Hytaýyň Döwlet Internet-maglumat kanselýariýasy (CAC) Chat Xi PT atly täze uly dil modelini hödürledi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň işleri we çykyşlary esasynda tälim berlen diýip, döwlet kanselýariýasynyň resmi makalasyna salgylanýan Financial Times habar berýär.
Chat Xi PT soraglara jogap berip, hasabatlary döredip, maglumatlary jemläp we hytaý dilinden iňlis diline terjime edip bilýär.
Işläp düzüjiler: "Korpusyň tejribesi we abraýy döredilen mazmunyň ussatlygyny kepillendirýär" – diýip mälim etdiler.
Häzirki wagtda bu model CAC-da gözleg maksatlary üçin ulanylýar, ýöne geljekde ony ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlemek meýilleşdirilýär.
Xi PT PT-iň döredilmegi Hytaýyň Amerikanyň OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-i ösdürmegine beren jogabydyr diýip, çeşme belleýär.
2023-nji ýylyň dekabrynda Hytaýyň kiberhowpsuzlyk birleşigi 100 million resminamadan ybarat ilkinji jemgyýetçilik maglumatlar bazasyny açdy. Onuň AI-ni taýýarlamakda döredijiler tarapyndan ulanylýandygy habar berildi. Maglumatlar bazasyna, esasan, hökümet resminamalary we döwlet habar beriş serişdeleriniň neşirleri girdi.