Islam_Atayew
17.04.2024 17:06
Eýnşteýn ýyllarboýy dünýäniň köp ýerlerini
aýlanyp, ol ýerlerde leksiýa berer ekeni. Sürüjisi hem hemişe onuň ýanynda bolupdyr. Sürüji Eýnşteýni sahna elteninden soň yzky setirleriň birinde oturyp, ony diňleyärdi. Ol Eýnşteýniň öwredýän zatlarynyň ählisini ýatdan bilyärdi.
Günlerde bir gün sürüji meşhur akyldara şeýle
teklip edyär. «Doktor Eýnşteýn, sizi köp wagtdan bäri diñleyärin, aýtýan zatlaryňyzyň ählisini diýen ýaly ýatdan bilyärin. Bir gün siz sürüji boluň, men hem siziň ýeriñize sahna çykaýyn. Nähili pikir edýärsiňiz?».
Eýnşteýn bu teklibi kabul edyär. «Makul gürrüň.
Indiki gitjek ýerimizde sen meniň ýerime sahna çyk, men hem sürüji bolup, yzdan tomaşa edeýin» - diýipdir. Uly bir zala girensoňlar, Eýnşteyn sürüji hökmünde yzky setire geçip ornaşýar. Sürüji hem sahna çykýar, düşündirip başlaýar. Söhbetdeşligiň yzygiderliligi haýran galdyrýardy. Sürüji ençeme ýyldan bäri diňlän
zatlarynyň bir setirini hem galdyrman gürrüň beripdir. Şol wagt bir diňleýji ýerinden turup, sahnadaky sürüjä ozal eşitmedik sowalyny beripdir. Sürüji özüni ýitirmändir. «Bu ýönekeýje soraga hatda meniň sürüjim hem jogap berip biler... - diýip, yzky hatarda oturan hakyky Eýnşteýne tarap ümlåpdir. Eýnşteýn oturan ýerinden soragyň jogabyny beripdir.

Ýanyňda akylly biri bolsa çykalga tapmak kyn
bolmaýar.
39
140
gulia_maksatmyradowna
18 Aprel 2024
@Islam_Atayew, hawa sag bol ✊
gulia_maksatmyradowna
18 Aprel 2024
Oho dereje gutlyş 😊
melhem
18 Aprel 2024
@Islam_Atayew, minnetdar :)
melhem
18 Aprel 2024
Derejäñiz bilen gutlaýan menem ⭐
flowers_
18 Aprel 2024
Geleniñ ýañy ýalydy, wagtyñ geçäýşini😊
flowers_
18 Aprel 2024
@Islam_Atayew, ýyldyz bolupsyña tüweleme, gutlaýan👍
manolya
17 Aprel 2024
Gutlu bolsun derejäň :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.