Islam_Atayew
27.08.2024 10:55
Adamlary görseň ählisi gowy,
Gep-sözleri, häsiýet-hüýleri bilen.
Tarypyn ýetirip, wasp edip öwüp,
Goşup ýanyndaky hüýrleri bilen.
Altyn ýaly sözden döretseň şygry,
Adamlary görseň ählisi gowy.
Her kişi gözlerňe perişde ýaly,
Her işde görelde, paýhasdan doly,
Bir adam görmedim akyly kemli,
Hemmeler ajaýyp, hemmeler gowy.
Başyňa agyr gün düşene çenli,
Kimleriň kimdigi bolmaýar belli.
Dostlaryň ýüzlerne seredip içgin,
Kalplaryna garap bilemok diňe.
Adamlaň kimligin bilmegim üçin,
Agyr güne düşmek gerekmi maňa?!
Büdräp entärime garaşyp ýören,
Gowy adamlara näme diýeýin?
Bilsem-de olary ýanymdan kowup,
Başaryp bilemok añymdan kowup,
Sözleri özlerne ýaraşyp duran,
Ýüzleri-gözleri bulaşyp duran,
Elleri buz, çünki kalplary sowuk,
Ynha şu adamlañ barysy gowy.


Sylapberdi MUHAMOW.
13
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.