Karaleva_
01.06.2024 11:25
Parižde Eýfel diňi üçin giriş petekleriniň bahasy 17-nji iýundan 20% ýokarlanar. Bu abatlaýyş işleri üçin çykdajylar we syýahatçylyk akymynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, CNN Travel habar berýär. 

“Syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan Eýfel diňi abatlaýyş işleri üçin çykdajylaryň we koronawirus pandemiýasy hem-de onuň esasynda gelýän myhmanlaryň sanynyň azalmagy sebäpli maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak üçin 17-nji iýundan petekleriň bahasyny 20% ýokarlandyrýar” – diýip, neşir ýazýar.

Şeýlelikde, ulular üçin liftde diňiň ýokarsyna gezelençli petegiň bahasy öňki 29,4 ýewronyň deregine 35,3 ýewro bolar. 12 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar üçin şol bir petek 17,7 ýewro, 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 8,9 ýewro bolar.
Giriş tölegleriniň ýokarlanmagy Eýfel diňiniň abatlaýyş işleri, aýratynam, desgany boýamak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga kömek eder. Reňk çalma işiniň 2027-nji ýyla çenli dowam etmegine garaşylýar, şeýle-de liftleri abatlamak işleri-de meýilleşdirilýär, bu bolsa wagtal-wagtal olaryň ýapylmagyna getirer.
Sociéte d'Exploitation de la Tour Eiffel (SETE) kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Eýfel diňine bir ýyl ozalky tas 6,2 million adam bilen deňeşdirilende, 1,6 milliondan az adam baryp gördi. 2021-nji ýylda görmäge gelen myhmanlaryň sany 2,1 milliondan az boldy.
Kompaniýa gelim-gidimiň az bolan ýyllarynda ekspluatasiýa çykdajylarynyň desganyň umumy dolanyşygyndan, takmynan, üç esse ýokary bolandygyny belleýär.
17
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.