Islam_Atayew
27.08.2024 00:30
Bu setirleriň düşnüksizligi meniñ günäm däl. Kalbymda gopýan harasatlara ondan dömüp çykan düşnüksiz duygularyň düşnüksiz beyany bolan manysyz setirlere meniň bilen deň derejede illerem günäkär. Sagymdan soluma geçýänçä üýtgäp soňam hiç zat bolmadyk ýaly meniň bilen gatnaşygyna dostluk diýip at berip ýörenleriň ikiyüzlüligini içime atanymda dörändir belki bu setirler...

Ýa-da maña umyt yşygyny ýakdyryp kalbyma talaň salan şol ezizden soň dörän bolmagam ahmal...

Wepasyzlygy dünýeden öwrenen ynsanlaryň daşyndan tomaşa edip olara haýpym geleninde döredimikä...

Belki ynsabyny wyždanyny pula çalşan iñ gynandyrýanam bu zatlary adaty ýagdaýa öwren mähellä bakanymda ýazandyryn...

Özgelere bakyp durmuş sapagyny alyp ejemiň dyzyna baş goýanymda bognum dolup dömülip çykan setriler bolmagam
mümkin...

Haýsy dogry ýa-da haçan ýazan bolsamam düşnüksiz setirler diñe meniň günäm däl...

Daýanç DERÝAMYRADOW
18
183
ayymsha
31 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Mm bolya
ayymsha
31 Awgust 2024
@Islam_Atayew, gowy sen nahili
ayymsha
31 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Salam 🙋‍♀️
ayymsha
30 Awgust 2024
ayymsha
30 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Gowy Allaha sukur sen nahili 🙋‍♀️
ayymsha
30 Awgust 2024
ylham_gurbanaly
30 Awgust 2024
Bognum dolup dömülip çykan " bah düşünen bolsam indeý bolaýyn)
ylham_gurbanaly
30 Awgust 2024
Belaň körügi şo gyz))
ayymsha
28 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Ayyy yok ṣu wagta 🙂
ayymsha
28 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Gowy Allaha shukur senem govumy gelen yagshy 🙋‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.