Islam_Atayew
27.08.2024 15:47
Gysga hekaýa.
Meşhur alym Gazaly ýaşlyk ýyllarynda Gürgene gidip, köp ýyllaryň dowamynda ussatlardan tälim alypdyr. Ol öwrenen zatlaryny yzygiderli ýazyp, birnäçe kitap görnüşine getiripdir. Şol golýazmalar onuň uzak ýyllaryň dowarnynda öwrenen ylymlarynyň netijesi bolansoň, olary janyndan eý görüpdir.Gazaly dogduk diýaryna dolanmaly bolanda, golýazmalaryny mata dolap, horjunyna ýerleşdiripdir. Ol kerwene goşulyp, ýola düşüpdir. Ýöne garakçylaryň uly topary kerweniň ýoluny kesipdir. Olar kerwendäkileriň ähli zadyny diýen ýaly talapdyrlar. Gezek Gazala ýetipdir. Garakçylar onuň goşlaryna ýapyşan batlaryna Gazaly olara ýalbarmaga başlapdyr.Şulardan başga näme alsañyz alyň, ýöne bulary meň özüme goýuň?!Garakçylar horjunyň içinde örän gymmat zat bardyr öýdüp, nebsewürlik bilen ony açanlarynda bir topar golýazmadan başga zada gözleri ilmändir. Ýeri, gardaş, bular näme? diýip, galtamanbaşy Gazala hyrsyz nazaryny aýlapdyr.Olar näme bolanda-da siziň derdiňize ýarajak zatlar däl. Ýöne maña juda zerur - diýip, Gazaly ýalbarypdyr. Bular seň nämäňe derkar?
Bular meniň birnäçe ýyllyk okuwymyň netijesi.Eger-de bulary menden alsaňyz, meň okan zatlarymyň bary biderek bolar. Köp ýyllyk zähmetim ýele sowrular.Bä, geň galaýmaly, hakykatdan-da, seniñ bar ylmyň şu kagyzlardamy?
-Hawa.
- Hmm... Ýadyňda galmadyk, ogurlap bolýan ylymdan-a ylym bolmaz, gardaş!.. Sen, ýigit, gowja pikirlen. Bolýa, degmäň oň zatlaryna diýip, galtamanbaşy loh-loh gülüpdir.
Bu ýönekeýden, jaýdar aýdylan sözler Gazalynyň ruhy dünýäsini sarsdyrypdyr. Şondan soň ol öz beýnisini, akyl-paýhasyny diñe pikirleniş ukyby bilen terbiýelemäge başlapdyr. Şeýlelikde, ol zehininde ummasyz köp ylym toplap, manysy bilen özleşdiripdir. Gazaly soň-soñlar hem «Meni ugrukdyran iñ gowy ündewi bir garakçydan öwrendim» diýip ýatlaýar eken.
Pars dilinden terjime eden
Gurbandurdy Hojaýew
Türkmenistanyň ussat mugallymy.
17
78
Islam_Atayew
27.08.2024 10:55
Adamlary görseň ählisi gowy,
Gep-sözleri, häsiýet-hüýleri bilen.
Tarypyn ýetirip, wasp edip öwüp,
Goşup ýanyndaky hüýrleri bilen.
Altyn ýaly sözden döretseň şygry,
Adamlary görseň ählisi gowy.
Her kişi gözlerňe perişde ýaly,
Her işde görelde, paýhasdan doly,
Bir adam görmedim akyly kemli,
Hemmeler ajaýyp, hemmeler gowy.
Başyňa agyr gün düşene çenli,
Kimleriň kimdigi bolmaýar belli.
Dostlaryň ýüzlerne seredip içgin,
Kalplaryna garap bilemok diňe.
Adamlaň kimligin bilmegim üçin,
Agyr güne düşmek gerekmi maňa?!
Büdräp entärime garaşyp ýören,
Gowy adamlara näme diýeýin?
Bilsem-de olary ýanymdan kowup,
Başaryp bilemok añymdan kowup,
Sözleri özlerne ýaraşyp duran,
Ýüzleri-gözleri bulaşyp duran,
Elleri buz, çünki kalplary sowuk,
Ynha şu adamlañ barysy gowy.
Sylapberdi MUHAMOW.
13
40
Islam_Atayew
26.08.2024 22:48
Käbäñ ýatyr keselhanada dertli,
Ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap biläýjek...şertli,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasýa talap edip dur jany,
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Elli müñ dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Puluñy ejeñden sen eziz görme,
Ýaýdanma perzendim,boýnuñy burma,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiñ han bolduñ şäherde ýerläp,
"Rak"a uçrap käbäñ hol ýatyr derläp,
Pul ber oglum ejeń bir ýyl ýaşasyn.
On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrümem ýetmez,
Bir ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Ynha otuz ýyldyr öýden gaýdanyñ,
Bizi ýeke goýduñ,etmän aýdanym,
Wahh dert tapaýdyda ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik,ýyrtyjak geýnip,
Ummasyz pul tapman öñüñde eglip,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Diýdi ogul "mende pul barmy näme",
Münýän Mercedesiñ altmyş müñ däne,
Maşyna dözeniñ dözmediñ jana,
Ýöne bir janam däl ol Eje, Käbe,
Gynanýan pul söýmek owrülýär däbe,
Atañ bu haýyşy uçdy asmana,
"Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn."
Kerim Hally
16
29
Islam_Atayew
25.08.2024 23:06
Durmuşyň maksady dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek.
Mahatma Gandi.
Her kimiň soňky demine çenli özüni üýtgetmäge we ösmäge mümkinçiligi bar.
M.F.Raýan.
Şowsuzlyk, täzeden başlamak üçin mümkinçilik, ýöne indi has akylly.
Genri Ford.
Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiñiz.
Tereza ene.
Özüňiz bilen deňeşdirmeli ýeke-täk adam, ol öňki geçmişiñizdir. Indi ondan hem gowy bolmaly ýeke-täk adam - bu ine sensiň.
Zigmund Freýd.
Has güýçli adamlar bilen türgenleşiň. Başgalaryň boýun synýan ýerinde boýun synmaň. Şonda ýeňip bolmajak ýerde ýeňersiñiz.
Brýus Li.
Sport zallarynda çempion bolup bolmaýar. Çempion adamyň içindäki islegden, arzuwdan, maksatdan döreýär.
Muhammet Aly.
Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.
Dýuk Ellington.
Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.
Leonardo da Winçi.
Halaýan käriñizi saýlaň, şonda ömrüñizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.
Konfusiý.
Eger-de düýpsüz uçuda uzak wagtlap siñe seredip dursaňyz, uçut hem size seredip başlar.
Fridrih Nisşe.
Ömrümiz paýawlap barýarka biz diñe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.
Mark Twen.
Maksatlar hiç haçan ýönekeý bolmaly däldir. Olar seni işletmek üçin çylşyrymly bolmalydyr.
Maýkl Felps.
Ýaş bu diñe kelläňizde özüñize goýan çägiňizdir.
Jekki Joýner-Kersi.
Şowsuzlykdan gorkmaň, sebäbi bu üstünlige barýan ýoluñyzdyr.
Lebron Jeýms.
Durmuş özüñi tapmakdan ybarat däl. Durmuş özüňizi döretmekdir.
Bernard Şow.
Zaman.Turkmenistan.
18
54
Islam_Atayew
25.08.2024 01:13
Çagalara dogruçyl bolmagy öwretmek olaryň jemgyýetçilik gatnaşygy we duýgy taýdan ösüşi üçin örän möhümdir. Çagalaryň dogrusyny aýtmagy we dogry hereket etmegi öwrenmeginde esasy wezipe ene-atalara hem-de terbiýeçi hünärmenlere degişlidir. Dogruçyllyk terbiýesi çaga doglan gününden başlap, kämillik ýaşyna ýetýänçä yzygiderli gözegçilikde saklanmaly. «Görümiň näme bolsa, göreldäň şol» diýlişi ýaly, çagalara dogruçyl häsiýetli adamlary nusga görkezmek we olaryň adamlar bilen gatnaşygyny mysal getirmek, şeýle hem özüñiziñ şahsy görelde bolmagyñyz arkaly çaganyň dogruçyllyk duýgusyny terbiýelemeli. Ýalan sözlemezlik, islendik ýagdaýda dogryňy aýtmak gowy häsiýetleriň biri bolup, bilermenler çagalarda dogruçyllyk endigini ýola goýmagyň 5 usulyny hödürleýärler.
GÖRELDE BOLMAK.
Çagalar töweregindäki ulularyň özüni alyp barşyna syn etmek arkaly köp zatlary öwrenýärler. Şol sebäpli, ilki bilen, maşgala gatnaşygynda dogruçyllygy görkezmek örän möhümdir. Munuň üçin ene-ata we ulular hormat-sylagly bolmaly, biri-birini aldamaly däl, şeýle hem ýalan gürrüñleri we bolmajak zatlary aýdyşmaly däl. Bu çaganyň ösüşi üçin derwaýys bolup, maşgala gymmatlygyna we maşgala agzalaryna hormat goýmagyna hem-de görelde almagyna ýardam eder. Çagalara kiçilikden ýalňyşlygy boýun almagy hem-de dogruçyl adamlaryň göreldesine eýermegi öwretmeli.
DOGRUÇYL BOLMAGYÑ ARTYKMAÇLYGNY ÖWMEK.
Çagalar hakykaty aýdanda, onuň dogruçyllygyny ykrar etmeli hem-de munuň gowy häsiýetdigini öwmeli. Mysal üçin, çaga öýde hiç kim ýok wagty gap-gaç döwen bolsa hem-de ol hakykaty aýdyp, eden işini boýun alsa, onda oňa käýemeli däl-de, sagbolsun aýtmaly. Şeýle ýagdaýda çaga yalňyşlyklaryny düzedip, kämil ynsan bolup ýetişer hem-de islendik ýagdaýda hakykaty aýtmagy endik eder.
ALDAMAGYÑ NETIJESINI DÜŞINDIRMEK.
Çagalar kiçilikde ýalan bilen çynyň parhyna düşünip bilmeýärler. Olar hakykaty aýtmakdan çekinip ýa-da temmi berilmeginden gorkup aldap bilerler. Şeýle-de bolsa, çagalara ýalan sözlemegiň erbet häsiýetdigini, özüne hem-de daş-töweregine zyýan berjekdigini düşündirmeli. Ýalan sözleýänleri köpçüligiň halamaýandygyny, dostunyň bolmaýandygyny hem-de oňa hiç kimiň ynanmaýandygyny ertekilerdir rowaýatlaryň üsti bilen mysal getirmeli.
KYNÇYLYKLARY DOGRY ÝOL BILEN ÝEÑMEGI ÖWRETMEK.
Käte çagalar kyn ýagdaýa düşende ýalan sözläp başlaýarlar. Mysal üçin, käbir çaga mekdepde pes baha alanda mugallymyny günäkärleýär. Çagalara kiçilikden kynçylyga döz gelmegi hem-de islendik meseläni dogry usul bilen çözmegi öwretmeli. Şeýle hem kyn ýagdaýlarda ululardan kömek soramagyň we maslahatlaşmagyň artykmaçlygyny mysallar bilen düşündirmeli. Kiçijik ùalanlaryň geljekde uly kynçylyklara getirýändigini düşündirmeli.
GARAŞYLÝAN ZATLARY KESGITLEMEK.
Çagalaryň arzuwlarynyň köp bolşy ýaly, garaşýan zatlary hem köp bolýar. Emma olaryň garaşýan zatlary tosla- ma hem bolup biler. Mysal üçin, çagalaryň ertekilerdäki ýa-da multfilmlerdäki käbir zatlary dogry diýip hasaplamagy we oňa garaşmagy, köp babatda täsirini ýetirip bilýär. Çagalara durmuşda garaşýan zatlaryndan we isleg-arzuwlaryndan dogrularyny saýlamagy öwretmeli. Çagalar garaşýan zadyna düşünmegi we netije çykarmagy başarmaly.Has kiçi ýaşly çagalar görýän düýşlerini hakyky durmuş bilen tapawutlandyryp bilmeýärler. Şeýle bolanson, gören düýşüni hakykat bilen garyşdyrýarlar. Käte bolsa, çagalaryň eşiden zadyna ýalñyş düşünip, ony nädogry aýtmagy mümkin. Ata-eneler çaganyň aýdýan zadynyň dogry däldigine göz ýetiren halatynda, onuň anygyna ýetmäge çalyşmaly. Islendik ýagdaýda çaga kemsidilmeli däl. Çagalara dogruçyl bolmagyň ähmiýeti düşündirilmeli. Olar bilen ýakyndan gyzyklanmak, duýgudaş bolmak, joralaryny, dostlaryny, mugallymlaryny tanamak hem-de günüň dowamynda eden işleri barada soramak hem çagalaryň özlerini dogry alyp barmaklaryna ýardam berer.
Zaman.Turkmenistan.
21
105
Islam_Atayew
24.08.2024 15:06
Ýykyldym kä, ömrümde,
Ýadymdan çykdy gitdi.
Arşa galan döwrüm-de,
Aňymdan ýitdi gitdi.
Ýöne..
on ýedimdekäm,
On altyňda, gyz, sen-de,
Obanyň eteginde
Giç agşam ekine biz,
Suw tutanda ikimiz,
Tötänlikde degende
Bir-birmize elimiz,
Galpyldady bir demde,
Bütin göwrelerimiz.
Gaçdy pilim egnimden,
Ýagçyraň seň eliňden.
El-aýakda sakladyk,
Böwedimiz ýykmadyk.
Günäsizje utanyp,
Bir-birmize bakmadyk.
Näm bolsa boldy bize.
Oňaýsyz duýup özürň,
Sen tiz gaýtdyň öýňize.
Gursagy ýarjak bolan,
Şol galpyldy, gürsüldi,
Düşünsem indi-indi,
Ejap-haýamyz eken,
Agraslyga ýugrulan,
Hamyrmaýamyz eken.
Geldimyrat Seýidow
16
20