Islam_Atayew
16.08.2024 14:02
Çüýrän agaçlardan ýasalan öýlerde ýaşayan garyp halkyň açlykdan has erbet derdi bar, daş-töwerek dürli kesellerden doly, ýöne derde derman ýasajak lukman ýok. "Garaňky döwürler" diýip atlandyrylýan orta asyr Ýewropasyny beýle ýagdaýda ilkinji gezek görýärin. Mundan öñ Ýewropany diñe Golliwudyň kameralaryndan görüp bolýardy we her künjegi şatlykdan doly we abadançylykdy.

Orta mekdepde taryh sapagyndan öwrenen Ýewropam Golliwudyň suratlandyrýan Ýewropasyndan düýpli tapawutlanýardy. Şol sebäpli "Orta asyrlar Ýewropasy" diýlende hyýalymda gowy ýa erbet ýer janlanmalymy, bilmeýärdim. "Lukman" kinosyny görensoň bikararlygym ýuwaş-ýuwaş ýitip başlady. Ýewropa barada pikir döredi taryh kitaplary çynyny, Golliwud kameralary bolsa ýalan aýdýardy.

Kinonyň baş gahrymany Rob rolunda oýnayan Tom Peýn. Rob aýratyn zehine eýe bolan iňlis oglan. Içi keseller bilen gurşalan Angliýada tejribeli doktor bolmansoň ejesini ýitirdi. Şol sebäplem ökde doktor bolup ejesiniñ ölümine sebäp bolan keselden ar almagy ýüregine düwdi. Döwür geçip döwran dolanyp Rob ýigide çykýar. Angliýa göçüp baran ýewreýlerden gündogarda Ibn Sina atly ökde doktor hakda eşidýär we şol bada Lukman Hekimiń medresesinde bilim almak üçin Yspyhana tarap ýola çykýar. Gelýär, öwrenýär eýtýär, beýdýär bu zatlary kinoda özüñizem görersiniz. Gürrüň etmek isleýän zatlarym bular däl.

Kürte geýen Emma Rigbiniň (2-nji surat) suratyny sosial mediada görensiñiz. Ol "Lukman" kinosynda Rebekka atly şotland gyzyny janlandyrýar. Kürte bilen şotlandyň näme baglanşygy bar diýmegiñiz mümkin, bu soragy özüme-de berdim. Ýöne bilmek başartmady. Belki-de Yspyhana tarap gidyän Rebekka Konstantinopol ýa-da Şam şäherinden kürtäni satyn alandyr? Sebäbi Şotlandiýadan Eýrana gidýän kerwen şol şäherleriñ üstünden geçýär.

Wakanyň bolup geçen döwürlerinde türkmenler entek Ýakyn Gündogar sebitine aralaşmandy, şol sebäpli Rebekka kürtäni Şarndan ýa şoňa meñzeş ýerden satyn alyp bilmeýär. Sebiti we taryhy gowy tanamaýan režissýor ünsi çekmek üçin geýdirdimikä diýýän. Kinoda owadan köýnek geýen diñe şol bar. Beýlekileriň hemmesi halta ýa ganar geýipdir.

Kinoda owadan Rebakkadan başga Lukman Hekimiñ rolunda oýnaýan Ben Kinslini we meşhur medresesini görüp orta asyrlardaky musulman siwilizasiyana syn edip bilersiniz. Seljuklaryň entek döwlet bolman gonup- göçüp ýörüşlerine hem kinoda uly orun berlipdir. Ýöne gynansagam ata-babalarymyz garakçy, medeniýetsiz çapyksuwarlar hökmünde tanadylýar. Biz kitaplarymyzda seljuklaryň ýeňişleri bilen öwünip ýörüs welin, kinoda bütinleý ýere sokupdyrlar. Aý nätjek, günbatar edebiýatynda hökman bir erbet obraz bolaýmaly. Olaram bizi saýlapdyrlar. Hem-ä kürtäniň nepisligi bilen tomaşaçynyň ünsüni ogurla, hemem kürtäni döreden halky medeniýetsiz, galtaman edip görkez. Bir şu tarapy bar diýäýmeseň kino ýamanam däl.

kitapcy
18
131
olia
16 Awgust 2024
@Islam_Atayew, osmanlylaram guycli bolan yone tagt un diyip dogan doganyny oldurdi kaka ogluny. Musulman bolup musulmanlara garshy urushdylar. Yenede kinolaryna seret kak budto etmage mejbur bolan yaly gorkezyaler😒 dushundirip bildimmi?
ATOMIC
16 Awgust 2024
@Islam_Atayew, sizede şu gepleşige çagyranyňyz üçin öz tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin😁
ATOMIC
16 Awgust 2024
@Islam_Atayew, hmm ýöne hytaý poçti ýewraziýany almada:) aý bor sagbol😁👍
ATOMIC
16 Awgust 2024
@Islam_Atayew, tutuş ýewraziýa däldir, orta azia eýran birem häzirki türkiýäň ýerleridir. şuwagtky hytaýdan çala kiçiräk.
ATOMIC
16 Awgust 2024
ýöne kinoda ýalňyşlyklar köp yslam döwleti dp görkezýän ýurdunda ýewreýleň nyşany bar oňa näme diýjek🔯😂. Aýallaňam köpüsi gara. Ýewropadaky iň erbet döwürleri gowy suratlandyrypdyr. Birem öz aýallarny öwen bolýa. Ol ýerdäkiler has owadan diýip.
ATOMIC
16 Awgust 2024
Onsoňom Seljuklylar gaty güýçli bolan elbetde orta asyrdaky beýleki güýçli döwletler ýaly başga milletlere çozandyrlar.
ATOMIC
16 Awgust 2024
Osman kinoda mongollary erbetleýälerä, bularam şolar ýaly:)
olia
16 Awgust 2024
@zumerret_, oncalygyny sho dowurde yashanlar aydaymasa. Basmacy diyip men gidip birini talap gaytyanlar diyjek bolamok ondan ona gocup gonup yoren atlylar diyen manyda diyjek bolyan.
olia
16 Awgust 2024
Milletimize yigrenjim ya erbet pikirim yok. Yone taryh mumkin boldugyca bolshy yaly gorkezilmeginin, syyasata gora uytgemezliginin tarapynda. Bu islendik millete degishli.
olia
16 Awgust 2024
@Islam_Atayew, SSSR dowrunde dushurilen kone rus kinosynda (adybelli kino bolmaly yadyma dushenok) 1900njy yyllaryn bashyny gorkezende turkmenleri basmacy edip gorkezyaler, turkmen aktyorlar dushupdir turkmencede gurleshyaler. Indi oz ozumizem tankytlalynda nm un ozumizi sheyle gorkezdik diyip
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.