Islam_Atayew
09.04.2024 00:28
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje
gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp,
gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: "Bu gün iñ gowy dostum meniň ýüzüme șarpyk çaldy" diýip ýazypdyr. Soñra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek
isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam yüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzine: "Şu gün iñ gowy dostum meni ölümden halas etdi" diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň
eden bu hereketine geň galyp seredip
durupdyrda, şeýle sowal beripdir: "Janyñy ýakan wagtym gumuň yüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?".
Dostunyň beren soragyna: "Eger-de biri
janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly,
sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly" diýip jogap beripdir.
41
120
bbsb
9 Aprel 2024
👍👍👍
ayymsha
9 Aprel 2024
👍👍👍
wolf
9 Aprel 2024
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.