Apple Hytaýda smartfonlaryna we beýleki önümlerine görlüp-eşidilmedik arzanladyş yglan edenden soň, iPhone satuwynyň rekord ösüşini hasaba aldy. Soňky maglumatlara görä, Hytaýda iPhone satuwy 52% ýokarlandy diýip, IXBT ýazýar.
Hytaý Apple üçin möhüm bazarlaryň biri hasaplanýar, ýöne soňky döwürde kompaniýanyň smartfonlaryna bolan isleg pese gaçyp başlady. Apple satuwy işjeňleşdirmek maksady bilen iPhone 15 hatarynyň modelleri üçin bahalary 320 dollara çenli arzanlatmaly boldy.
Bahalar arzanladylandan soň geçirilen gözleg Apple-iň hytaýly smartfon alyjylaryň arasynda ýene halanýan brende öwrülendigini görkezdi. Olaryň köpüsi indiki smartfonlaryna 800 dollardan gowrak pul harçlamaga taýýar, şol bir wagtyň özünde häzirki günde Hytaýda ulanyjylaryň diňe 33%-inde premium gurluşlar bar.
Apple kompaniýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda täze iPhone 16 hataryny hödürlemegine garaşylýar. Ýöne kompaniýa hytaý öndürijileri, aýratynam, Mate 70 hataryny hödürlemäge taýýarlanýan Huawei tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar.
TMCARS