Islam_Atayew
24.08.2024 15:06
Ýykyldym kä, ömrümde,
Ýadymdan çykdy gitdi.
Arşa galan döwrüm-de,
Aňymdan ýitdi gitdi.
Ýöne..
on ýedimdekäm,
On altyňda, gyz, sen-de,
Obanyň eteginde
Giç agşam ekine biz,
Suw tutanda ikimiz,
Tötänlikde degende
Bir-birmize elimiz,
Galpyldady bir demde,
Bütin göwrelerimiz.

Gaçdy pilim egnimden,
Ýagçyraň seň eliňden.
El-aýakda sakladyk,
Böwedimiz ýykmadyk.
Günäsizje utanyp,
Bir-birmize bakmadyk.
Näm bolsa boldy bize.
Oňaýsyz duýup özürň,
Sen tiz gaýtdyň öýňize.
Gursagy ýarjak bolan,

Şol galpyldy, gürsüldi,
Düşünsem indi-indi,
Ejap-haýamyz eken,
Agraslyga ýugrulan,
Hamyrmaýamyz eken.

Geldimyrat Seýidow
16
20
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.