Islam_Atayew
22.04.2024 00:05
Il-ä seni Aýa deňeýän eken,
Meň-ä seni Aýa deňäsim gelenok.
Gel, men seni Marsa deňäýin-le.
Hawa, sen Aý ýaly owadanam,
Akja-da...
Ýöne meni göreňde gyzarýaň-da
Mars ýaly.
Seret, men sende iliň görmeýän
zadyny görýän,
Hany, maňa jogap ber,
Şu söýgi dälmi?



© Parahat BATYROW
37
90
Islam_Atayew
21.04.2024 13:57
Ýer ýüzünde iň uly dartyş güýji, sagat 7-däki ýassyk.

***

Ir bilen serasap hereket etmeli. Bir ýalňyş
hereket we sen ýene ýatyrsyň.
***

Kiçi wagtym pikir edýärdim, 09:00-dan
18:00-a çenli işlärin, işden soň dostlarym
bilen klublara gidip keýp ederin. Ýaş
ekenim, gaty ynanjaň bolupdyryn.

***

Wagt diýseň çalt geçýäraý, gözümi açanym
ýaňy welin, eýýam işe gije galýan.

***

Nahar! Meni semretme ýa-da beýle
tagamly görünmegiňi bes et!

***

Käwagt şeýle bolýa, işde otyrsyň, otyrsyň,
"Bäh, nireden pul gazanyp bolarka" diýýäň.

***

Ependi-den ýaşyny sorapdyrlar, olam: "Elli"
- diýip jogap berýär. On ýyl geçensoň ýene
sorasalar: "Elli" - diýip jogap berýär. Oňa,
"On ýyl mundan öňem elli diýipdiň"
diýseler, Ependi gaharlanyp: "Erkek
diýeniň bir sözli bolmaly how" – diýýär.

***

Iki kör bir kilogram erik satyn alyp, bir
ýerde otyryp iýmäne başlapdyrlar. Biri
beýlekisine:
-Eý, Pylany, näme üçin iki-ikiden iýýäň? -
diýip ýüzlenipdir. Beýlekisi bolsa:
-Ýok how, ýekejeden iýýän. Nireden tapdyň-
aý iki-ikiden iýýäňi?- diýip özünden
sorapdyr. Ol bolsa:
-Hä, şeý diýsene, men iki-ikiden iýýändä,
onsoň sen hem şeýle edýäňmikäň öýtdim-
diýenmiş.

***


Üç ýaşlyja Aýperijik ejesinden soraýa:
-Eje, şokolad iýjekmi?
-Hawa.
-Bar getir...

***

-Lukman inim, gözlerim kütelişipdir,
uzakdan gelýäni ýanyma gelýänçä
saýgaramok.
- Näme ýanyňa gelýänçä ýüregiň ýarylyp
barýarmy?

Toplan: ATSYZATLY (Edebiýat agşamy).
60
545
Islam_Atayew
21.04.2024 00:06
Adam ulaldygyça dertler artýarmy ýogsa
adam ulaldygyça hakykata düşünýärmi?!
29
239
Islam_Atayew
20.04.2024 09:56
Awçularyň elinden ýaraly bolup gaçyp
gutulan ýolbarsy gören tilki: "Bu nä boluş
ýolbars dogan ? Biziñkiler awa çykypdyrlarda, seni awlaýdylarmy ýa?"
diýipdir.
Ýolbars, ganlar içinde öñem ýaraly, ysgynsyz we ýadow, tilkä tarap öwürlip: "Men bu ýaradan ölmezdim welin, seniñ bu söziñ meni öldirdi." diýipdir.

***

Lukman Hekimden: "Hassamyza nämeler
iýdirmeli ?" diýip soranlarynda şu jogaby
beripdir:
"Ajy söz iýdirmän, başga näme iýse-de
bolar."

***


Mevlana şägirtleri bilen birlikde ýolda ýöräp barýakalar, biri-birlerine gysylşyp ýatan itleri göripdirler.
Şägirtlerden biri " Gaty gowy doganlyk
ýagdaýy" diýipdir. "Käşkä adamlar hem
bulardan biraz görelde alsalar."
Mevlana çala ýylgyrypdyr we garşylyk
beripdir:
"Aralaryna bir süñk okla-da, gör, hany nahili
doganlyklarny."


Toplan, terjime eden: Öwezmyrat
AŞYROW. (Edebiýat agşamy)
35
51
Islam_Atayew
20.04.2024 00:30
Adamyñ hemme ganyny içip gutarmak
üçin 12 000 çybyn gerek.

***

Jübütlerin 60%-i toýdan soň semreýär.

***

Norwegiýalylar her ýyl öz nebit fondyndynyň diňe 3 %-ni sarp edýärler. Galanlary bolsa geljek nesilleri üçin
saklanýar.


***

Ähli naharlaryň 75%-i diňe 12 görnüş
ösümlik we onuñ 5 görnüş haýwandan
taýýarlanylýar.

***

Süýem barmak iň duýgur barmak hasaplanýar.


***

Coca-Cola esaslandyryjysy Jon Pemberton
garyplykda öldi.


***


Dünýädäki gyzlaryň ortaça boýy 163 sm.


***


ABŞ-da güller arzan sowgat hökmünde
görülýär. Şonuň üçin hem güller
seýrek sowgat edilýär.


***


Dünýädäki adamlaryň 60%-i Aziýada
ýaşaýar.


***


Rolls Royce iň uzak ömürli awtoulag. Bu
kompaniýanyň taryhy boýunça öndürilen
ulaglaryn 3/4-si häzir hem ulanylýar.


***

Akylly çagalaryň köpüsi alkogolik bolup ýetişýär.


Täsin_dünýäm
29
152
Islam_Atayew
19.04.2024 16:54
DURMUŞDA ÖŃE GITMEK ÜÇIN GEREK BOLAN 13 SANY ÝÖNEKEÝ DÜZGÜNLER.

1. Köp telewizor görmäň.
2. Size ikilik eden adamlaryň ýanyna gaýdyp barmaň olar üýtgemezler.
3. Kelläňize gowy pikir geldimi? Ony ýazyň. Ol size haçanda bir wagt gerek bolar.
4. Gijä galýarsyňyzmy? Ol hakda duýdurjak
boluň. Bu ol diýen kyn zat däl.
5. Illeriň arzuwynyň üstünden gülmäň. Öz
arzuwlaryňyz hakda pikir ediň.
6. Hakykady sözläň, şonda hiç zady ýatda
saklamak gerek bolmaz.
7. Gybat ýaýratmaň. Ol sizi gowulygyň
üstünden eltmez.
8. Mylakatlylyk oba-şäherleri syndyrýar. Ony köpräk ullanyň.
9. Öz ýalňyşlaryňyzy boýun almagy başaryň.
10. Hemişe arz-şikaýat etmek endigiňizden
saklanyň iliň aladalary hiç kimi
gyzyklandyrmaýar.
11. "Kynçylyklara garamazdan hereket et"
diýýärler. Synanyşyp görüň, kömek eder.
12. Düşnüksiz ýagdaýlarda ýatyň. Onsoňam her bir ýagdaýda ýatda saklaň, "bu-da geçer".
13. Agyr jedellerde-de adamyň göwnüne gaty degmejek boluň. Siz ýaraşarsyňyz, emma sözler uzak wagt ýatda galar.

interesnoe.tm
32
57
Islam_Atayew
19.04.2024 00:05
- Bularyň haýsysy kelle agyryň
dermanydy?


- Seret häzir şu maşyndan abgon geçişimi...


- Iki motoryň arasyndan nähili geçişimi görjekmi...


- Sen zyň, tutýan men...


- Ezizim, seret ýyldyz süýnýä... (meteor)


- Bu düwmä bassaň näme bolýakanaý?



- Ezizim, gel ýagyş diňinçä şu agajyň
aşagynda garaşaly.


-Ezizim, gazyň ysy gelýämi?
Şemleri ýak hany barlaýyn...


Itiňiz barmy?
- Geliwer, zynjyra daňylan...


- Ezizim, bu etiň tagamy sarňada birhilli
gelmedimi?


- Häääheeeýt, heýem bir Rus ruleti şeýle
oýnalarmy. getir özüm görkezeýin...


- Bir-birden geliň, erkek bolsaňyz...


- Gorkma, gorkma, bu tunelden naçe ýyl
bäri otly geçenok...



- Eeeý, ýaman tiz gidýän ekenaý bu maşyn,
uçurýa, uçurýaaa, biz uçýas...



- Diýmek, piraniýa diýilýän balyklar
şuda...



- Garaş dost häzir bir çümüp çykaýyn...



- Mantýor çagyrmak nämä gerek, häzir
meniň özüm düzedýän...



- Menä bökjek, düýn bu ýapdan ol daşy çykardylar...



- Mergen aga, kapasaň gapysy ýapyk
gerek?



- Şu maşyn çyndanam 250-den gitýämikä?



-Ohhooo, dogtoryň her diýenini etjek
bolsak aç galýas, iýiň-iýiň noş bolsun...



- Öňler şu ýerlerde mina köpmiş, indi
birjigem galmandyr, arkaýyn ýöräber...



- Paraşuty ýere iň ýakyn men açaryn....



- Şu granataň halkasyny çekenden soň näçä sanaýadyk?



- Eeeý bular zäherli kömelek däl hoow, ine
seret men iýip görkezeýin...



- Dykgat, dykgat, uçaryň kapitany gepleýä:
Eşhedü enlääääää...



- Beýle gorkyberme how bu ýylanlaryň
zäheri alynan...


- Seret, uçaryň dwigateliniñ perwanalary şeýlebir tiz aýlanýa welin hamana diýersiň hiç aýlanmaýan ýaly...



- Näme üçin bu köpriden hiçkim geçenok? Bu abat ahyry. (Ulagny köprä tarap gönikdirýär)

interesnoe.me
39
305
Islam_Atayew
18.04.2024 19:34
Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber.

* * *

Akylly adam her bir bolan wakadan many
alar.

* * *

Iň uly miras baýlyk dälde, abraýdyr.

* * *

0:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz
bolmaz.

* * *

Akyl iş akyldan çykar, akyllar nakyldan
çykar.

* * *

Hassa melhem gerek, şahyra ylham gerek.

* * *

Aşa joşgun adamyny köp gürlemäge
mejbur edýär.

* * *


Adam- sähelçe zada begenip, sähelçe
zada gynanyp bilýä.

* * *

Her bir adam,adam bilen adamdyr,
Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz?

* * *

Goý mydam ýagşy adamlar,
Ýagşy ýola ätlesinler.
Sen dünýäde ýagşylyk et,
Yagsylykda ýatlasynlar.


© Gerçeknazar AMANNAZAROW
28
54
Islam_Atayew
18.04.2024 13:41
Dünýäniň iň uly altyn balyklarynyň biri çeňñege düşdi. Britaniýaly balykçy Endi Heket tarapyndan tutulan bu balyk Fransiýanyň Şampan welaýatyndaky Blýuwoter kölünden tutuldy.
«Käşir» diýip atlandyrylýan bu balyk mämişi reňkdedir.
Agrany 30 kilograma deň bolan altyn balyk 20 ýyl mundan ozal Blýuwoter kölüne goýberilipdir. Endi Heket bu kölden şeýle balygy tutaryn öýtmändigini aýdýar. Balykçynyň, bilelikde ýadygärlik surata düşenden soňra, «käşiri» suwa
goýberendigi habarda mälim edilýär.

Salam.news.
37
197
Islam_Atayew
17.04.2024 17:06
Eýnşteýn ýyllarboýy dünýäniň köp ýerlerini
aýlanyp, ol ýerlerde leksiýa berer ekeni. Sürüjisi hem hemişe onuň ýanynda bolupdyr. Sürüji Eýnşteýni sahna elteninden soň yzky setirleriň birinde oturyp, ony diňleyärdi. Ol Eýnşteýniň öwredýän zatlarynyň ählisini ýatdan bilyärdi.
Günlerde bir gün sürüji meşhur akyldara şeýle
teklip edyär. «Doktor Eýnşteýn, sizi köp wagtdan bäri diñleyärin, aýtýan zatlaryňyzyň ählisini diýen ýaly ýatdan bilyärin. Bir gün siz sürüji boluň, men hem siziň ýeriñize sahna çykaýyn. Nähili pikir edýärsiňiz?».
Eýnşteýn bu teklibi kabul edyär. «Makul gürrüň.
Indiki gitjek ýerimizde sen meniň ýerime sahna çyk, men hem sürüji bolup, yzdan tomaşa edeýin» - diýipdir. Uly bir zala girensoňlar, Eýnşteyn sürüji hökmünde yzky setire geçip ornaşýar. Sürüji hem sahna çykýar, düşündirip başlaýar. Söhbetdeşligiň yzygiderliligi haýran galdyrýardy. Sürüji ençeme ýyldan bäri diňlän
zatlarynyň bir setirini hem galdyrman gürrüň beripdir. Şol wagt bir diňleýji ýerinden turup, sahnadaky sürüjä ozal eşitmedik sowalyny beripdir. Sürüji özüni ýitirmändir. «Bu ýönekeýje soraga hatda meniň sürüjim hem jogap berip biler... - diýip, yzky hatarda oturan hakyky Eýnşteýne tarap ümlåpdir. Eýnşteýn oturan ýerinden soragyň jogabyny beripdir.

Ýanyňda akylly biri bolsa çykalga tapmak kyn
bolmaýar.
39
140