Islam_Atayew
28.08.2024 23:51
Zaman anyk möwsim anyk ýer anyk.
Gitmeli ýerime eñip giderin
Diñe imanymy ýanyma alyp
Dünýäni duýdansyz zyñyp giderin.

Kalbymdaky mukam diñmejek ýaly
Gezip ýöris göya ölmejek ýaly
Misli ýaz ýagşy deý ýagsamda häli
Damjalap-damjalap diñip giderin.

Ýaşaýan ýaşaryn Alla bil baglap
Alla bil bagladym gezmerin aglap
Dünýälik diýmerin bagrymy daglap
Edeniñe şükür diýip giderin

Gerçek goşgy ýazdy ýene bir ýaprak
Neýläýin ýaz diýip gyýylsa kükrek
Kökim gan damarym arassa toprak
Ýene şol topraga siñip giderin.

Gerçeknazar Amannazarow
15
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.