Islam_Atayew
11.09.2024 16:54
Durmuşda öňlerine maksat goýmadyk, eli boş, işsiz, hünärsiz, başarnyksyz adamlar arhiwlere siňip galan çaň-tozanlar bilen barabardyr. Çünki olaryň aňlary,
zehinleri boş. Zehiniň iň hatarly halaty adamyň işsiz oturýan pursadydyr. Ol şol wagt
sürüjisi bolmadyk we ýokary tizlikde öňe myçyp barýan ulaga meňzeş. Onuň ikibaka
çaýkanyp, kertden agdarylmagy hem ahmal.

Durmuşda işsiz, boş oturjak wagtlaryň ýüze çyksa, onda haýsydyr bir gaýgy gamlara,
aladalara, gorkulara taýýarlan. Sebäbi bu boşluk durmuş tekjelerine siňen, geçmişiň, häziriň we geljegiň ähli zyňyndylaryny saňa tarap magnit ýaly dartyp başlar welin, sen çykgynsyz bir ýagdaýa uçrarsyň. Saňa-da, özüme-de pent bolsun, bu batyl işsizlge derek netijeli bir amala meşgullan. Dynç almaklyga magrur bolma-da, zähmete daýan. Ýeri gelende ýatlasak, işsiz, boş oturmagam özüňi diri gömmekligiň gizlin görnüşidir, kem-kemden köşeşdiriji däri-derman (kapsula) bilen öz janyňa kast etmeklige barabardyr.

Boş oturmaklyk Çyn-Maçyn türmelerinde günäkäre berilýän, “haýal jeza” diýilýän azaba meňzeş. Bu ýerdäki bendileri turbadan käwagt bir damýan damjanyň astyna baglap goýýarlar. Indiki damja çenli garaşyp-garaşyp, bendi dälilik hetdine ýetýär.
Aşa rahatlyk – gapyllykdyr. Boş wagt – kesbine ussat ugurtapyjy ogrudyr. Seniň akylyň bolsa şol gapyllykda – aň garpyşygynda elden giderlen we
parçalanan awdyr. Onda, edil şu wagt ýeriňden galk-da namazyňy bitir ýa-da kitap oka, ýa-da tesbih aýt, ýa-da tebigata göz aýla, ýa-da bir zatlar ýaz, ýa-da iş stoluňy tertibe sal, ýa-da öýüň içerisini tämizle, ýa-da kimdir birine kömekleş, özgeleriň derdine ýara
– ýöne boş oturma. Bu menden saňa pent bolsun!

Peýdaly işe güýmen we wagtyňy boş geçirmejek bol. Muňa derek dünýä
lukmanlary saňa duýdansyz gelýän bagtyň 50%-ini kepil geçýärler. Daýhanlara,
maldarlara, gurluşykçylara seret, edil bagtdan gözi ganan guşlar ýaly jürküldeşip,
ruhy rahatlygyň we bagtyýarlygyň içinde aýdyma hiňlenip ýörendirler. Sebäbi olar
elmydama bir hereketde, iş başynda, sen bolsa düşegiňde gözüň ýaşyny akdyryp,
iki ýana agdarylyp, beýle bagtdan binesip ýaly ýatyrsyň. Sebäbi sen özüňi boş
wagtyň apysyna zäherledipsiň.


Aid al - Karni

"Gamgyn bolma" kitapdan bölek.
11
48
gula
11 Sentýabr 2024
Dogry.
ayymsha
11 Sentýabr 2024
Gaty gowy like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.