Islam_Atayew
30.03.2024 01:00
Gowy zatlar ynanaňda, has gowy zatlar
sabr edeniňde we iň gowy zatlar başlan işiñi goýbolsyn etmedik wagtyñ geler.

Elon Musk.
33
35
Islam_Atayew
29.03.2024 23:22
Seretmäne dözmeýän gözleriñe, ýigrenç bilen serederin öýdip hiç pikir etmändim.
36
139
Islam_Atayew
29.03.2024 13:27
Kyn eken.

Süýji bolsaň, seni datman iýerler,
Ajy bolsaň bir gyrada goýarlar,
Gedem bolsaň, senden basym doýarlar
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Ýuwaş bolsaň, çalt üstiñden basarlar,
Ýetim bolsaň, seni gyra goýarlar,
Pulsuz bolsaň, seni sana goşmazlar,
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Ejiz bolsaň, köp üstüñden gülerler,
Aglap gezseñ, gahar bilen bakarlar,
Sözlemeseň, boýnuňa ýüp dakarlar,
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Awtor: ?
34
66
Islam_Atayew
28.03.2024 17:17
Päk bolmagy başar, täklik hökman däl,
Goşadan, ak süýdi emişiň ýaly.
Ylgamasañ, wagt derde lukman däl,
Gitmejek bol dünýä gelişiñ yaly.

Zady herkim goýar, at goýmak agyr,
Ynsabyň öñünde ot goýmak agyr.
Jübi däl, ýer sermäp bolañda ýagyr,
Hormatyň giñden bor bilişiñ ýaly.

Düşünmersiñ ata, Ata bolmasañ,
Düşümersiñ enä, Ene bolmasañ,
Görkezenñi görer, gözleñ, ölmeseň.
Bermekligem bardyr, alyşyň yaly.

Awtor:?
40
46
Islam_Atayew
28.03.2024 01:04
- Bagty hijem baýlyk bilen ölçemäñ, näsag baýdan, sagdyn gedaý bagtlydyr.

- Fransuzlaryň aýdyşy ýaly: iñ gowy söýgi çilim we çilimkeş, çilim onuñ üçin ýanýar we ol şoñ üçin ölýär.

- Bir gün ajal ýeter,şonda maşgalaňyzdan
başga bütin dünýa üçin adaty gün
bolar.Jemgyýetiň pikirini ýatdan çykar.

- Durmuş bu uly supermarket: näme alasyň gelse al ýöne yadyňdan çykarma
kassa öňüňde. Hemme zadyň hasabyny bermeli bolar.

- Bi wagtlar gündelik tutardyk we kim okasa gaharlanardyk. Indi Internet
sahypamyza ýazýas we okaýan
bolmasa gaharlanýas.

- Düşünmeýän adamy öz ugruna
göýber, oña wagt has gowy düşündirer.

- Toprak hem ýagşyñ gadryny biler, ýöne ol gün ýagyş ýagmaz.

- Aşa akyllysyran bolmak samsyklygyñ
iñ bir masgara görnişidir.

- Biriniň size ýaraýandygyny, ýa-da
ýaramaýandygyny bilmegiň iň gowy
usuly - onuň bilen syýahat etmek.

- Agajyň hili kökünden belli bolşy ýaly adamyň hem sözlerinden bellidir.

- Dek gezen dok gezse-de, doklaryň
hemmesi dek gezenok.


Awtory belli bolmadyk ýygyndylar.
40
143
Islam_Atayew
27.03.2024 11:08
Diñe aşgazana däl, käte ýürege barýan
zatlaram ýuwutmaly bolýar, siñdirip
bilmeseñ ikisem ezýet berer.
40
58
Islam_Atayew
27.03.2024 00:18
"Başar"

Olar diýiberse sen hakda her zat
Sen ýene sessizje dymmagy başar
Bir gün bolarsyñ sen geplerden azat
Şonuñ üçin sessizje dymmagy başar.

Subut etjek bolma kalbyñ päkligin
Özüñe teselli bermegi başar
Kimiñ gara kimiñ aklygyn bolsa
Wagt çözer sabyr etmegi başar.

Ýykyp beýgelen ýok agladyp gülen
Sen aýakda dim-dik durmagy başar
Boljaklary bilen ýokdyr öñinden
Sen tämizje kalpda galmagy başar.

Awtor: ?
39
92
Islam_Atayew
24.03.2024 08:33
Göz ýaşlar näme üçin Döreýär eken.

Göz ýaşlar näme üçin döreýär eken,
Göz ýaşa göwünler ereýär eken,
Göz ýaşlar şeýle bir pespäldir welin,
Ýüzin aşak salyp ýöreýär eken.

Göz ýaşam utansa gizlenýär eken,
Ýüzüñden ýitmäge tizlenýär eken,
Gussaly mahalyħ, ýa bagtly wagtyñ,
Olar saña derek ýüzlenýar eken.

Göwünem gözler deý aglaýar eken.
Ýöne ony hiç kim añmaýar eken,
Göwüniñ ýaşlary ot bolyp akyp.
Diñe öz içini daglaýar eken...


ýöne ony hiç kim añmaýar eken.


Awtor: ?
46
96
Islam_Atayew
24.03.2024 00:01
• Ýewropa ýurtlarynda hökümet işlerinde işleýänler, hepdäniň 6 we 7-nji günleri dynç alýarlar. Belgiýa döwleti bolsa, täze çykaran karary bilen, Hepdäniň
5-nji Anna gününi hem "dynç güni" diýip yglan etdi. Ýagny Belgiýada işleýänler indi hepdäniň diňe 4 güni işläp, 3 gün dynç alýarlar.

• Adamyñ ýekelikde iň agyr geçýän wagty agşam sagat 8 we 10 aralykdyr.

• Täret almak ylmy taýdan gaharyňy
ýatyşdyrar, kelle agyryny, ýadowlygy
we stresi aýyrýar.

• Infeksiýa keselleriniň ortaça 80%-i suwuň erbet hilinden ýüze çykýar.

• Dünýäde iñ gymmat şokolad "Chocopologie" hasaplanýar.Bu şokolad ABŞ-da öndürilip, diñe 500 gramy 2600$-a deňdir.

• William Şekspir öz ölüm wagtyny öňünden habar edýär we şol gün öz janyna kast edýär.

• Şanhaýda toý etmek isleýänler üçin bagt bazary bolup, ol ýerde önümleriň ýerine ýan-ýoldaş gözlegi üçin bildirişler asylýar. Dynç günleri köpler ol ýere öz taýyny tapmak üçin barýarlar.

• Adam wagtynyň 90%-ni ýapyk ýerlerde
geçirýär.

• Ýaponiýa çagalara sag hem-de çep
elde yazmagy öwredýän ýeketäk ýurt.

• Taryhyň iñ ganly 10 urşunyñ 7- si
Hytaýda boldy.

• Ukuda wagtyň asgyrmak mümkin
däl.

• Oglanlaryň ortaça 70%-i öz söýgülisiniň
telefonyny barlaýar.

• Coca-cola Ronaldhino bilen bolan 750.000$ şertnamasyny repartaž wagtynda Pepsi içenligi üçin kesendir.

• Uklap ýatyrkañyz çep tarapyñyza seredýän bolsañyz, geçmişiñiz barada, sag tarapyñyza seredýän bolsañyz entäk bolmadyk zatlar barada düýş görersiñiz.

• Pingwinler örän namysjañ haýwandyr.
Öljeklerini duýan wagtlary sessiz ýakynlaryndan uzaklaşyp ölýändir.

Täsin_dünýäm.
42
145
Islam_Atayew
23.03.2024 16:46
Güýmenje suratlar.
46
68