Islam_Atayew
08.04.2024 12:33
1.Özgäniň kemçiligine bellik edip
ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2.Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de
ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3.Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym,
aýagy ýok adamy görenime çenli.

4.Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan
Özüňi gora.

5.Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň
ýazmak gerek.

6.Saña edilmek islemedik zadyny, başga
birine etme.

7.Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.

8.Dilden gelen elden gelse - çyn gedaý
patyşa bolar.

9.Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek
hem ömür sürmegi başarmaýan köp.

10.Daşy deşen, suwuň güýji dãäl-de,
damjalaryi yzgiderligidir.

11.Garny açlardan has hem kalby açlara
gynanýaryn.

12.Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.

13.Ýalan at ýaly gider, hakykat ýörär, ýöne wagtynda ýetişer.

14.Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly
ogurlatsaň kemeler.

15.Ýaman diydi - başda ýagşydym menem.

Hazynam.app
28
99
medik_
8 Aprel 2024
@ideallider, hazynam prog
ideallider
8 Aprel 2024
@medik_, näme programma ol?
medik_
8 Aprel 2024
@gul✿, pozma way gowy sozler nace okasanam yadanok👍
medik_
8 Aprel 2024
Gowy programma solam👍kopirowat bolanokda yone🤷🏻‍♀️
medik_
8 Aprel 2024
Suna menem goyupdym😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.