Islam_Atayew
18.04.2024 19:34
Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber.

* * *

Akylly adam her bir bolan wakadan many
alar.

* * *

Iň uly miras baýlyk dälde, abraýdyr.

* * *

0:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz
bolmaz.

* * *

Akyl iş akyldan çykar, akyllar nakyldan
çykar.

* * *

Hassa melhem gerek, şahyra ylham gerek.

* * *

Aşa joşgun adamyny köp gürlemäge
mejbur edýär.

* * *


Adam- sähelçe zada begenip, sähelçe
zada gynanyp bilýä.

* * *

Her bir adam,adam bilen adamdyr,
Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz?

* * *

Goý mydam ýagşy adamlar,
Ýagşy ýola ätlesinler.
Sen dünýäde ýagşylyk et,
Yagsylykda ýatlasynlar.


© Gerçeknazar AMANNAZAROW
28
54
nabat_
18 Aprel 2024
Aşa joşgun adamyny kop gurlemäge mejbur edyar😁edil men
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.