Islam_Atayew
27.03.2024 00:18
"Başar"

Olar diýiberse sen hakda her zat
Sen ýene sessizje dymmagy başar
Bir gün bolarsyñ sen geplerden azat
Şonuñ üçin sessizje dymmagy başar.

Subut etjek bolma kalbyñ päkligin
Özüñe teselli bermegi başar
Kimiñ gara kimiñ aklygyn bolsa
Wagt çözer sabyr etmegi başar.

Ýykyp beýgelen ýok agladyp gülen
Sen aýakda dim-dik durmagy başar
Boljaklary bilen ýokdyr öñinden
Sen tämizje kalpda galmagy başar.

Awtor: ?
39
92
gulia_maksatmyradowna
27 Mart 2024
@Islam_Atayew, gerek ýerinde diýeli onda has dogry bolýa şonda
gulia_maksatmyradowna
27 Mart 2024
@Islam_Atayew, dymýaň, dymmagy başarýaň iň gowy jogap şol kösenip jogap gaýtarjak bolup ar almak, başagaý bolmak gerek däl . Sessizligiň hemem sabyr etmegiň netijesinde öz başarnygyňa ýeteňsoň öz başarnygyň bilen ar al ) meň şo sitata öz düşünjäm , sizi bilemok nähili düşünýäniňizi... Ýöne şu goşgy şo sitatany ýatlatdy menem ýazdym
gulia_maksatmyradowna
27 Mart 2024
Bir gün bolarsyň sen geplerden azat
Şonuň üçin SESSIZJE DYMMAGY başar.


Sessizlik bilen sabyryň owadan hemem gaýratly perzendi dünýä inipdir . Adyna "ar-alyş dakypdyrlar))Ammie Kaufman.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.