Islam_Atayew
19.08.2024 09:54
Öýden çykmankak satyn almak isleýän zatlarymyzyň sanawyny taýýarlamak bazardaky işimizi has aňsatlaşdyrýar. Käte gyssanyp, sanaw ýazmazdan ýa-da ýazan sanawymyzy ýatdan çykaryp gaýtsak, nämeleri almalydygymyz barada köp pikirlenýäris. Öýden gaýtmankak gerek zat- laryň ählisini bilýän hem bolsak, söwda edip başlanymyzda köpüsi ýadymyza düşmeýär. Şeýlelikde, öýe gelenimizde "wiý" diýenimizi duýman galýarys. Eýsem, bu ýagdaý näme bilen baglyka?!

Ýatkeşlik. Almaly zatlaryň esasylarynyň adynyň ýatda saklanyp, beýlekileriniň ýatdan çykmagy, ilki bilen, ýadyň işjeňligi bilen baglydyr. Käbir adam birnäçe zady ýadynda saklap bilýän bolsa, käbir adam bir, iki zatdan artykmajyny ýadyna düşürip bilmeýär. Göz ähli zady görýär, emma görüş duýgusy içinden iñ gereklilerini beýnä ýetirýär. Başgaça aýdylanda, gören zatlarymyz gysga möhletli (wagtlaýyn) ýa:da geçýär. Adatça köp adam bir gezekde diñe 7 sany zady ýatda saklap bilýär. Şol sebäpli hojalyk üçin zerur bolan serişdeleriň sanawyny düzmek ähli adam üçin iñ gowy çykalgadyr.

Köp zadyň bolmagy. Bazardyr marketlerde köp harydyň bolmagy, ýagny gözüň köp zada düşmegi almakçy bolýan harydymyzyň ýatdan çykmagyna sebäp bolýar. Görüş arkaly kabul edilen maglumatlar wagt taýdan 15-30 sekunt ýatda saklanýar. Täze zatlary görmek arkaly beýlekiler dura-bara ýatdan çykýar.

Ünsüň sowulmagy. Käte pikirdir aladalar bilen, käte bolsa bazardaky ýa-da söwda merkezindäki haýsydyr bir zada ünsüň çekilmegi bilen almaly zatlarymyz ýatdan çykýar. Üns islendik maglumatyň ýatda uzak ýa-da gysga wagtlap saklanmagyna öz täsirini ýetirýär. Sanaw ýazylanda gerek bolan ilkinji zatlaryň atlary ünsli ýazylýar. Şol sebäpli sanawyň başyndaky gerekli harytlaryň ady ýatda uzak wagtlap saklanýar. Gerekli ownuk-uşak zatlara kän bir üns berilmeýändigi üçin derrew ýatdan çykýar.

Ýatdan çykarmazlyk üçin näme etmeli?

Söwda etmäge iki gezek gidip-gelmezlik üçin ýa-da gerek bolan ownuk-uşak zat sebäpli ýoldan yzyňa gaýtmazlyk üçin öýden çykmankań sanaw düzmeli. Gerekli zatlary telefonyň belligine hem ýazyp bilersiniz. Käbir adam ýanynda kagyz götermegi ýa-da telefona seredip söwda etmegi halamaýar. Şeýle ýagdaýda gerekli zatlaryň adyny ýatda saklap, birnäçe gezek gaýtalamaly ýa-da ýadyňa düşer ýaly haýsydyr bir zat bilen baglanyşdyrmaly. Onda näme, söwdaňyz oñuna bolsun! Ýatdan çykan zat ýokdur-da, hernä!


Zaman.Turkmenistan.
18
60
maral
19 Awgust 2024
Islam_Atayew
19 Awgust 2024
@maral, öýde yadyna duşya, yone beyla barsañ ucya kelleden..
maral
19 Awgust 2024
Hakyky bellemeli şony. Şunça ýatlasañam ýadyñdan çykýa
Islam_Atayew
19 Awgust 2024
@milanaaa, menem zametka ulanýan sonky wagtlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.