Islam_Atayew
11.09.2024 13:06

Dünýäniñ adaty bolmadyk çagalary.


■ Lizzi Klark


"Dünýäniň iň bezzat çagasy" diýilip yglan edilen. Näme üçindir öýdýäñiz?! Diňläň onda:


Täzeje satyn alynan Kadillake (Cadillac) maşynyň ýüzüne "Ýuw meni" diýip ýazypdyr;


Ejesiniň sumkasyndan 500 $ alyp otlapdyr;


167-nji halkara jañyny edip (Ak öýe) Bill Klintonyň ogluny sorapdyr;


Şlangany alyp ene-atasynyň ýatylýan jaýyna suw tutupdyr;


Ejesiniň söýgüli Orhideýa atly gülüni gaza tutup otlapdyr;


Gaýçy alyp itleriniň guýrugyny kesip aýrypdyr;


Ene-atasy bilen gepleşmek üçin gelen žurnalistleriň kisesine öz oýunjaklaryny dykyp "ogurlady" diýip töhmet atypdyr.


Ene-atasy: "Çaga heniz 8 (sekiz) ýaşamansoň urup-sögüp bilemizok" diýýärler.


■Lu Hao


Dünýäniň iň semiz çagasy Hytaýda dünýä inipdir. Çaga dogulan wagty adaty çagalar ýaly (2.6kg) bolan. Birnäçe aýdan soñ ol semremäge başlaýar. 3 (üç) ýaşyna baranda 60 kg barypdyr. Ol iýer ýaly zat bermeseň gygyryp aglap başlaýar eken. Ene-atasy lukmanlara görkezselerem netije bermändir.


■Juliana Strou


Rumynýada doglan bu çaga "Dünýäniñ iñ güýçli çagasy" diýip rekord goýýar. Onuñ kakasyna "Çaga agram salýaň" diýip günäkärleýärler. Ýöne kakasynyň aýtmagyna görä ol bu zatlary öz höwesine edýär.


■Karan Singh


Bu çaga Hindistanly bolup, iki ýaşly çagalaryň arasynda boýunyň 130 sm, agramynyň 42 kg bolmagy bilen tapawutlanyar. Onuñ ejesi hem Aziýanyň iň uzyn zenany hökmünde tanalýar.


■Leyli Lingdo


Bulam Hindistanly bolup, hazir onuň ýaşy 27 (ýigrimi ýedi). Ýöne näçe ýyl geçse-de ol 2 (iki) ýaşly çagalygyndan saýlanmaýar. Agramy 11 kg, boýy 84 sm. Şol sebäpli hem "Dünýäniñ iñ garry çagasy" hökmünde tanalýar. Onuň 27 ýaşanlygynyň ýeketäk şaýady onuñ dişleri. Ol dünýädäki iñ seýrek keselleriň biri, çagany ösüşden saklaýan "pan-hypopitarism" bilen kesellän.


■Oskar Rigli


Ol 2 (iki) ýaşynda wagty "Dünýäniň iň akylly çagasy" diýilip tanalýar. Ol özüniň ilkinji statýasyny 5 (bäş) ýaşynda jazdy. Onuň IQ-i (коеффициент интеллекта) Еýnşteýniñki ýaly 160-a deň.



Taýýarlan: Erkin Çaryýarow



*Bellik: Ady agzalan çagalaryñ ýaşy 2024-nji ýyl bilen gabat gelmän biler.

31
278
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
@Karaleva_, balgyza meňzemänem duraňak, ýa-da süýjim-pampasam dip suwjaryşmaýyn diýýändä😂
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Salam, balgyz. Meň şiwämde "tüşünön"
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
Tüşünön wolsom kel woloýyn🤦
1089
12 Sentýabr 2024
👍
ideallider
11 Sentýabr 2024
@geldiyevna, ýogsada Venom, erbet adamlaryň kellesini iýmegi halaýar😁
ideallider
11 Sentýabr 2024
@geldiyevna, ýokla. Aý bir fantastiki kino. Şondaky personažy halaýan. Personažyň ady "Venom" a "Karnaž" bolsa Venomyň duşmany. Umuman bu fäntastika.
geldiyevna
11 Sentýabr 2024
@ideallider, "Karnaž" kimdi-kä? Ýa-da bir ors kino bardy bezzat çaga hakynda, çaga ogrylarnyň başyna ala ýabylynyň gününi salan, şo-ha däldir-dä
ideallider
11 Sentýabr 2024
Lizzi Klark "Karnažy" ýada saldy👍
teacher
11 Sentýabr 2024
Ady agzalan cagalaryñ suratlary bilen goylan bolsa has-da gowy bolardy
ayymsha
11 Sentýabr 2024
Bellik 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.