Islam_Atayew
19.08.2024 19:10
Adamy - durmuş, şahsyýeti taryh terbiýeleýär.

***

Edebiň başy-da öz-özuň öňünde edepli bolmakdyr.

***

Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur.

***

Edep-bergidir. Ahlaklylyk beglikdir.

***

Owüt däl, görelde bilen terbiýele!

***

Edep ýok ýerinde adamyda gözläp oturmañ.

***

Perzendiň terbiýesini öz terbiýäñden başla!

***

Edep ýok ýerinde ylym hem bolmaz.

***

Ylmyň netijesi terbiýedir.

***

Mirasyň ýagşysy edepdir.


Ashgabat.Innovative.
18
47
Islam_Atayew
19.08.2024 09:54
Öýden çykmankak satyn almak isleýän zatlarymyzyň sanawyny taýýarlamak bazardaky işimizi has aňsatlaşdyrýar. Käte gyssanyp, sanaw ýazmazdan ýa-da ýazan sanawymyzy ýatdan çykaryp gaýtsak, nämeleri almalydygymyz barada köp pikirlenýäris. Öýden gaýtmankak gerek zat- laryň ählisini bilýän hem bolsak, söwda edip başlanymyzda köpüsi ýadymyza düşmeýär. Şeýlelikde, öýe gelenimizde "wiý" diýenimizi duýman galýarys. Eýsem, bu ýagdaý näme bilen baglyka?!

Ýatkeşlik. Almaly zatlaryň esasylarynyň adynyň ýatda saklanyp, beýlekileriniň ýatdan çykmagy, ilki bilen, ýadyň işjeňligi bilen baglydyr. Käbir adam birnäçe zady ýadynda saklap bilýän bolsa, käbir adam bir, iki zatdan artykmajyny ýadyna düşürip bilmeýär. Göz ähli zady görýär, emma görüş duýgusy içinden iñ gereklilerini beýnä ýetirýär. Başgaça aýdylanda, gören zatlarymyz gysga möhletli (wagtlaýyn) ýa:da geçýär. Adatça köp adam bir gezekde diñe 7 sany zady ýatda saklap bilýär. Şol sebäpli hojalyk üçin zerur bolan serişdeleriň sanawyny düzmek ähli adam üçin iñ gowy çykalgadyr.

Köp zadyň bolmagy. Bazardyr marketlerde köp harydyň bolmagy, ýagny gözüň köp zada düşmegi almakçy bolýan harydymyzyň ýatdan çykmagyna sebäp bolýar. Görüş arkaly kabul edilen maglumatlar wagt taýdan 15-30 sekunt ýatda saklanýar. Täze zatlary görmek arkaly beýlekiler dura-bara ýatdan çykýar.

Ünsüň sowulmagy. Käte pikirdir aladalar bilen, käte bolsa bazardaky ýa-da söwda merkezindäki haýsydyr bir zada ünsüň çekilmegi bilen almaly zatlarymyz ýatdan çykýar. Üns islendik maglumatyň ýatda uzak ýa-da gysga wagtlap saklanmagyna öz täsirini ýetirýär. Sanaw ýazylanda gerek bolan ilkinji zatlaryň atlary ünsli ýazylýar. Şol sebäpli sanawyň başyndaky gerekli harytlaryň ady ýatda uzak wagtlap saklanýar. Gerekli ownuk-uşak zatlara kän bir üns berilmeýändigi üçin derrew ýatdan çykýar.

Ýatdan çykarmazlyk üçin näme etmeli?

Söwda etmäge iki gezek gidip-gelmezlik üçin ýa-da gerek bolan ownuk-uşak zat sebäpli ýoldan yzyňa gaýtmazlyk üçin öýden çykmankań sanaw düzmeli. Gerekli zatlary telefonyň belligine hem ýazyp bilersiniz. Käbir adam ýanynda kagyz götermegi ýa-da telefona seredip söwda etmegi halamaýar. Şeýle ýagdaýda gerekli zatlaryň adyny ýatda saklap, birnäçe gezek gaýtalamaly ýa-da ýadyňa düşer ýaly haýsydyr bir zat bilen baglanyşdyrmaly. Onda näme, söwdaňyz oñuna bolsun! Ýatdan çykan zat ýokdur-da, hernä!


Zaman.Turkmenistan.
18
61
Islam_Atayew
19.08.2024 00:19
Ýylgyrmak üçin sizi ýylgyrtjak zatlaryñ bolmagyna garaşmañ, belki-de ýylgyrman ölip gidersiñiz.

- Viktor Hugo
25
126
Islam_Atayew
18.08.2024 11:31
Deñiz balykçylarynyň tutan balyklaryny iýmeýändikleri ençeme ýyl bäri belli. Olar uzak wagtlap deñizde bolýarlar, emma balyk iýmeýärler. Eýsem, deñiz balykçylarynyň arasynda tutan balyklaryny iýmek gadaganmy ýa-da munuň başga sebäpleri barmy? Geliň, olaryň bu syryny öwreneliñ!

Gadymy döwürlerde deñiz balykçylaryñ ýanynda alyp gaýdan iýmitini we naharyny zaýalaman saklamak üçin şertiň ýokdugy sebäpli, olar guradylan çörek we gök önümler bilen naharlanypdyrlar. Deňizde kyn şertlere duçar bolýan balykçylar balyk iýip bilerdiler, ýöne muny hiç haçan etmändirler. «Güýçli tupanda tolkunlar gämini urup, suw syçramagyň netijesinde ähli zat isribe çykardy. Biziň iň ygtybarly iýmitimiz kaka- dylan duzly çörek. Mata haltada duran bu çörek 3-4 aýlap zaýalanmaýar. Suwa basyp gury çörek iýmek iň lezzetlisi» diýip, balykçylar deňizdäki durmuşyny gürrüň berýärler.

Geografik açyşlar döwründe italýan deňizçisi Antonio Pigafetta öz ýatlamalarynda gäminiň kapitanynyň tutulan balyklary iýmeýändigini ýazýar. Pigafetta munuň näme üçin beýledigini öwrenip: «Olar diñe tanaýan balyklaryny seýrek ýagdaýda iýýärler. Sebäbi zäherlenmekden gorkýarlar diýip belleýär.

Elbetde, deñiz balykçylarynyň arasynda irki ýyllarda balyk iýmegiň netijesinde birnäçe betbagtçylykly ýagdaýlar bolandan soň, balyk iýmezlik däbi tutuş dünýä ýaýraýar. Üstesine gaýykda ýa-da gämide balyk bişirmek üçin şert hem ýok.

Balykda zäher barmy?
Deñiz balyklarynyň käbiriniň bedeninde örän az mukdarda zäher saklanýar. Bu zäher balyk ulaldygyça köpelip, tutuş bedenine ýaýraýar. Zäherli balyk näçe bişirilse-de, zäheri ýok bolmaýar. Şol sebäpli deňiz balykçylary tutan balyklaryny lýmekden saklanýarlar. Ispan balykçylary zäherli balygy tapawutlandyrmak üçin tutan balygyna kümüş teññe dakyp görýärler. Eger teňňäniň reňki üýtgese, balyk zäherli hasaplanyp, gaýtadan deňize goýberilýär. Beýleki balykçylar bolsa, tutan balyklaryna siňekdir mör-möjekleriň gelýän- digi ýa-da gelmeýändigi bilen zäherli balygy tapawutlandyrýarlar.


Zaman.Turkmenistan.
19
103
Islam_Atayew
18.08.2024 00:31
Eje. Bu söz megerem dünýäde ynsanyň iñ ýüregine ýakyn sözleriñ biri bolsa gerek, diñe söz däl, eýsem onuñ özi, biziñ ýüregimiziñ iñ wepaly we ygtybarly hossary, daşymyzyň sarmaz galasy, başymyzyň täji...

Çagakam hemişe ejem ýanymda bolansoñ, durmuş diñe ejem bilen bilelikde soňky nokada çenli dowam eder öýtýärdim, emma durmuş beýle rehimli däl eken, birnäçe sepgitler hem-de wagtyñ geçmegi bilen ejeler bilen çagalaryň hoşlaşmaly ýerleri bolýar, howwa howwa hoşlaşmaly... Misli guşjagazlaryň höwürtgeden uçup gidişi kimin. Kimsi okuwa, kimsi watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne garaz ýetginjek ýaşdan geçiberseň öñlerde goýlan maksatlara görä öýimiz, maşgalamaz bilen hoşlaşmaly bolýas.

Watan önündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne gitmezimden ozal, has dogrusy gitmeli wagtym golaýlanda, ejem wagtal-wagtal maña "Oglum hökman yzyňdan bararyn!" diýerdi. Men bolsa "Eje men gulluk diýip öýden çykyp gidemsoñ, gelmegiñ derkary ýok, öz başymy özim çararn, men çaga däl ahyry" diýip jogap bererdim. Ol aýdan sözlerim daşyndan göräýmäge batyrgaý äheñde çykanam bolsa, içimdäki Sensiz günler çala añymda aýlanyp, kiçijek gorkular maña elini bulaýardy. Islendik batyr, mert, ýigit içindäki ol duýgulary töweregindäkilerden gizlesede, özinden gizläp bilmezdi.

Ýadyña düşýämi eje! Sen hemişe meniň ýokary okuw jaýynda okamagmy arzuw edýärdiñ! Giriş synaglarymy üstinlikli tamamlap, okuwa girendigmi ilkinji bolup saña buşladym, tolgunmakdan ýaña saña üç sany söz aýdyp bildim: "Eje men geçdim". Ol sözlerden soñ meniñ damagym dolupdy. Bu pursaty başdan geçirmek, megerem islendik ene-atany buýsandyrsa gerek... Şol wagt, ýokary okuw jaýyna girenimede begendim welin, seni buýsandyryp bilenime has begenipdim.

Ejejan käşgä sen hiç garramasadyň. Hemme kişi meni ýazgarsada, sen meniñ arkmada durjagyñy bilýän eje! Seniñ maña düşinşiñ ýaly hat-da özime özimem düşinemok.

Arada şeýle bir ýagdaýa gabat geldim, ýagny Ejesini kakasyny ýaşlykdan ýitiren orta ýaşly adamyň gürriñini diñledim, ol gürrüñ "ahy nalady". Ol gözini bir nokada dikip şeýle diýýärdi:" Görýän welin  gynansakda soňky döwir ejeleriň gadyry gaçypdyr, ejesine gaýtargy berýän, sanaşyp dikleşýän biçak köpelipdir. Ýagty jahana indiren, seniñ biýinjalyk bolan wagtyň ýatman gijelerni dik aýakda geçiren... (bu sözlerden soñ ol ulydan demini aldy). Men ejemi diñe suratda görýän, ýüregim daryksa içim içime sygman ähli zatdan ýadan wagtym onuñ nurana keşbinden men özime kemal tapýan, eger-de Allatagalla maña ýekeje minut ejem bilen duşuşmanga mümkinçlik bersedi, onuñ gyzgyn gujagyna girip, mylaýym ellerinden tutsadym, men bu dünýäden müñde bir razy bolardym, goý şol ýekeje minut üçin meniň mal-mülkim ähli barym hat-da şirin janym gurban bolsun..."
Men şondan soñ dünýäde iñ beýik söýginiň ene bilen öz perzendiniñ söýgisidigne hasam berk göz ýetirdim...

Ejeñiz bar wagty söýiñ  hormatlañ! Oña söýýän diýmekden gorkmañ! Hut häzirden başlañ! Hiç bir zat hemişelik däl!
21
76
Islam_Atayew
17.08.2024 07:22
Yşgyñ dälihanasynda,
Ýan bermedik bir telbe men
Ýerinde dursun ýüregim,
Owal amanat, elleme!.

Çapyp barýan bedew ýaly,
Çapyp barýar bu ömrümem,
Nerme-näzik bu göwnümiñ,
Tapyp bilemok göwnünem.

Soltany men akmaklaryñ,
Asyllylañ ýesiri men,
Ýeri dörjeläp tapmadym,
Asmanda ýok nesibimem.

Sen gowsy gonma gursagma,
Gonsañ ganatyñ tüýdüler,
Içigara däl men düşün,
Kalbyma kömür guýdylar.

Diýme „kesir, özdiýenli",
Çepim-sagym oñuşanok,
Senem janygyp oturma,
Çyn söýenler gowuşanok...


© Baýram BEJIDOW
18
34
Islam_Atayew
17.08.2024 00:18
1. -Meniñ pikirimçe, zehinliligiñi özi hem bir keselmikä öýdýän! - diýip, bir ýazyjy öwinip dostuna gürrüň beripdir.
Dosty:
- Gamlanma dost, sen tut ýaly sagdyn ahyry!

2. -Aýalyñ bilen düýnki eden dawwañyzyñ soñy näme bilen gutardy?
- Aýalym öñümde dyza çöküp, süýndi.
- Be? Ol onsoñ saña näme diýip ýalbardy.
- Betbagtyñ çagasy, züwwetdinligiñi etme-de, tiz krowatyň aşagyndan çyk! - diýdi.

3.Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
"Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup on sekiz ýyllap biderejik horlanypsyň. Bu ýerde, goşunda, olaryň baryny ikije günde
öwredýän ekenler".

4.Goňşy, bazarlapsyň-la?
- Aý, şlýapa aljak bolýan welin, göwnüme ýaraýany ýok.
- Kelläňe ýaraýanyny alaýarlar.

5. -Meniň aýalym diýseň adamkärçilikli...
- Şeýledir-le, ýogsa, seň bilen bir günem ýaşaşmazdy.

6.Aýaly:
Ýogsa-da, sen öz edarañ aýallaryna näme sowgat etdiñ?
Edarañ başlygy:
Günorta naharyndan bir sagat öñ öýe
gaýtdym!

7.Aýaly iýip-içip oturan adamsyndan soraýar:
Ýeri, nähili, naharym göwnüñe ýaradymy?
- Ezizim, şu gün beri sögüşmän oturaýaly-da?

8.Mugallym:
Sen näme, tolgunýaň, Amanow? Meniň
berjek sowallarymdan çekinýäňmi?
- Ýok-la, mugallym, öz berjek jogaplarymdan gorkýan.

9.Köpden bäri görüşmedik iki dost duşuşýar.
- Ýeri, siziň ol joşgunly söýgiňize näme
boldy?
- Barysy kül boldy.
- Aýra düşdüňizmi?
- Ýok-la, durmuş gurduk.

10. Mugallym:
-Hany aýt, Berdiýew dünýäde näçe sany materik bar?!
Iñ yzda oturan Berdiýew:
-Mugallym, bärik hiç zat eşdilenok!
-Hany göreýin, gel sen öñe çykda gürle!
-Mugallym, dükanmyza bergiñizi haçan bermekçi, kakam hem günde soraýar!
- Bäh, hakykatdanam hiç zat eşdilenok eken.


Internet maglumatlary esasynda toplanyldy.
36
212
Islam_Atayew
16.08.2024 14:02
Çüýrän agaçlardan ýasalan öýlerde ýaşayan garyp halkyň açlykdan has erbet derdi bar, daş-töwerek dürli kesellerden doly, ýöne derde derman ýasajak lukman ýok. "Garaňky döwürler" diýip atlandyrylýan orta asyr Ýewropasyny beýle ýagdaýda ilkinji gezek görýärin. Mundan öñ Ýewropany diñe Golliwudyň kameralaryndan görüp bolýardy we her künjegi şatlykdan doly we abadançylykdy.

Orta mekdepde taryh sapagyndan öwrenen Ýewropam Golliwudyň suratlandyrýan Ýewropasyndan düýpli tapawutlanýardy. Şol sebäpli "Orta asyrlar Ýewropasy" diýlende hyýalymda gowy ýa erbet ýer janlanmalymy, bilmeýärdim. "Lukman" kinosyny görensoň bikararlygym ýuwaş-ýuwaş ýitip başlady. Ýewropa barada pikir döredi taryh kitaplary çynyny, Golliwud kameralary bolsa ýalan aýdýardy.

Kinonyň baş gahrymany Rob rolunda oýnayan Tom Peýn. Rob aýratyn zehine eýe bolan iňlis oglan. Içi keseller bilen gurşalan Angliýada tejribeli doktor bolmansoň ejesini ýitirdi. Şol sebäplem ökde doktor bolup ejesiniñ ölümine sebäp bolan keselden ar almagy ýüregine düwdi. Döwür geçip döwran dolanyp Rob ýigide çykýar. Angliýa göçüp baran ýewreýlerden gündogarda Ibn Sina atly ökde doktor hakda eşidýär we şol bada Lukman Hekimiń medresesinde bilim almak üçin Yspyhana tarap ýola çykýar. Gelýär, öwrenýär eýtýär, beýdýär bu zatlary kinoda özüñizem görersiniz. Gürrüň etmek isleýän zatlarym bular däl.

Kürte geýen Emma Rigbiniň (2-nji surat) suratyny sosial mediada görensiñiz. Ol "Lukman" kinosynda Rebekka atly şotland gyzyny janlandyrýar. Kürte bilen şotlandyň näme baglanşygy bar diýmegiñiz mümkin, bu soragy özüme-de berdim. Ýöne bilmek başartmady. Belki-de Yspyhana tarap gidyän Rebekka Konstantinopol ýa-da Şam şäherinden kürtäni satyn alandyr? Sebäbi Şotlandiýadan Eýrana gidýän kerwen şol şäherleriñ üstünden geçýär.

Wakanyň bolup geçen döwürlerinde türkmenler entek Ýakyn Gündogar sebitine aralaşmandy, şol sebäpli Rebekka kürtäni Şarndan ýa şoňa meñzeş ýerden satyn alyp bilmeýär. Sebiti we taryhy gowy tanamaýan režissýor ünsi çekmek üçin geýdirdimikä diýýän. Kinoda owadan köýnek geýen diñe şol bar. Beýlekileriň hemmesi halta ýa ganar geýipdir.

Kinoda owadan Rebakkadan başga Lukman Hekimiñ rolunda oýnaýan Ben Kinslini we meşhur medresesini görüp orta asyrlardaky musulman siwilizasiyana syn edip bilersiniz. Seljuklaryň entek döwlet bolman gonup- göçüp ýörüşlerine hem kinoda uly orun berlipdir. Ýöne gynansagam ata-babalarymyz garakçy, medeniýetsiz çapyksuwarlar hökmünde tanadylýar. Biz kitaplarymyzda seljuklaryň ýeňişleri bilen öwünip ýörüs welin, kinoda bütinleý ýere sokupdyrlar. Aý nätjek, günbatar edebiýatynda hökman bir erbet obraz bolaýmaly. Olaram bizi saýlapdyrlar. Hem-ä kürtäniň nepisligi bilen tomaşaçynyň ünsüni ogurla, hemem kürtäni döreden halky medeniýetsiz, galtaman edip görkez. Bir şu tarapy bar diýäýmeseň kino ýamanam däl.

kitapcy
18
131
Islam_Atayew
16.08.2024 00:13
Hakykaty boýun almak agyr bolsa-da, ol seni ýalkar.

***

Duşmany duşman bolup däl-de, dost bolup ýeňmeli.

***

Durmuş gynamaýar - synaýar.

***

Göriplik ömri, kalby hem abraýy kertip tükedip biler.

***

Söýginiň nämedigini bilmek üçin yşkda bagryň tütemeli, ýalňyzlygy bilmek üçin onuň ejirini duýmaly, ýaşaýşyň nämedigini bilmek üçin bolsa durmuş öwrümleri bilen ýüzleşmeli.

***

Sadalyk hem pespällik adamy bir gez beýgeldýär.

***

Zähmet çekmän garyplykdan, sylaman sarpasyzlykdan nalama.

***

Göze adalatly görmäni, dile bolsa hakykaty diýmäni öwret.

***

Günlerden adatylygy däl-de, haýsydyr bir özgerişi duýjak bolmaly.

***

Çyn yhlas ýeňilmez.

***

Agzyňdan çykan her söze islendik pursatda jogapkärdigiňi unutma.

***

Töründen däl-de, ýüreginden orun berenler seniň üçin ezizdirler.

***

Ýaşaýyş üçin diñe bir dem almak, iýmek-içmek, hereket etmek... ýeterlik däldir. Oña ajaýyp mazmun hem gerekdir.

***

Bizi durmuşda wysala ýetirjek güýç bar bolsa, şol hem käbelerimiziň yhlaslary we dilegleridir.

***

Bagyşlap bilmek endigi iñ beýik hem iñ owadan köñle mahsusdyr.

Islenen.ru
23
84
Islam_Atayew
15.08.2024 13:47
Birzaman aýak çek ýaşlygym meniñ, Didaryňdan doýsam gadyrlap seniñ. Saýgaramok indi gijänin tümün,
Otly deýin ötüp gitdi ýaşlygym.

Gözlerimde düwmelenen ýaşlarym,
Ir dälmika çalardyda başlarym.
Hasrat ýaman eken çytdy gaşlarym,
Bagy bossan bolup geçen ýaşlygym.

Oba bardym ýaşlygymdy geregim,
Telwas edip durman urdy ýüregim.
Hatar gurap otyr boùly deregim,
Hany meniň boýdaş bolan ýaşlygym.

Awtor ?
15
31