Bürgüt 70 ýyl ýaşaýar, ýöne ol bu ýaşa ýetmek üçin 40 ýaşa baranda çynlakaý,
agyr synagy başdan geçirmeli bolýar. Şol ýaşda onuň dyrnaklary bürşüp ýumşaýar, asmanda öz awuny alyp bilmeýär. Onuň uzyndan ýiti çüňkleri sypjyrylyp, burlup ugraýar. Onuň ganatlary tozýar, perlerinde toplanan ýag sebäpli agramy artýar. Ganat kakmagy kynlaşyp ugraýar. Bürgüdiň öňünde iki ýol galýar: ölmeli ýa-da 150 güne çekýän agyra döz gelmeli. Eger-de bürgüt durmuşy saýlap alsa, onda dagyň belentligine göterilip,
uçut gaýadaky höwürtgede uzak wagtlap galmaly bolýar. Bürgüt şol ýerde çüňküni tä döwlüp gaçýança gaýa urýar.Onsoň ol bürgüt
täze çüňk çykýança garaşyp, täzesi bilen köne dyrnaklaryny goparýar. Täze dyrnaklary çykyp ugranda, köne ýeleklerini ýolup başlaýar. Şeýlelikde, doly täzeleninden 5 aý
geçensoň, ilkinji uçuşyny amala aşyryp, ýene-de 30 ýyl ýaşaýar.
Biz ýaşaýşymyzy dowam etdirmek üçin özümizi özgertmeli bolýarys, käwagt bu ýagdaý ýeňil düşmeýär. Şeýlelikde, geçmişiň ýaramaz ýatlamalaryndan, endiklerinden hem-de goýberen ýalňyşlyklarymyzdan
saplanýarys. Diňe geçmişiň gaýgyly ýükünden halas bolmak bize ýaşamaga, durmuşyň hözirini görmäge, gelejege özümizi
taýýarlamaga we ynamly garamaga mümkinçilik berýär.
Hekaýalar ýygyndysy