Islam_Atayew
29.03.2024 13:27
Kyn eken.

Süýji bolsaň, seni datman iýerler,
Ajy bolsaň bir gyrada goýarlar,
Gedem bolsaň, senden basym doýarlar
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Ýuwaş bolsaň, çalt üstiñden basarlar,
Ýetim bolsaň, seni gyra goýarlar,
Pulsuz bolsaň, seni sana goşmazlar,
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Ejiz bolsaň, köp üstüñden gülerler,
Aglap gezseñ, gahar bilen bakarlar,
Sözlemeseň, boýnuňa ýüp dakarlar,
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Awtor: ?
34
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.