Islam_Atayew
20.04.2024 09:56
Awçularyň elinden ýaraly bolup gaçyp
gutulan ýolbarsy gören tilki: "Bu nä boluş
ýolbars dogan ? Biziñkiler awa çykypdyrlarda, seni awlaýdylarmy ýa?"
diýipdir.
Ýolbars, ganlar içinde öñem ýaraly, ysgynsyz we ýadow, tilkä tarap öwürlip: "Men bu ýaradan ölmezdim welin, seniñ bu söziñ meni öldirdi." diýipdir.

***

Lukman Hekimden: "Hassamyza nämeler
iýdirmeli ?" diýip soranlarynda şu jogaby
beripdir:
"Ajy söz iýdirmän, başga näme iýse-de
bolar."

***


Mevlana şägirtleri bilen birlikde ýolda ýöräp barýakalar, biri-birlerine gysylşyp ýatan itleri göripdirler.
Şägirtlerden biri " Gaty gowy doganlyk
ýagdaýy" diýipdir. "Käşkä adamlar hem
bulardan biraz görelde alsalar."
Mevlana çala ýylgyrypdyr we garşylyk
beripdir:
"Aralaryna bir süñk okla-da, gör, hany nahili
doganlyklarny."


Toplan, terjime eden: Öwezmyrat
AŞYROW. (Edebiýat agşamy)
35
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.