Hakykaty boýun almak agyr bolsa-da, ol seni ýalkar.
***
Duşmany duşman bolup däl-de, dost bolup ýeňmeli.
***
Durmuş gynamaýar - synaýar.
***
Göriplik ömri, kalby hem abraýy kertip tükedip biler.
***
Söýginiň nämedigini bilmek üçin yşkda bagryň tütemeli, ýalňyzlygy bilmek üçin onuň ejirini duýmaly, ýaşaýşyň nämedigini bilmek üçin bolsa durmuş öwrümleri bilen ýüzleşmeli.
***
Sadalyk hem pespällik adamy bir gez beýgeldýär.
***
Zähmet çekmän garyplykdan, sylaman sarpasyzlykdan nalama.
***
Göze adalatly görmäni, dile bolsa hakykaty diýmäni öwret.
***
Günlerden adatylygy däl-de, haýsydyr bir özgerişi duýjak bolmaly.
***
Çyn yhlas ýeňilmez.
***
Agzyňdan çykan her söze islendik pursatda jogapkärdigiňi unutma.
***
Töründen däl-de, ýüreginden orun berenler seniň üçin ezizdirler.
***
Ýaşaýyş üçin diñe bir dem almak, iýmek-içmek, hereket etmek... ýeterlik däldir. Oña ajaýyp mazmun hem gerekdir.
***
Bizi durmuşda wysala ýetirjek güýç bar bolsa, şol hem käbelerimiziň yhlaslary we dilegleridir.
***
Bagyşlap bilmek endigi iñ beýik hem iñ owadan köñle mahsusdyr.
Islenen.ru