Islam_Atayew
28.03.2024 17:17
Päk bolmagy başar, täklik hökman däl,
Goşadan, ak süýdi emişiň ýaly.
Ylgamasañ, wagt derde lukman däl,
Gitmejek bol dünýä gelişiñ yaly.

Zady herkim goýar, at goýmak agyr,
Ynsabyň öñünde ot goýmak agyr.
Jübi däl, ýer sermäp bolañda ýagyr,
Hormatyň giñden bor bilişiñ ýaly.

Düşünmersiñ ata, Ata bolmasañ,
Düşümersiñ enä, Ene bolmasañ,
Görkezenñi görer, gözleñ, ölmeseň.
Bermekligem bardyr, alyşyň yaly.

Awtor:?
40
46
ATOMIC
28 Mart 2024
👍❤️
efsane_tm
28 Mart 2024
@Islam_Atayew, grip degipdir))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.