Awstraliýanyň iň uly şäheri bolan Sidneýde Vivid Sydney (“Ýagty Sidneý”) atly yşyk, aýdym-saz we pikirler festiwaly açyldy. Bu çäre her ýyl maý aýynyň ahyrynda geçirilýär diýip, The Sydney Morning Herald habar berýär.

Festiwal şäheri yşyk bilen çekilen kartinalaryň kendirine öwürýän döredijiligiň we innowasiýalaryň baýramy diýlip atlandyrylýar.
Binalara, köprülere we gämi duralgasynyň suw giňişliklerine gönükdirilen animasiýa yşyk enjamlary gülleriň, haýwanlaryň, erteki gahrymanlarynyň täsin şekillerini we ýönekeý adamlaryň durmuşyndan ajaýyp “kartinalary” döredýär. Artistler, jadygöýler we köçe naharynyň aşpezleri açyk meýdanlarda we ýörite sahnalarda çykyş edýärler.

Şäheriň esasy özüne çekiji ýeri - portuň ugrunda ýerleşýän Sidneý opera teatry hereket edýän sungat eserine öwrülýär.
Festiwalyň esasy wakalarynyň biri meşhur suratkeşleriň tagallasy bilen haýran galdyryjy hyýaly dünýä öwrülýän Sidneýiň Şa botanika bagynda hem ýaýbaňlanar.
Bu ýylky Vivid Sydney festiwaly 17-nji iýuna çenli, ýagny üç hepde dowam eder.

Tmcars