Islam_Atayew
14.09.2024 00:18
"Dükana aç girmäñ, kän zat satyn almazlyk üçin" diýen söz bilen köpler tanyş. Bu gün bolsa puly tygşytlamak üçin has peýdaly düzgünleri öwreneliñ.

Söwda saparyňyzy öňünden meýilleşdiriň. Her gezek işden soň dükana gitmegiň ýerine, esasanam aýlyk günleri barada aýdylanda, söwda saparyny öňünden meýilleşdirmek has amatlydyr.

Maşgala üçin birnäçe gün ýeterlik boljak zerur zatlaryň we önümleriň sanawyny öňünden düzmek iň gowusydyr. Köpler
mahabat önümleriniň hökmany suratda hiliniň pesdigine we möhletiniň gutarandygyna ynanýarlar. Bu düýbünden nädogry, arzanladyşlarda gaty ýokary hilli zatlar satyn alyp bilersiñiz, mysal üçin dükan ýapylanda...

Başga adamlaryň çykdajylaryna seretmäň. Dostuňyzyň her gün restoranda nahar iýip biljekdigi, geýimini her aý täzeläp, güýmenje üçin ep-esli pul sarp edip biljekdigi sebäpli, siz hem edil şonuň ýaly etmelidigiňizi aňlatmaýar.

Çykdajylar býudjetiňize esaslanyp meýilleşdirilmelidir.

Arkaýyn durmuş üçin her kimde garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykan halatynda ýagdaýy tygşytlap biljek belli bir mukdarda pul bolmaly.

Aýlygyňyzyň 5-10%-ini bank hasabynda ýa-da konwertde goýuň we düýbünden zerur bolmasa bu pula degmäň.

Ulanmaýan zatlaryňyzy satyň. Umuman, 1- 2 ýyldan gowrak wagt bäri ulanmadyk zatlaryňyzdan yzygiderli dynmak maslahat berilýär

Allanur BAÝRAMOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
12
37
Islam_Atayew
13.09.2024 20:47
1. Deñizde tapdyrmaýan daş.

2. Öňňin, düýn, şu gün, erte, birigün we biýrigünden 2 gün soňky gün hepdäniň anna güni bolsa,onda şu gün
diýen günüm hepdäniñ haýsy güni bolar?

3. Derýanyň boýunda 2 adam düşleýärler. Kenarýakada bolsa derýanyň beýleki ýüzüne geçer ýaly 1 adamlyk gaýyk bar, emma adamlar derýanyň beýleki kenaryna
geçmegi başarýarlar. Nähili we nädip?

4. 4 sany itde 3 sany guşda jemi näçe jübüt aýagy bar?

5. Kapasada bir topar towşan we sülgün bar. Olaryň kelle sany 35, aýak sany bolsa 94. Kapasada näçe sany towşan bar?

6. 2 sany otluçöpi döwmän, nähili edip 10-y aňlatmak bolar?

7. Arapça "sifr" näme diýmek?



Taýýarlan TDMI-ñ talyby:

Altyn Kurbanowa
18
282
Islam_Atayew
13.09.2024 14:11
Salam hemma, imo hasap şular ýaly bloga düşensoñ açylýamy ýa umydyñy üzäýmelimi?

Bilyan ba bolsa ýada kimde bolup gören bolsa pikirñizi paýlaşaýyñ.
16
218
Islam_Atayew
13.09.2024 00:18
Öz toýy güni aradan çykan gyza düzilen goşgy(Aýdym).


Eşit gyzym ejeñ, zaryn sözini
Joralaryñ turdy, tursana balam!
Taşlap gitme bu gün, durmuş toýyñy,
Gelinalyjyñ gelýäle, tursana balam!

Ýigrim bir ýaşyñda "men" diýen wagtyñ,
Ajal ýolum kesdi, ýypyldy bagtym.
Aýdym-sazly gelýä, ol söýen ýigidiñ,
Gelinalyjyñ gelýäle, tursana balam!

Deñi - duşlañ geldi, seniñ toýuña,
Ugratjakdym balam, gaýyn öýiñe!
Ugratmaly boldum, baky öýiñe,
Söýen ýigdiñ gelýä, tursana balam!

Ýeke gyzym sensiñ, meniñ geregim,
Taýyn edip goýdum çaýyñ-çöregiñ
Urmasyny goýdy, juwan ýüregiñ
Gelinalyjyñ gelýäle, tursana balam!

Weli ýazdy meniñ zaryn sözimi,
Ganly ýaşdan suwadym men ýüzimi
Baky ýumdy balam, gara gözini,
Söýen ýigdiñ gelýä, tursana balam!
Gelinalyjyñ gelýäle, tursana balam!
26
164
Islam_Atayew
12.09.2024 18:20
"The Overtuon" köprüsi Şotlandiýanyň Milton diýilýän ýerinde 1859-njy ýylda gurulan köpri. Bu köprini dünýä belli eden zat bolsa düşündirip bolmajak syrly zatlaryň bolup geçmegidi.

Bu köprüden itler özlerini oklap ölýärler. Ilkinji wakalar köpri gurulup tamamlananyndan soñ 1960-njy ýyldan soñ başlanýar. "Lessie" jynsyndan bolan itleriñ hemmesi bu köprüden özlerini oklap ölüpdirler. Özem köprüniñ gyrasynda gorag berkitmesi hem bardy. Şoña-da boýy ýetmeýän itler özlerini nädip okladylarka. It ilki şol gorag berkitmesine münüp soň oklaýar eken. Göýä aşakda bir hezillik bar ýaly. Itler özlerini gaty höwesli oklaýardylar. Birnäçe gezek diri galan itlerem bolupdyr, ýöne soñ diri galan galanlaram ahyr ýene şol köprüden böküp heläk bolupdyrlar. Geň ýeri hem itler köprüniñ şol bir tarapyndan, şol bir ýerinden bökýärdiler. Kä
adamlar bu köprünin ruhlydygyna ynanypdyrlar. Emma 1994-nji ýylda şol köprüden bir adam ilki elindäki bäbegini aşak zyñypdyr, soñam özüni oklapdyr. Bu waka dogrusynda syn ýazylmandyr. Ýöne şol adamyň öz bäbegini oklandygy ynandyryjy däl. Mümkin elinden gaçyrandyr. Elindäki bäbegini diñe kem akyl ýa-da däli adamlar oklaýmasa.

Käbir adamlar bolsa bu köprä "Syrat köprüsi" diýibem pikir edýärler.

Kitapcy
17
93
Islam_Atayew
12.09.2024 08:25
Näme üçin bäşlikçiler köplenç üçlikçileriñ (ýa-da ikilikçileriñ) elinde işleýärler?

Sebäbi 5-ler (sözi uzaldyp oturmadym düşinensiñiz diýip umyt etýän)  ähli zady dogry etjek bolup çalyşýarlar.

A 2-ler 3-ler bolsa, ýalñyşýarlar ýene galýarlar, etýäler, ýalñyşýarlar ýene galýalar garaz ýalñyşyny düzetýärler we ýene etýäler, şeýdip öz öñinde goýan maksadyna ýetýärler.

A 5-ler bolsa, mekdepde her dogry iş edeni üçin, 5-lik alany üçin olar hemme zadyñ idealny bolmagyna garaşýarlar. Şeýdibem öñinde goýan maksatlaryna tarap dolylygna gidip bilenoklar. Galybersede risk alyp bilenoklar we karar kabul edip bilenoklar.


Allyýew Süleýman

Biznes psiholog.


Sizi üstinlige elten, ýalñyşlyklar bar bolsa teswirlerde ýazyp bilersiñiz!
17
252
Islam_Atayew
12.09.2024 00:15
Bür­güt­ 70­ ýyl­ ýa­şa­ýar,­ ýö­ne­ ol­ bu ýa­şa­ ýet­mek­ üçin­ 40­ ýa­şa­ ba­ran­da çyn­la­kaý,­
agyr­ sy­na­gy­ baş­dan­ geçir­me­li­ bol­ýar.­ Şol­ ýaş­da­ onuň­ dyrnak­la­ry­ bür­şüp­ ýum­şa­ýar,­ as­manda­ öz­ awu­ny­ alyp­ bil­me­ýär.­ Onuň uzyn­dan­ ýi­ti­ çüňk­le­ri­ syp­jy­ry­lyp,­ bur­lup­ ug­ra­ýar.­ Onuň­ ga­nat­la­ry toz­ýar,­ per­le­rin­de­ top­la­nan­ ýag se­bäp­li­ ag­ra­my­ art­ýar.­ Ga­nat­ kakma­gy­ kyn­la­şyp­ ug­ra­ýar.­ Bür­gü­diň öňün­de­ iki­ ýol­ gal­ýar:­ öl­me­li­ ýa-da 150­ gü­ne­ çek­ýän­ agy­ra­ döz­ gel­meli.­ Eger-de­ bür­güt­ dur­mu­şy­ saý­lap al­sa,­ on­da­ da­gyň­ be­lent­li­gi­ne­ göte­ri­lip,­
uçut­ ga­ýa­da­ky­ hö­würt­gede­ uzak­ wagt­lap­ gal­ma­ly­ bol­ýar.­ Bür­güt­ şol­ ýer­de­ çüň­kü­ni­ tä döwlüp­ gaç­ýan­ça­ ga­ýa­ ur­ýar.­On­soň­ ol bür­güt
tä­ze­ çüňk­ çyk­ýan­ça­ ga­ra­şyp,­ tä­ze­si bi­len­ kö­ne­ dyr­nak­la­ry­ny­ go­par­ýar.­ Tä­ze­ dyr­nak­la­ry­ çy­kyp­ ug­ran­da,­ kö­ne­ ýe­lek­le­ri­ni­ ýo­lup­ baş­la­ýar.­ Şeý­le­lik­de,­ do­ly­ tä­ze­le­nin­den­ 5­ aý
ge­çen­soň,­ il­kin­ji­ uçu­şy­ny­ ama­la aşy­ryp,­ ýe­ne-de­ 30­ ýyl­ ýa­şa­ýar.


Biz­ ýa­şaý­şy­my­zy­ do­wam­ et­dirmek­ üçin­ özü­mi­zi­ öz­gert­me­li­ bolýa­rys,­ kä­wagt­ bu­ ýag­daý­ ýe­ňil düş­me­ýär.­ Şeý­le­lik­de,­ geç­mi­şiň ýa­ra­maz­ ýat­la­ma­la­ryn­dan,­ en­dikle­rin­den­ hem-de­ goý­be­ren­ ýal­ňyşlyk­la­ry­myz­dan­
sap­lan­ýa­rys.­ Di­ňe geç­mi­şiň­ gaý­gy­ly­ ýü­kün­den­ ha­las bol­mak­ bi­ze­ ýa­şa­ma­ga,­ dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni­ gör­mä­ge,­ ge­le­je­ge­ özü­mizi­
taý­ýar­la­ma­ga­ we­ ynam­ly­ ga­rama­ga­ müm­kin­çi­lik­ ber­ýär.


Hekaýalar ýygyndysy
13
63
Islam_Atayew
11.09.2024 16:54
Durmuşda öňlerine maksat goýmadyk, eli boş, işsiz, hünärsiz, başarnyksyz adamlar arhiwlere siňip galan çaň-tozanlar bilen barabardyr. Çünki olaryň aňlary,
zehinleri boş. Zehiniň iň hatarly halaty adamyň işsiz oturýan pursadydyr. Ol şol wagt
sürüjisi bolmadyk we ýokary tizlikde öňe myçyp barýan ulaga meňzeş. Onuň ikibaka
çaýkanyp, kertden agdarylmagy hem ahmal.

Durmuşda işsiz, boş oturjak wagtlaryň ýüze çyksa, onda haýsydyr bir gaýgy gamlara,
aladalara, gorkulara taýýarlan. Sebäbi bu boşluk durmuş tekjelerine siňen, geçmişiň, häziriň we geljegiň ähli zyňyndylaryny saňa tarap magnit ýaly dartyp başlar welin, sen çykgynsyz bir ýagdaýa uçrarsyň. Saňa-da, özüme-de pent bolsun, bu batyl işsizlge derek netijeli bir amala meşgullan. Dynç almaklyga magrur bolma-da, zähmete daýan. Ýeri gelende ýatlasak, işsiz, boş oturmagam özüňi diri gömmekligiň gizlin görnüşidir, kem-kemden köşeşdiriji däri-derman (kapsula) bilen öz janyňa kast etmeklige barabardyr.

Boş oturmaklyk Çyn-Maçyn türmelerinde günäkäre berilýän, “haýal jeza” diýilýän azaba meňzeş. Bu ýerdäki bendileri turbadan käwagt bir damýan damjanyň astyna baglap goýýarlar. Indiki damja çenli garaşyp-garaşyp, bendi dälilik hetdine ýetýär.
Aşa rahatlyk – gapyllykdyr. Boş wagt – kesbine ussat ugurtapyjy ogrudyr. Seniň akylyň bolsa şol gapyllykda – aň garpyşygynda elden giderlen we
parçalanan awdyr. Onda, edil şu wagt ýeriňden galk-da namazyňy bitir ýa-da kitap oka, ýa-da tesbih aýt, ýa-da tebigata göz aýla, ýa-da bir zatlar ýaz, ýa-da iş stoluňy tertibe sal, ýa-da öýüň içerisini tämizle, ýa-da kimdir birine kömekleş, özgeleriň derdine ýara
– ýöne boş oturma. Bu menden saňa pent bolsun!

Peýdaly işe güýmen we wagtyňy boş geçirmejek bol. Muňa derek dünýä
lukmanlary saňa duýdansyz gelýän bagtyň 50%-ini kepil geçýärler. Daýhanlara,
maldarlara, gurluşykçylara seret, edil bagtdan gözi ganan guşlar ýaly jürküldeşip,
ruhy rahatlygyň we bagtyýarlygyň içinde aýdyma hiňlenip ýörendirler. Sebäbi olar
elmydama bir hereketde, iş başynda, sen bolsa düşegiňde gözüň ýaşyny akdyryp,
iki ýana agdarylyp, beýle bagtdan binesip ýaly ýatyrsyň. Sebäbi sen özüňi boş
wagtyň apysyna zäherledipsiň.


Aid al - Karni

"Gamgyn bolma" kitapdan bölek.
11
48
Islam_Atayew
11.09.2024 13:49
Rowaýata dönen güjük Hatiko,
Dokuz ýyllap eýesine garaşdy.
It bolsa-da, wepa bardy ýürekde,
Sowuk, yssy, hasrat bilen göreşdi.

Wepasyna hormat edip güjügiñ,
Tokioda dikdiler ajaýyp heýkel.
Dokuz däl, iki ýyl garaşan bolsañ,
Seniñ mähriñ bilen ýylardy öýken.

Şo wepany görüp bilsedim senden,
Dikerdim diýjek däl ullakan heýkel.
Emma bagt bererdim türkmene mahsus,
Bir töri bagş edip, ullakan öýden.

Kerim Hally
10
39
Islam_Atayew
11.09.2024 13:06

Dünýäniñ adaty bolmadyk çagalary.


■ Lizzi Klark


"Dünýäniň iň bezzat çagasy" diýilip yglan edilen. Näme üçindir öýdýäñiz?! Diňläň onda:


Täzeje satyn alynan Kadillake (Cadillac) maşynyň ýüzüne "Ýuw meni" diýip ýazypdyr;


Ejesiniň sumkasyndan 500 $ alyp otlapdyr;


167-nji halkara jañyny edip (Ak öýe) Bill Klintonyň ogluny sorapdyr;


Şlangany alyp ene-atasynyň ýatylýan jaýyna suw tutupdyr;


Ejesiniň söýgüli Orhideýa atly gülüni gaza tutup otlapdyr;


Gaýçy alyp itleriniň guýrugyny kesip aýrypdyr;


Ene-atasy bilen gepleşmek üçin gelen žurnalistleriň kisesine öz oýunjaklaryny dykyp "ogurlady" diýip töhmet atypdyr.


Ene-atasy: "Çaga heniz 8 (sekiz) ýaşamansoň urup-sögüp bilemizok" diýýärler.


■Lu Hao


Dünýäniň iň semiz çagasy Hytaýda dünýä inipdir. Çaga dogulan wagty adaty çagalar ýaly (2.6kg) bolan. Birnäçe aýdan soñ ol semremäge başlaýar. 3 (üç) ýaşyna baranda 60 kg barypdyr. Ol iýer ýaly zat bermeseň gygyryp aglap başlaýar eken. Ene-atasy lukmanlara görkezselerem netije bermändir.


■Juliana Strou


Rumynýada doglan bu çaga "Dünýäniñ iñ güýçli çagasy" diýip rekord goýýar. Onuñ kakasyna "Çaga agram salýaň" diýip günäkärleýärler. Ýöne kakasynyň aýtmagyna görä ol bu zatlary öz höwesine edýär.


■Karan Singh


Bu çaga Hindistanly bolup, iki ýaşly çagalaryň arasynda boýunyň 130 sm, agramynyň 42 kg bolmagy bilen tapawutlanyar. Onuñ ejesi hem Aziýanyň iň uzyn zenany hökmünde tanalýar.


■Leyli Lingdo


Bulam Hindistanly bolup, hazir onuň ýaşy 27 (ýigrimi ýedi). Ýöne näçe ýyl geçse-de ol 2 (iki) ýaşly çagalygyndan saýlanmaýar. Agramy 11 kg, boýy 84 sm. Şol sebäpli hem "Dünýäniñ iñ garry çagasy" hökmünde tanalýar. Onuň 27 ýaşanlygynyň ýeketäk şaýady onuñ dişleri. Ol dünýädäki iñ seýrek keselleriň biri, çagany ösüşden saklaýan "pan-hypopitarism" bilen kesellän.


■Oskar Rigli


Ol 2 (iki) ýaşynda wagty "Dünýäniň iň akylly çagasy" diýilip tanalýar. Ol özüniň ilkinji statýasyny 5 (bäş) ýaşynda jazdy. Onuň IQ-i (коеффициент интеллекта) Еýnşteýniñki ýaly 160-a deň.



Taýýarlan: Erkin Çaryýarow



*Bellik: Ady agzalan çagalaryñ ýaşy 2024-nji ýyl bilen gabat gelmän biler.

31
278