Islam_Atayew
10.04.2024 00:53
Eý ynsan göreniňe ynanyp ýörme
Durmuşyň ýalňyşy, dogrulary bar
Her söýýän diýene göwnüñi berme
Adamyň erbedi, gowulary bar.

Sebäpsiz dogmaýar irden güneş hem
Rugsatsyz almaýar janly-jandar dem
Men-menlik eýleýip bolmagyn gedem
Ummanka çöl bolup galýanlary bar.

Ökde bolaňda nä hasap-hesibe
Maňlaýyň şor, ýaman bolsa nesibe
Adam tanajakmy bergin wezipe
Çöketkä özün dag saýýanlary bar.

Erkeklik gün-günden ownaýar juda
5 şaý üçin dossun edýärler pida
Ýüzüňe aýdyp bilmän, goýberseň hata
Arkaňdan gep edip gülýänleri bar.

Ýörejek bol mydam iliň deñinde
Ne yza gal, ne-de gezgin öňünde
İş tutjagyň tanamasaň soňunda
Elde baryň ýoguň alýanlary bar.

Eje-kaka bil juda mukaddes zat
Ynjytmagyn bolsun kalbyňda ynsap
Bermeli dällir öýdip magşarda hasap
Ene-atasyna sütem kylýanlary bar.

Söz diňlemez näçe aýtsaňda göwün
İçensoň päk söýgüň jadyly suwun
Tanap algyn ýaryň, ýogsa bedenin
Satyp ar namysda goýýanlary bar.

Göz ýetirmän häsýetine gylygna
Baha berme kişiň adamçylygna
Dossuň syrap, girip çykyp duluňa
Erte gelniň bilen bolýanlary bar.

Panyda iñ gymmat, iñ gyt zat zaman
Şu günüňe şükür et, ertiriň guman
Bu bir synag, baýlyk däl, sogap gazan,
O dünýä dowzahda ýanýanlary bar.

Atajan Gylyjow
31
90
jady
10 Aprel 2024
Gaty gowy gosgy. 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.