Islam_Atayew
21.04.2024 13:57
Ýer ýüzünde iň uly dartyş güýji, sagat 7-däki ýassyk.

***

Ir bilen serasap hereket etmeli. Bir ýalňyş
hereket we sen ýene ýatyrsyň.
***

Kiçi wagtym pikir edýärdim, 09:00-dan
18:00-a çenli işlärin, işden soň dostlarym
bilen klublara gidip keýp ederin. Ýaş
ekenim, gaty ynanjaň bolupdyryn.

***

Wagt diýseň çalt geçýäraý, gözümi açanym
ýaňy welin, eýýam işe gije galýan.

***

Nahar! Meni semretme ýa-da beýle
tagamly görünmegiňi bes et!

***

Käwagt şeýle bolýa, işde otyrsyň, otyrsyň,
"Bäh, nireden pul gazanyp bolarka" diýýäň.

***

Ependi-den ýaşyny sorapdyrlar, olam: "Elli"
- diýip jogap berýär. On ýyl geçensoň ýene
sorasalar: "Elli" - diýip jogap berýär. Oňa,
"On ýyl mundan öňem elli diýipdiň"
diýseler, Ependi gaharlanyp: "Erkek
diýeniň bir sözli bolmaly how" – diýýär.

***

Iki kör bir kilogram erik satyn alyp, bir
ýerde otyryp iýmäne başlapdyrlar. Biri
beýlekisine:
-Eý, Pylany, näme üçin iki-ikiden iýýäň? -
diýip ýüzlenipdir. Beýlekisi bolsa:
-Ýok how, ýekejeden iýýän. Nireden tapdyň-
aý iki-ikiden iýýäňi?- diýip özünden
sorapdyr. Ol bolsa:
-Hä, şeý diýsene, men iki-ikiden iýýändä,
onsoň sen hem şeýle edýäňmikäň öýtdim-
diýenmiş.

***


Üç ýaşlyja Aýperijik ejesinden soraýa:
-Eje, şokolad iýjekmi?
-Hawa.
-Bar getir...

***

-Lukman inim, gözlerim kütelişipdir,
uzakdan gelýäni ýanyma gelýänçä
saýgaramok.
- Näme ýanyňa gelýänçä ýüregiň ýarylyp
barýarmy?

Toplan: ATSYZATLY (Edebiýat agşamy).
60
545
fl_ower
22 Aprel 2024
😅
gormegeyje
22 Aprel 2024
😂🤣
Miss_Minnosh❤️
22 Aprel 2024
🤣
gulshatayewa97
22 Aprel 2024
😂😂😂😂
hayyat
22 Aprel 2024
👍🏻👍🏻
XL-19
22 Aprel 2024
🌝
mokono
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, edebiýat,clan.su my ýa seň diýýän saýtyň?
mokono
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, bolýa ,sag bol
mokono
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, ssylkasyny berip biljekmi şol saýtyň ?
mokono
22 Aprel 2024
@Islam_Atayew, şepä salam aýt "şepäň salam aýtdy" diýseň tanar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.