Islam_Atayew
18.08.2024 00:31
Eje. Bu söz megerem dünýäde ynsanyň iñ ýüregine ýakyn sözleriñ biri bolsa gerek, diñe söz däl, eýsem onuñ özi, biziñ ýüregimiziñ iñ wepaly we ygtybarly hossary, daşymyzyň sarmaz galasy, başymyzyň täji...

Çagakam hemişe ejem ýanymda bolansoñ, durmuş diñe ejem bilen bilelikde soňky nokada çenli dowam eder öýtýärdim, emma durmuş beýle rehimli däl eken, birnäçe sepgitler hem-de wagtyñ geçmegi bilen ejeler bilen çagalaryň hoşlaşmaly ýerleri bolýar, howwa howwa hoşlaşmaly... Misli guşjagazlaryň höwürtgeden uçup gidişi kimin. Kimsi okuwa, kimsi watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne garaz ýetginjek ýaşdan geçiberseň öñlerde goýlan maksatlara görä öýimiz, maşgalamaz bilen hoşlaşmaly bolýas.

Watan önündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne gitmezimden ozal, has dogrusy gitmeli wagtym golaýlanda, ejem wagtal-wagtal maña "Oglum hökman yzyňdan bararyn!" diýerdi. Men bolsa "Eje men gulluk diýip öýden çykyp gidemsoñ, gelmegiñ derkary ýok, öz başymy özim çararn, men çaga däl ahyry" diýip jogap bererdim. Ol aýdan sözlerim daşyndan göräýmäge batyrgaý äheñde çykanam bolsa, içimdäki Sensiz günler çala añymda aýlanyp, kiçijek gorkular maña elini bulaýardy. Islendik batyr, mert, ýigit içindäki ol duýgulary töweregindäkilerden gizlesede, özinden gizläp bilmezdi.

Ýadyña düşýämi eje! Sen hemişe meniň ýokary okuw jaýynda okamagmy arzuw edýärdiñ! Giriş synaglarymy üstinlikli tamamlap, okuwa girendigmi ilkinji bolup saña buşladym, tolgunmakdan ýaña saña üç sany söz aýdyp bildim: "Eje men geçdim". Ol sözlerden soñ meniñ damagym dolupdy. Bu pursaty başdan geçirmek, megerem islendik ene-atany buýsandyrsa gerek... Şol wagt, ýokary okuw jaýyna girenimede begendim welin, seni buýsandyryp bilenime has begenipdim.

Ejejan käşgä sen hiç garramasadyň. Hemme kişi meni ýazgarsada, sen meniñ arkmada durjagyñy bilýän eje! Seniñ maña düşinşiñ ýaly hat-da özime özimem düşinemok.

Arada şeýle bir ýagdaýa gabat geldim, ýagny Ejesini kakasyny ýaşlykdan ýitiren orta ýaşly adamyň gürriñini diñledim, ol gürrüñ "ahy nalady". Ol gözini bir nokada dikip şeýle diýýärdi:" Görýän welin  gynansakda soňky döwir ejeleriň gadyry gaçypdyr, ejesine gaýtargy berýän, sanaşyp dikleşýän biçak köpelipdir. Ýagty jahana indiren, seniñ biýinjalyk bolan wagtyň ýatman gijelerni dik aýakda geçiren... (bu sözlerden soñ ol ulydan demini aldy). Men ejemi diñe suratda görýän, ýüregim daryksa içim içime sygman ähli zatdan ýadan wagtym onuñ nurana keşbinden men özime kemal tapýan, eger-de Allatagalla maña ýekeje minut ejem bilen duşuşmanga mümkinçlik bersedi, onuñ gyzgyn gujagyna girip, mylaýym ellerinden tutsadym, men bu dünýäden müñde bir razy bolardym, goý şol ýekeje minut üçin meniň mal-mülkim ähli barym hat-da şirin janym gurban bolsun..."
Men şondan soñ dünýäde iñ beýik söýginiň ene bilen öz perzendiniñ söýgisidigne hasam berk göz ýetirdim...

Ejeñiz bar wagty söýiñ  hormatlañ! Oña söýýän diýmekden gorkmañ! Hut häzirden başlañ! Hiç bir zat hemişelik däl!
21
76
ilhano_va
18 Awgust 2024
😔
ayymsha
18 Awgust 2024
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.