaplanýar, ýöne soňky döwürde kompaniýanyň smartfonlaryna bolan isleg pese gaçyp başlady. Apple satuwy işjeňleşdirmek maksady bilen iPhone 15 hatarynyň modelleri üçin bahalary 320 dollara çenli arzanlatmaly boldy.
Bahalar arzanladylandan soň geçirilen gözleg Apple-iň hytaýly smartfon alyjylaryň arasynda ýene halanýan brende öwrülendigini görkezdi. Olaryň köpüsi indiki smartfonlaryna 800 dollardan gowrak pul harçlamaga taýýar, şol bir wagtyň özünde häzirki günde Hytaýda ulanyjylaryň diňe 33%-inde premium gurluşlar bar.
Apple kompaniýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda täze iPhone 16 hataryny hödürlemegine garaşylýar. Ýöne kompaniýa hytaý öndürijileri, aýratynam, Mate 70 hataryny hödürlemäge taýýarlanýan Huawei tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar.

TMCARS
21
70
Karaleva_
31.05.2024 06:58
Ýaponiýanyň SLIM Aý moduly Aýda dördünji gijäni geçirip bilmän, işlemegini bes etdi. Bu barada Ýaponiýanyň aerokosmos agentligi (JAXA) X sosial ulgamynda habar berdi.

Aý gijesiniň pes temperatura şertlerinde işlemek üçin niýetlenmedik modul mundan öň üç Aý döwrüni geçirip, işe ukyplylygyny saklamagy başardy. Şol döwürler Aýyň üstüniň temperaturasy -170 gradusa çenli peselýär. Ýöne 27-nji maýda, haçan-da enjam aragatnaşyga çykmaly bolanda, bu başa barmady.
SLIM 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aýa gondy, ýöne hereketlendirijiniň döwülmegi sebäpli şowsuz düşdi, bu hem onuň Gün energiýasy bilen işlemek wagtyny çäklendirdi.
Kynçylyklara garamazdan, modul özüniň esasy wezipesini ýerine ýetirdi – ýokary takyklyk bilen (maksatdan 55 metr uzaklykda) bellenilen sebitde gonuşy amala aşyrdy, bu bolsa tehnologiýanyň Aýyň günorta polýusynyň çäginde mundan beýläkki missiýalar üçin geljeginiň bardygyny görkez

tmcars
18
36
Karaleva_
30.05.2024 07:28
Mançester Sitiniň" öňki futbolçysy Wensan Kompani "Bawariýanyň" täze baş tälimçisi boldy. Bu barada nemes klubunyň Metbugat gullugy habar berýär.

Belgiýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýyl 30-njy iýunyna çenli niýetlenildi.
Geçen möwsümde "Bawariýa" öňki tälimçisi Tomas Tuheliň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň çempionatynda üçünji ýerde galdy, Çempionlar ligasynda ýarym finalda utuldy.
38 ýaşly Kompani Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medal aldy. 2008-2019-njy ýyllarda "Mançester Siti" bilen dört gezek Angliýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.
2022-nji ýylyň tomsundan bäri, Kompani "Bernli" klubuna tälimçilik edýärdi. Şu möwsümiň jemleri boýunça klub iň soňkudan öňki ýeri eýeläp, APL-den gaýtdy.
17
31
Karaleva_
29.05.2024 18:07
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda abraýly Globe Soccer Awards futbol baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi we onda 2023/24-möwsüminiň jemi boýunça Ýewropanyň iň gowy oýunçylary, tälimçileri we klublary sylaglandy.

Şeýlelikde, Ýewropada iň gowy oýunçy “Pari Sen-Žermeniň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe boldy. Ol geçen möwsüm 48 oýunda 44 gol geçirip we 10 netijeli geçirim edip, Fransiýada “PSŽ-ä” trebl gazanmaga kömek etdi.
Ýewropada iň gowy tälimçi Habi Alonso boldy. Onuň ýolbaşçylygynda Lewerkuzeniň “Baýeri” ýekeje ýeňlişe-de sezewar bolman, taryhda ilkinji gezek Bundesligada ýeňiji boldy. Şeýle-de, topar Germaniýanyň Kubogyny gazandy we Ýewropa ligasynyň finalyna çykyp, bu ýerde Italiýanyň “Atalantasyndan” 3:0 hasabynda utuldy.
Şonuň netijesinde “Atalanta” topary Globe Soccer Awards-da möwsümiň açyşy diýlip ykrar edildi.
Ýewropanyň iň gowy kluby “Mançester Siti” boldy, topar 2023/24-möwsüminde yzygider dördünji gezek Angliýanyň çempiony boldy we Angliýanyň Kubogynyň finalyna çykdy.
Ýewropanyň iň gowy zenan kluby Kataloniýanyň “Barselonasy” boldy. Topar häzirki möwsümde dört ýaryşda ýeňiji boldy: Çempionlar ligasy, Ispaniýanyň çempionaty, Kubogy we Super kubogy.
“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 16 ýaşly oýunçysy Lamin Ýamal Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy diýlip ykrar edildi.
20
29
Karaleva_
29.05.2024 06:34
Awstraliýanyň iň uly şäheri bolan Sidneýde Vivid Sydney (“Ýagty Sidneý”) atly yşyk, aýdym-saz we pikirler festiwaly açyldy. Bu çäre her ýyl maý aýynyň ahyrynda geçirilýär diýip, The Sydney Morning Herald habar berýär.



 

Festiwal şäheri yşyk bilen çekilen kartinalaryň kendirine öwürýän döredijiligiň we innowasiýalaryň baýramy diýlip atlandyrylýar.
Binalara, köprülere we gämi duralgasynyň suw giňişliklerine gönükdirilen animasiýa yşyk enjamlary gülleriň, haýwanlaryň, erteki gahrymanlarynyň täsin şekillerini  we ýönekeý adamlaryň durmuşyndan ajaýyp “kartinalary” döredýär. Artistler, jadygöýler we köçe naharynyň aşpezleri açyk meýdanlarda we ýörite sahnalarda çykyş edýärler.

 



 

Şäheriň esasy özüne çekiji ýeri - portuň ugrunda ýerleşýän Sidneý opera teatry hereket edýän sungat eserine öwrülýär.
Festiwalyň esasy wakalarynyň biri meşhur suratkeşleriň tagallasy bilen haýran galdyryjy hyýaly dünýä öwrülýän Sidneýiň Şa botanika bagynda hem ýaýbaňlanar.
Bu ýylky Vivid Sydney festiwaly 17-nji iýuna çenli, ýagny üç hepde dowam eder.


Tmcars
17
31
Karaleva_
28.05.2024 08:40
Çikagonyň eteginde “Ýeke özi öýde” filminiň sýužetine görä Kewin Makkallisteriň maşgalasynyň ýaşan jaýy satuwa çykaryldy. Meýdany 848 inedördül metr bolan iki gatly jaý üçin 5,25 million dollar soraýarlar diýip, The Wall Street Journal neşiri Zillow gozgalmaýan emläk satuwynyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.



Jaý 1921-nji ýylda gurlupdyr we şol döwrüň dowamynda onuň eýesi dört gezek çalyşdy. 2012-nji ýylda jaý 2,1 million dollara satyn alnypdyr.
Binanyň içinde bäş sany ýatylýan otag, alty sany hammam, sport zaly, kinoteatr, oýun otagy we beýleki otaglar bar.
Film düşürilenden soň, jaý düýpli üýtgedildi. Muňa garamazdan, filmiň esasy basgançagy ýaly tomaşaçylara tanyş elementler saklanyp galypdyr.
Hut şu öýde Täze ýyl komediýasynyň köp sahnasy surata düşürildi, ýöne agaç jaýy ýaly käbir bezegler film üçin ýörite gurlupdy. Filmde binanyň diňe käbir otaglary görkezilýär. Kinorežissýorlar, esasan, esasy basgançagy we birnäçe içki otaglary ulanypdyrlar. Täze ýyl atmosferasyny döretmek üçin diwarlar diwar kagyzy bilen örtülip, soň bolsa aýrylypdyr.
“Ýeke özi öýdäniň” esasy sahnalary, Nortfilddäki New Trier West orta mekdebiniň sport zalynda gurlan ses sahnasynda surata düşürild
26
166
Karaleva_
27.05.2024 23:11
Hytaýyň Döwlet Internet-maglumat kanselýariýasy (CAC) Chat Xi PT atly täze uly dil modelini hödürledi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň işleri we çykyşlary esasynda tälim berlen diýip, döwlet kanselýariýasynyň resmi makalasyna salgylanýan Financial Times habar berýär.

Chat Xi PT soraglara jogap berip, hasabatlary döredip, maglumatlary jemläp we hytaý dilinden iňlis diline terjime edip bilýär.
Işläp düzüjiler: "Korpusyň tejribesi we abraýy döredilen mazmunyň ussatlygyny kepillendirýär" – diýip mälim etdiler.
Häzirki wagtda bu model CAC-da gözleg maksatlary üçin ulanylýar, ýöne geljekde ony ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlemek meýilleşdirilýär.
Xi PT PT-iň döredilmegi Hytaýyň Amerikanyň OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-i ösdürmegine beren jogabydyr diýip, çeşme belleýär.
2023-nji ýylyň dekabrynda Hytaýyň kiberhowpsuzlyk birleşigi 100 million resminamadan ybarat ilkinji jemgyýetçilik maglumatlar bazasyny açdy. Onuň AI-ni taýýarlamakda döredijiler tarapyndan ulanylýandygy habar berildi. Maglumatlar bazasyna, esasan, hökümet resminamalary we döwlet habar beriş serişdeleriniň neşirleri girdi.
16
44