Islam_Atayew
07.05.2024 23:27
Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan
şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

***

Solan güle gonan bilbile garga-da ses goşar eken.

***

Yzçyny aldandyryn öýden tillki, awçynyň
üstünden bardy.

***

Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.

***

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň
guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.

***

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.

***

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

***

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.

***

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.

***

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman edibem ýetişmedi.

***

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin
atylandyr öýtdi.

***

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjany sygyra
döküp, eşege ýandak atýas.

***

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.

***

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha
berersiň?!


© Çary KULYÝEW,
34
73
Islam_Atayew
07.05.2024 00:56
Gijäñiz rahat bolsun hormatly agzalar (uýalar, doganlar, agalar we doslar).
36
299
Islam_Atayew
06.05.2024 23:02
Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.

***

Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.

***

- Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
«Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.

***

Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy.

***

Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.

***

Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok.

***

Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi, aýakgap remonty ussahanasyna göçme gyzyl Baýdak getirdi.

***

Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.

***

Onuň goýundan tapawudy possunynyň tüýli
tarapynyň içinneligindedi.

***

Olar diş-dyrnak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).

***

Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.

***

Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.

***

«Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?!

***

«Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär.

***

«Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany.

***

Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.

***

Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy.

***

- Maşynyň gaz alşy neneň?
- Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.

***

Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.

***

Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diñe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.

***

Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.

***

Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňñirdisi, gijesine-de horruldysy.

***

- Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
- Sen razymyň?
- Wah, hawa-la, menem arza berdim.
Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsañyz ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.

***

- Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
- Geplemän oňup bolmaz ahyry.

***

Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.

***

"Kalbymyň mawy ekranynda diňe sen görünýäň» (Diktoryň söýgülisine ýazan hatyndan).

***

- «Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?» diýşip, maña töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyň üçegindäki gary goňşularymyň howlusyna tarap süpürýän-ä.

***

Garrylygy boýun alýarmyň?
- Ýok, özi boýnuma münýär.



Toplan: Gurbangylyç HYDYROW.
29
272
Islam_Atayew
06.05.2024 01:33
Adamlaryň seni iň gowy görýản wagty,
sen olaryň işlerine ýaran wagtyňdyr.

Bukowski
24
71
Islam_Atayew
05.05.2024 23:58
"Coffin dance" wideolardaky tansçy topar, bir kinodan ýa-da klipden alynan däldir.
Afrika ýurtlarynda esasanam Ganada köneden gelýän "Tabytly tans etmek" däbi, 7 adamdan ybarat topar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu adamlara, aýdym-sazly tabydy göterip tans etmesi üçin hak berilýär. Maksady bolsa öleni şatlyk bilen ugratmak
we ýas tutýanlaryň göwnüni götermekdir. (1-nji surat).

***

Kibrisde (Kipr) terk edilen "Toyota" kompaniýasynyñ binasy. (2-nji surat).

***

Mikroskop arkaly has ýakynlaşdyrylanda
arynyñ hakyky ýüzi. (3-nji surat).

***

Pula diňe bir el degirmek fiziki we ruhy
agyryny azaltýandygy subut edilendir.

***

Gatnaşyklaryň (jübütleriñ aýrylyşmaklary) köpisi ýazda gutarýar diýip Facebook tassyklady.

***

Eliňizi 1 minut peje goýuň, 1 sagat bolan
ýaly bolar. Owadan bir zenan bilen 1 sagat wagt geçiriň, 1 minut bolan ýaly bolar. Ine bu otnasitellikdir.

***

Hytaýda 6 milliard kamera gözegçiligi gurnalan. Bu bütin dünyädäki kameralaryň
ýarsydyr.

***

Adamlaryň, 80%-i oýanandan soňra ýene-de
10 minut ýatmak isleýär.

***

Adamlar söýülmek üçin ýaradyldylar. Zatlar bolsa ulanmak üçin. Dünýädäki bulam-bujarlyklaryň sebäbi, zatlaryň söýülmesi, adamlaryň bolsa ulanylmasydyr.

***

Psihologiýanyň bellemegine görä süýjülige bolan aşa isleg, söýgi ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýar.

***

Sussuñyz pes wagty ýalandan hem bolsa
ýüziñizde ýylgyryş peýda bolsa (aýnanyñ öñinde) bu ýylgyryş özüñizi gowy duýmaga kömek eder.

***

Çempionlar ligasyndaky gollaryň 1.5 %- i C.Ronaldonyň aýagyndan girendir.

***

Biri siziň erbet gaharyňyzy getiren wagty, onuň edýän adaty zatlary hem sizi gaharlandyrar.

***

Dünýäde üýrmeýän ýeke-täk, "Basenji" it tohumydyr.

***

Hytaýda "Lehe Ledu Wildlife Zoo" atly bir haýwanat bagy bar. Bu ýeriniñ aýratynlygy: Adamlar kapasada ( awtoulagda ýerleşdirlen) haýwanlar bolsa öz erkine.

***

Dünýäniň iň güýçli koffe-sy hökmünde
bilinýän "Death Wish Coffee" adaty bir çaşka koffe bilen deñeşdireniñde düzüminde 200% den gowrak kofein saklanyp, muny içen adam 2 gün
uklap bilmez.

***

Her bir adamyň özboluşly aýratyn ysy
bardyr, diňe ekizleriň birmeňzeş ysy
bolup bilýär.


Täsin_dünýäm. Täsinlikler älemi.
23
141
Islam_Atayew
05.05.2024 12:33
Bu 5 günlik dünýä geldik sanap gör
Bolmaýyn ker hem, bolmaýyn kör.
Bolmaýyn binamys, bolmaýyn jahyl
Diýsinler imanly gitdi Oraz pahyr.

Kimi gözleýä ýaşy, kimi gözleýä bagty
Sen bolmaýyn däde, ýatan ýeriñ ýagty
Bolmaýyn ulumsy, bolmaýyn görip
Jübimi barlaýyn, hemişe garyby görip.

Bolmaýyn gaharjañ, bolmaýyn däli
Bolmaýyn açgöz, açlykdan çykan ýaly
Bolmaýyn edepsiz. Meñ arkama bak,
Gara dagdan beýik Ata-babalam.

Bolmaýyn ýalançy, bolmaýyn kezzap
Galmaýyn azyndan, has köpi isläp
Bolmaýyn garañky, hakykatymy gizläp
Bolmaýyn düýnki at, bolmaýyn ýat...


Syke däli    (Oldschool)
25
37
Islam_Atayew
04.05.2024 16:40
Işe gelenimde eýýäm sagat 08:39-dy. Sebäbi gijräk turdum. Onuňam sebäbi öňkülerden giç ýatdym. Oňa-da Çingiz Aýtmatow sebäp boldy. «Kassandranyň tagmasyny» okamagym onuň hem asyl sebäbi, gije 2-ä çenli eseriň deň ýaryna golaýyny okadym. Soñam oýanyp, uklap, mazaly ýatyp bilmedim. Her hili düýşler... Dünýäniň dürli künjegi... Eserler, kitaplar.
Gije 5-iň ýarynda daşary çykdym. Krowatyň üstünde oturyp, ýokaryňa seretseň, bag, onuňam aňyrsynda tok wyşkasy, onuň depesinde-de Aý görünýä. Ýyldyzlaram bar, elbetde. Ýörite yzyma girip, telefonymy alyp
çykdym-da, bu görnüşi surata düşürdim.
Täsin surat boldy. Gyş ukusyna giden
şahalar... Gyş diýip, şol pursad-a gyşam
däldi. Ýa dolan Aý ýylydýarmyka dünýäni?
Ýa meni ýatyrmadyk düýp sebäp dolan
Aýmyka?! Ýöne kitabam gowy eken. Dowamynyň nähili okaljagyny-ha bilemok. Düýn-ã okap oturan birnäçe kitabymyň ählisini bir gyra süýşürtdi. Kitap görnüşini tapyp, eliňe alyp okaýsaň ony. Häzir telefonymda okaýan. Bu gün maý bolsa, çynym bilen okasam, ony soňlaryn. Emma gyzykly kitap okaýarkaň onuň tiz soňlanaryny hem isläp baraňok. Dowam edip gidip otursa-da... Aý ýöne islendik zadyňam ahyry bar-da. Kitabyňam. Gijäniňem. Aýam ony gündizlige öwräýjek boldy öýdýän öten gije-hä.
...Gargalaryňam köpüsi daga gidip, yzyna
köwlenmedi öýdýän. Selçeňräk görünýärler şu günler-ä. Ýa hut uçup geçýän uçardan ýadyrgaýýarlarmyka?! Oňküler ýaly köpem-å uçanok olar. Düşürdim diýýän suratymda gury şahada bir garga-da oturan bolsa, gowy surat bolardy. Öňler ol gijelerine şol bagyň üstünde oturýardy. Soň-soňlar şol ýalñyz garga gürüm jürüm boldy. Ol barada öň ýazypdym. 200 ýaşasañam, ahyry bir gün «gürüm-jürüm» bolmaly-da. Baky gelen ýaly. gomalyp ýöreniňden peýda ýok. Bakydyryn öýdýänleriň hem aglabasy, megerem, ene garnyna düşeninden Kassandranyň tagmasy bolup duýlanlardyr. Soň olar dünýä özleriniňkidir öýdüp başlaýarlar. Baky gelendiklerine-de güp ynanýarlar.
Özleriniň ýalanlaryna imrinýärler. Soňam
bir gün şol garga ýaly, ýitirim bolýarlar.
Ýazan-döreden zatlary hem yzlary bilen
gaýyp bolýar. Ýazjagam bolsaň, hiç
bolmanda, bir adamy ukyny gyra süýşürip,
okamaga mejbur edip biljek, oýlandyrjak
zat ýazmaga çytraşmaly. Çyrşamalara
aldanmaly däl. Ýöne meniň özüm üçin edil şunuň ýaly çyrşamalar welin gerek. Bu meniň ertirki (irdenki) ruhy maşkym! Bu günki maşkyma dahylly bolanlygy üçin Kassandra tagmaly garga-da menden öýke etmez-dä hernä..


© Orazmyrat MYRADOW
34
105
Islam_Atayew
04.05.2024 00:39
Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin
derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse
adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.

***


Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen
dişini bejerdişinde many köp.


***


Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň
agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini
unutdy.


***


Ner ýüküniň üstüne öz gaňñasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä,
maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran
bolupdyr.


***



Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.


***


Gül gurandan soň onuň baldagyndaky
tikenleri has berdaşly görünýär.


***


Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.


***


Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň
nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi
barmyka?!


* * *


Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy
bolmaga çemeli.


***


Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy
durmuşyň iň gowy fîlosofiýasyny özünde
jemleýär.


***


Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.


***


Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş
daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup
otyr.


***

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli,
garaljak bolup garalybam bilmändirdä»
diýip wyzzyldapdyr.


***


Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.


***


Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.

***


Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

***


Gaty peslän bürgüde garga-da haýbat atar
eken.


***


Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.


Çary Kulyýew.
22
57
Islam_Atayew
03.05.2024 15:35
Hatiko (Ýaponça Hachiko "Sekizlik" san belgini añladýar). Ýagny eýesiniñ sekizinji iti bolup durýar.

1-njy surat kinodaky görnişi. 2-nji surat hakyky durmuşdan.

Gysgaça:

Hatiko her gün eýesi (professor, mugallym) bilen  stansiýa gelip, ony işe ugradýar. 1926-njy ýylda professor  ýürek keseli bilen aradan çykýar we gaýdyp gelmeýär. Muña garamazdan wepaly Hatiko 1926-njy ýyldan 1935-nji ýyla çenli, ýagny ölýänçä 9 ýyllap eýesine stansiýada garaşýar. 2009-njy ýylda onuñ hormatyna kinofilim düşirilýär.

Ol ömri boýunça garaşdy, biz bolsa kä
wagtlar bir gün ýada biraz minutlar üçin biri-birimize igenýäs.
28
85
Islam_Atayew
03.05.2024 00:04
Dünýä belli boksýor Myke Taýsonyň
boýnunuň arkasy 52 santimetirdir (1-nji surat).

***


1913-nji ýylda aradan çykan meşhur fizik,
alym Thomas Edisonyň iň soňky demi
Amerikanyň detroit şäherindäki Henry Ford
muzeýinde kiçijek çüýşejigiň içinde saklanýar (2-nji surat).


***


1770-nji ýylda Britan parlamenti pomadanyň formasy boýunça kanun kabul etdi. "Kosmetiki enjamlar bilen erkekleri azdyryp nika girişmek boýunça günäkär
hasaplanýan zenan jadygöýlik esasynda
kazyýete çekilip bilner"


***

Külbike barmagyñyz bolmasa siz eliňiziň 50% güýjini ýitirýärsiñiz.


***

100 gram arak 100000 sany beýni öýjüklerini öldürýär.


***


Awstraliýada 10685 sany kenar ýaka dynç alyş zolaklary bolup, siz olaryň hersine bir gün barmakçy bolsaňyz 29 ýyl sarp etmeli bolarsyňyz.


***


Çaganyň üstüne gygyrýan wagtyňyz çala ursaňyz aglar. Şol bir çaga bilen degip gülişýän wagtyñyz has gaty ursaňyz hem ýylgyrar. Unutmaň! Ruhy şikes, fiziki şikesden has agyrdyr.


***


2020-nji ýylda bir ýarym milliard örtük okeana düşdi, olaryň dargamagy üçin 45O ýyl gerek bolar.


***

Erkek maýmynlaram hem, edil erkek adamlar ýaly stres gaýgy ýaly meselelerden ýaňa saçlary dökülip kel bolup bilýärler.


***


Refleksiomaniýa - Aýna ýygy-ýygydan seredip durmasa özüniň barlygyndan şübhe edýän adamlarda bolýan kesel.


***


Sport zalyna barýanlaryň 3-den 1-i diňe
surata düşmek üçin barýarlar.



Täsin_dünýäm
37
154