Islam_Atayew
08.04.2024 01:47
Öýlenen ýigidiñ täze gelnine sargytlary.

Ilki bilen salam, öýmize hoş geldiñ! Nurdan doly jemalyñ, gözelligiñ bilen törimizi aý ýaly bolup bezediñ! Şu günden şeýläk ikimiz durmuşyñ ajy we süýji purstlaryna şaýatlyk eders, durmuşyñ belentli pesli ýollaryny bile geçers, şol ýollara başlaýan ilkinji günimizde saña sargytlarymy we öwitlerimi aýtmakçy ünsli diñle we berk belle!

Meni dünýä indiren ejeme we hiç kimden kem etmän ekläp saklan kakama hiç wagt hormat-sylagñy gaçyrma, olaryñ saña öz çagasy ýaly garajagyna men berk ynanýaryn. Olar garrady, nahar iýenlerinde garrylyk duýgularyna erk edip bilmän naharny dökse, gaşyñy çytma, igenme, ýadyñdan çykarma garrylyk hemmäniñ başynda bardyr.

Gybat-gepden daşda bol, seniñ adyña şikes ýetirjek ilkinji duşmanyñ biri gybatdyr. Eger-de aramyzda islendik ulyly-kiçili düşinişmezlik bolaýsa (bolmawersin) ony öýñizdäkilere (ýagny ejeñe) aýtmakçy bolup gyssanma, sen geçirimli bol! Sabyrly bol! Erkeklerde näme göwin bar, bir ýylgyrsañ gahary ýatyşar. Sada we pespäl bol, bu saña gaty gowy gelişýär! Ötiniç soramagy kiçilik bilme! Hiç wagt ýalan sözleme, ýalanyñ bar ýerinde diñe betbagytlyk bardyr. Bardy geldi ýalan sözläýseñem ony giç bolmaka boýnuña almakdan gorkma!

Öýe myhman gelse baryñdan saçak ýazyp hyzmat et! Olara sypaýy we mähirli bol, çünki gelen myhman bereketi bilen geler. Köpçilikde gaty ses bilen gülme we gaty sesiñ bilen gygyrma! Bu ikisi zenan edebini ýere bulaýan ilkinji alamatlar. Birden öziñ myhman bolaýsañ, hemişe göziñ dok bolsun. Baran ýeriñ edep-haýaña we terbiýäñe haýran galsyn. Ýöne çagyrylmadyk ýeriñe hiç wagt barmagyn. Atañ öýiñe belli bir sebäp bolmasa kän barma, yzygiderli baryp durmak gowlugyñ alamaty däl. Säher bilen tur, irden asmandan bereket ýagar. Arassaçyl bol,öýiñ içini, daşyny we geýimleriñ päkize bolup durmagyny gazan, bulary öziñe endik et!

Wepaly bol, biri birimize bolan söýgi gün günden güýjesin! Bardy geldi başyña bir iş düşäýse, aljyrama we gorkma men hemişe señ ýanyñda! Bagtymyz we çagajyklarmyz bilen ene-atalarymyzy guwandyraly!
51
278
nabat_
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, gowyla mnm🙃
goshguchy
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, yok yok bardyr oyun edyan. Bulary aytmandada sna aytdyrman yerine 3 essesi bilen yetirjek gyzlar kan
goshguchy
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, ay sn entek entek oylenmaymesen onna😁
goshguchy
22 Aprel 2024
Gowy yazypsyn. Sana barjak gelin ilki sn shu postyny okamalyda ha😁
Miss_Minnosh❤️
11 Aprel 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
govher_mollamuradova
11 Aprel 2024
Gaty haladym manyly...
govher_mollamuradova
11 Aprel 2024
👍👍
bbsb
8 Aprel 2024
👍gaty manyly.
flowers_
8 Aprel 2024
@Islam_Atayew, bolýa))
flowers_
8 Aprel 2024
@Islam_Atayew, aýdylmaly zatlar diýseñ näbileýin ýüregim ýaryldy😁, toýa garaşyp ýörendiris))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.