Islam_Atayew
28.03.2024 01:04
- Bagty hijem baýlyk bilen ölçemäñ, näsag baýdan, sagdyn gedaý bagtlydyr.

- Fransuzlaryň aýdyşy ýaly: iñ gowy söýgi çilim we çilimkeş, çilim onuñ üçin ýanýar we ol şoñ üçin ölýär.

- Bir gün ajal ýeter,şonda maşgalaňyzdan
başga bütin dünýa üçin adaty gün
bolar.Jemgyýetiň pikirini ýatdan çykar.

- Durmuş bu uly supermarket: näme alasyň gelse al ýöne yadyňdan çykarma
kassa öňüňde. Hemme zadyň hasabyny bermeli bolar.

- Bi wagtlar gündelik tutardyk we kim okasa gaharlanardyk. Indi Internet
sahypamyza ýazýas we okaýan
bolmasa gaharlanýas.

- Düşünmeýän adamy öz ugruna
göýber, oña wagt has gowy düşündirer.

- Toprak hem ýagşyñ gadryny biler, ýöne ol gün ýagyş ýagmaz.

- Aşa akyllysyran bolmak samsyklygyñ
iñ bir masgara görnişidir.

- Biriniň size ýaraýandygyny, ýa-da
ýaramaýandygyny bilmegiň iň gowy
usuly - onuň bilen syýahat etmek.

- Agajyň hili kökünden belli bolşy ýaly adamyň hem sözlerinden bellidir.

- Dek gezen dok gezse-de, doklaryň
hemmesi dek gezenok.


Awtory belli bolmadyk ýygyndylar.
40
143
ideallider
28 Mart 2024
Tipa akylly samsyklykmy...
flowers_
28 Mart 2024
Soñkyjany haladym💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.