Islam_Atayew
16.04.2024 23:24
Hormatly agzalar size şeýle sorag:

Beýik ussat şahyr Magtymguly Pyragynyñ Ene (eje) hakynda düzen goşgysy bamy? Aslynda ol Ene hakynda goşgy düzüpdirmi?

Kimiñ nähili pikiri ýada jogaby ba bolsa teswirde belläp geçäýiñ!
32
180
Islam_Atayew
16.04.2024 20:38
Türkmen halkynyñ baky ýüreginde ýaşaýan Ägirtler.
30
149
Islam_Atayew
10.04.2024 10:52
Dünýäniñ iñ howply 10 jandary. Top 10.

10. Iñ howply jandarlaryñ hatarynda 10-njy ýerde "Ýolbars" (Лев) bolup, ol takmynan ýylda 200-den gowrak adamyñ ýok bolmagyna sebäp bolýar.

9. 9-njy ýerde bolsa "Begemot" (Бегемот) her ýylda takmynan 500 adamy heläk edýär.

8. "Pil" (Слон) ýylda 600 adam ölimine sebäp bolýar. ( Esasanam Hindistan we Afrika sebitlerinde).

7. Krokodil (Крокодил) ýylda 1000 adamyñ aradan çykmagyna sebäp bolup, barlaglara görä, olar eldekeýleşdirlenem bolsa haýwanat bagyndaky krokodillerdir bolup durýar.( Pida bolanlaryñ köpisi haýwanat bagynyñ işgärleri).

6.Içýan (Скорпион) sebäpli ýylda 3300 adam aradan çykýar.

5. Akula (Акула) ýylda 10 000 adamyñ ýok bolmagyna sebäp bolýar (iýmek arkaly). Ýörite geçirlen barlaglara görä, aradan çykýanlaryñ aglaba bölegi balykçylar we syýahatçylar bolup durýar.

4. Köpleriñ öýlerinde söýülip saklanýan haýwan, gynansakda It (Собака) her ýylda 59 000 adamyñ ölmegine sebäp bolýar. (Aglaba bölegi guduzlan itler).

3. Ýylan (Змея) 138 000 adam.

2. "Dünýäde iñ wagşy jandar adam" diýilşi ýaly, ýer ýüzinde janly organizmleriñ içinde iñ akyllysy adamam bolsa, planetamyzda her ýylda adamlar tarapyndan takmynan 400 000 adam öldirilýär. (Jenaýatçylaryñ aglaba bölegi erkek adamlara degişlidir).

1. Daşyndan göräýmäge ujypsyzja jandaram bolsa, dürli ýokanç keselleri ýaýratmak arkaly, her ýylda 725 000 adamyñ ölümine sebäp bolýan Çybyn (Комар) 1-njy orunda durýar.


Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Islam Ataýew.
35
226
Islam_Atayew
10.04.2024 00:53
Eý ynsan göreniňe ynanyp ýörme
Durmuşyň ýalňyşy, dogrulary bar
Her söýýän diýene göwnüñi berme
Adamyň erbedi, gowulary bar.

Sebäpsiz dogmaýar irden güneş hem
Rugsatsyz almaýar janly-jandar dem
Men-menlik eýleýip bolmagyn gedem
Ummanka çöl bolup galýanlary bar.

Ökde bolaňda nä hasap-hesibe
Maňlaýyň şor, ýaman bolsa nesibe
Adam tanajakmy bergin wezipe
Çöketkä özün dag saýýanlary bar.

Erkeklik gün-günden ownaýar juda
5 şaý üçin dossun edýärler pida
Ýüzüňe aýdyp bilmän, goýberseň hata
Arkaňdan gep edip gülýänleri bar.

Ýörejek bol mydam iliň deñinde
Ne yza gal, ne-de gezgin öňünde
İş tutjagyň tanamasaň soňunda
Elde baryň ýoguň alýanlary bar.

Eje-kaka bil juda mukaddes zat
Ynjytmagyn bolsun kalbyňda ynsap
Bermeli dällir öýdip magşarda hasap
Ene-atasyna sütem kylýanlary bar.

Söz diňlemez näçe aýtsaňda göwün
İçensoň päk söýgüň jadyly suwun
Tanap algyn ýaryň, ýogsa bedenin
Satyp ar namysda goýýanlary bar.

Göz ýetirmän häsýetine gylygna
Baha berme kişiň adamçylygna
Dossuň syrap, girip çykyp duluňa
Erte gelniň bilen bolýanlary bar.

Panyda iñ gymmat, iñ gyt zat zaman
Şu günüňe şükür et, ertiriň guman
Bu bir synag, baýlyk däl, sogap gazan,
O dünýä dowzahda ýanýanlary bar.

Atajan Gylyjow
31
90
Islam_Atayew
09.04.2024 13:32
Agzalaryñ soragly teswirlerine jogap.

Sorag:
@flowers_ 🧘, gije ýoga etseñ bolýamykaraý?))

Jogap: Elbetde bolýa, her gün ýatmazdan öñ ýoga bilen meşgullanmak (eger ýaltanmasañ) beýniñi rahatlandyrýar we ukyny kadaly almaga peýdaly.

Sorag: @enes_ Diş agyrdan ölen ýok, ölmesede gülen ýok, buda nakylmyka?

Jogap: Türkmen nakyllary toplanan kitaplarynda gabat gelinenok, ýöne dilden dile geçip il içinde ornan atalar sözi bolup biler.

Sorag: @zumer_chas Wawilionyñ iñ baý adamy kitaby kimde baraý? Gmaila oklap beräýiñdä!

Jogap: dos häzirem tapmadyk bolsañ, saña www.kitapcy.ru sayty maslahat berýän.(şonda bolmagy ahmal).

Sorag: @gulia_maksatmyradowna menem 🤔 fotografçi bolsam bolara hää?

Jogap: Höwesiñ ba bolsa hökman bolarsyñ, olam döredijiligiñ bir görnüşi.😁

Sorag: @gul✿ Miswäk näme?

Jogap: Ýalñyşmasam, agajyñ şahasy bolmaly esasan dişleriñ arassa we sagdyn bolmagy üçin peýdaly.


Bellik: Bu post hiç kimiñ üstinden gülmek ýa-da kemsitmek üçin däl-de, güýmenmek we degişme äheñinde açylandyr.
37
309
Islam_Atayew
09.04.2024 00:28
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje
gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp,
gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: "Bu gün iñ gowy dostum meniň ýüzüme șarpyk çaldy" diýip ýazypdyr. Soñra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek
isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam yüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzine: "Şu gün iñ gowy dostum meni ölümden halas etdi" diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň
eden bu hereketine geň galyp seredip
durupdyrda, şeýle sowal beripdir: "Janyñy ýakan wagtym gumuň yüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?".
Dostunyň beren soragyna: "Eger-de biri
janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly,
sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly" diýip jogap beripdir.
41
120
Islam_Atayew
08.04.2024 12:33
1.Özgäniň kemçiligine bellik edip
ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2.Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de
ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3.Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym,
aýagy ýok adamy görenime çenli.

4.Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan
Özüňi gora.

5.Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň
ýazmak gerek.

6.Saña edilmek islemedik zadyny, başga
birine etme.

7.Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.

8.Dilden gelen elden gelse - çyn gedaý
patyşa bolar.

9.Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek
hem ömür sürmegi başarmaýan köp.

10.Daşy deşen, suwuň güýji dãäl-de,
damjalaryi yzgiderligidir.

11.Garny açlardan has hem kalby açlara
gynanýaryn.

12.Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.

13.Ýalan at ýaly gider, hakykat ýörär, ýöne wagtynda ýetişer.

14.Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly
ogurlatsaň kemeler.

15.Ýaman diydi - başda ýagşydym menem.

Hazynam.app
28
99
Islam_Atayew
08.04.2024 01:47
Öýlenen ýigidiñ täze gelnine sargytlary.

Ilki bilen salam, öýmize hoş geldiñ! Nurdan doly jemalyñ, gözelligiñ bilen törimizi aý ýaly bolup bezediñ! Şu günden şeýläk ikimiz durmuşyñ ajy we süýji purstlaryna şaýatlyk eders, durmuşyñ belentli pesli ýollaryny bile geçers, şol ýollara başlaýan ilkinji günimizde saña sargytlarymy we öwitlerimi aýtmakçy ünsli diñle we berk belle!

Meni dünýä indiren ejeme we hiç kimden kem etmän ekläp saklan kakama hiç wagt hormat-sylagñy gaçyrma, olaryñ saña öz çagasy ýaly garajagyna men berk ynanýaryn. Olar garrady, nahar iýenlerinde garrylyk duýgularyna erk edip bilmän naharny dökse, gaşyñy çytma, igenme, ýadyñdan çykarma garrylyk hemmäniñ başynda bardyr.

Gybat-gepden daşda bol, seniñ adyña şikes ýetirjek ilkinji duşmanyñ biri gybatdyr. Eger-de aramyzda islendik ulyly-kiçili düşinişmezlik bolaýsa (bolmawersin) ony öýñizdäkilere (ýagny ejeñe) aýtmakçy bolup gyssanma, sen geçirimli bol! Sabyrly bol! Erkeklerde näme göwin bar, bir ýylgyrsañ gahary ýatyşar. Sada we pespäl bol, bu saña gaty gowy gelişýär! Ötiniç soramagy kiçilik bilme! Hiç wagt ýalan sözleme, ýalanyñ bar ýerinde diñe betbagytlyk bardyr. Bardy geldi ýalan sözläýseñem ony giç bolmaka boýnuña almakdan gorkma!

Öýe myhman gelse baryñdan saçak ýazyp hyzmat et! Olara sypaýy we mähirli bol, çünki gelen myhman bereketi bilen geler. Köpçilikde gaty ses bilen gülme we gaty sesiñ bilen gygyrma! Bu ikisi zenan edebini ýere bulaýan ilkinji alamatlar. Birden öziñ myhman bolaýsañ, hemişe göziñ dok bolsun. Baran ýeriñ edep-haýaña we terbiýäñe haýran galsyn. Ýöne çagyrylmadyk ýeriñe hiç wagt barmagyn. Atañ öýiñe belli bir sebäp bolmasa kän barma, yzygiderli baryp durmak gowlugyñ alamaty däl. Säher bilen tur, irden asmandan bereket ýagar. Arassaçyl bol,öýiñ içini, daşyny we geýimleriñ päkize bolup durmagyny gazan, bulary öziñe endik et!

Wepaly bol, biri birimize bolan söýgi gün günden güýjesin! Bardy geldi başyña bir iş düşäýse, aljyrama we gorkma men hemişe señ ýanyñda! Bagtymyz we çagajyklarmyz bilen ene-atalarymyzy guwandyraly!
51
278
Islam_Atayew
07.04.2024 22:41
Güýmenje 2
30
121
Islam_Atayew
07.04.2024 17:47
Güýmenje.
35
124